| |

Selaheddin Eýýuby we döwlet: Fransiýanyň we Angliýanyň korollarynyň gelmegi we Akkanyň elden giderilmegi

Selaheddin Eýýuby we döwlet: Fransiýanyň we Angliýanyň korollarynyň gelmegi we Akkanyň elden giderilmegi FRANSIÝANYŇ WE ANGLIÝANYŇ KOROLLARYNYŇ GELMEGI we AKKANYŇ ELDEN GIDERILMEGI

Selaheddin Eýýuby we döwlet: Fransiýanyň we Angliýanyň korollarynyň gelmegi we Akkanyň elden giderilmegi

Kudus haçly korollygynyň esasy mirasdüşeri bolan şazada zenan Sibillanyň wepatyndan soňra, ondan soňky ikinji mirasdüşer, onuň gyz dogany Izabella haçly ýolbaşçylarynyň gysyş görkezmegi bilen Onfroi de Toron IV bilen aýrylyşyp, Konrada durmuşa çykdy. Şeýdip, haçlylaryň koroly Gui üçin bäsdeş korol ýüze çykdy. Konrad Sur şäheriniň hökümdary bolandygy üçin onuň abraýy Guiniňkiden has ulydy.
Ikinji tarapdan bolsa, Akkada hem-de haçlylaryň karargähinde ýagdaý örän erbetdi. Iki tarapa-da gyşy geçirer ýaly ýeterlik möçberde kömek gelmändi. Haçly karargähindäki ýagdaýyň gözgynydygyny eşiden ýewropalylar, bu ýyl olara kömek etmäge howlukdylar. Mart aýynyň başynda haçly floty gelip, Akkanyň daşary bilen baglanyşygyny kesdi, haçlylara Ýewropadan hem-de Surdan kömekler gelýärdi. Haçlylaryň ýagdaýlary düzelensoň, ýene-de Akkany gysyp başladylar.
Şol wagt Fransiýa bilen Angliýanyň korollarynyň gelýändigini eşiden haçlylaryň ruhubelentligi has-da artdy. Ýokarda Fransiýanyň koroly Filipp Awgust bilen Angliýanyň koroly Riçard Sour de Lionyň (şir ýürekli Riçard) haçly ýörişlerine goşulmak üçin aralaryndaky söweşi ýatyrandyklaryny aýdypdyk. Korollaryň ikisi hem taýýarlyklaryny tamamlap, 1190-njy ýylyň 4-nji iýulynda flotlary bilen çykdylar. Gyşy Messinada geçirensoň, Fransiýanyň koroly 1191-nji ýylyň 30-njy martyndan öň Gündogara tarap hereket etdi. Fransiýanyň koroly ýolda hiç bir ýerde durman, 1191-nji ýylyň 20-nji aprelinde şenbe güni Burguniýa şäheriniň gersogy Hugo III we Flandra şäheriniň grafy Filipp d’Alsak dagy birnäçe gämi bilen Akkanyň etegine geldi. Ol öz ýany bilen köp möçberde azyk, gabaw gurallary we rysar getiripdi. Netijede haçlylaryň ruhubelentligi has-da artdy we haçly goşunyň serkerdeligi onuň eline geçdi.
Angliýanyň koroly Riçardyň sapary bolsa şowsuz boldy. Ol ýolda gelýärkä gaý turup, gämileri ilki Gireý, soňra-da Rodos adalaryna sowulmaga mejbur boldy. Aýal dogany Žanna bilen aýaly Benergeriananyň münüp gelýän gämisi Kipr adalaryna gitdi we Limasola gelip, labyriny taşlady. Bu adanyň hökümdary Isaakios Dukas Komnenosuň haçlylara hoşniýetsizligi üçin gazapla-nan we bu ýeri haçlylara amatly ýer hasaplan Riçard, ada hüjüm etdi. Ol 1191-nji ýylyň 21-nji maýynda Isaakosy ýeňip, adany eýeledi. Ol 5-nji iýuna çenli Kiprde bolup, soňra Limasoldan hereket edip, 8-nji iýunda Akkadaky haçly karargähe geldi. Onuň getirýän gämilerinden alty sany azyk hem we ýükli gämi Beýrutdaky musulman gämileri tarapyndan ele salyndy. Riçardyň gelmegi bilen haçlylaryň maddy we ruhy güýji gowy artdy.
1191-nji ýylyň 29-njy martyndan başlap, ülkelerine giden musulman esger-leri hem gelmäge başladylar. 27-nji iýunda Hurrem şanyň serkerdeligindäki Mosul esgerleriniň gelmegi bilen musulmanlaryň taýýarlygy tamamlandy. Diňe, ýokarda hem aýdylşymyz ýaly, Takyýeddin bilen Gökböri ýokdy. Öýlerine giden musulman esgerler baran ýerlerinde mülklerini giňeldip, içerki işleriniň düzgün-tertibi bilen gümra bolupdylar. Olaryň mülkleri giňelse-de, käbir şäherleriň esgerleri, mysal üçin Erbiliň gündogaryndaky ýerleriň, Jizre, Diýarbekr we bu ýerlerdäki Artykly beglikleriniň esgerleri gelmändiler. Soltanyň goşuny öňki güýjüniň ep-esli bölegini ýitiripdi. Iň erbet ýeri bolsa, Akkadaky goragçylar bilen gatnaşygyň arasy kesilipdi we şähere kömek edip bolmaýardy. Akkadaky esgerler uzaga çeken gabawdan ýaňa gaty ýadapdylar. Täze gelen haçly güýçleri bolsa öňküsinden kän esse güýçlüdi.
Fransiýanyň koroly Filipp Awgust öz ýany bilen birnäçe gabaw esbaplaryny hem getiripdi. Haçlylar bu esbaplardan ýedi sany uly manjanyk ýasap, 1191-nji ýylyň 30-njy maýyndan, olardan başga-da birnäçe gabaw gurallarynyň kömegi bilen Akka galasyna hüjüme başladylar. Şeýle hem pizalylar tigirli, ýöreýän dört gatly hüjüm başnýasyny gurupdylar. Bu minaranyň birinji gaty agaç, ikinji gaty gurşun, üçünji gaty demir, dördünji gaty bolsa mis bilen gaplanandy. Duşman bu täze ýasalan ýedi sany manjynykdan we bu minaradan atylýan äpet daşlar bilen şäheriň galasyna güýçli hüjüm edýärdi. Kyn ýagdaýa düşen goragçylar Soltandan haçlylaryň üstüne çozup, duşma-nyň gysyşynyň gowşadylmagyny soradylar. Soltan derrew goşuny söweş nyzamyna salyp, duşmanyň üstüne süründi. Netijede, duşmanyň Akka gysyşy gowşady.
Musulmanlar bu söweşde garakçylary hem ulandylar. Olar duşmanyň karagähine gijelerine çozuş geçirýärdiler, ynsanlara, mallara we goş-golamlaryna uly zyýan ýetirýärdiler ýa-da ogurlap gaçýardylar. Bu ogurlananlaryň arasynda süýt emip ýören bir çaga-da bar eken. Çaganyň enesi yslam karargähine gelip, çaganyň tapylyp özüne berilmegini talap etdi. Soltan hem çagany gözläp tapyp, enesine berdi. 4-nji iýunda duşman şähere hüjümini artdyrdy. Soňraky günlerde duşman şähere gysyşyny artdyransoň, musulmanlar hem haçly karargähine hüjüm edip, olaryň şäheri gysyşyny gowşatmak isleýärdiler. Haçlylar ölülerini we ýaşaýşyndan umytlary bolmadyk, ölüm ýagdaýynda ýatan ýaralylary, şäheriň daşyndaky garymyň içine atýardylar we garymlary gömmäge synanyşýardylar. Musulman goragçylaryň bir bölegi duşman bilen söweşýärdi, bir bölegi bolsa duşmanyň garymlara zyňanlaryny daşyna çykaryp, garymlary arassalaýardylar.
Bu görnüşde iki tarapyň arasynda aýylganç çaknyşmalar bolup geçýän wagtynda, ýewropalylar 7-nji iýunda ýaraşyk ylalaşygyny gazanmak üçin gepleşikler geçirmäge ilkinji ädimi atdylar. 8-nji iýunda bolsa Angliýanyň koroly Riçard 25 sany uly söweş gämisi, köp möçberde azyk, söweşijiler we at getirýän gämileri bilen karargähe geldi. Ýewropalylar ony uly dabara bilen garşy aldylar. Riçard heniz ýaş, gujurly we gaýduwsyz kişidi. Ibn Esir ol barada şeýle diýýär: «Edermenlilik, söweş hilesi, gaýduwsyzlyk taýdan oňa öz döwründe taý gelip biljek ýokdy. Onuň gelmegi bilen musulmanlar uly bela bilen duş geldiler». Ýöne Riçard o diýen syýasatçy däldi. Seresapsyz, ulumsy, özdiýenlidi. Bu aýdanlarymyzy soň onuň başyna gelen wakalar tassyklar. Filipp Awgust oňa görä ökde dolandyryjydy. Salahaddine bolsa, ýaşynyň ululygyna, syrkawdygyna, öňki güýç-gaýratlarynyň ýoklugyna garamazdan, köp tejribeli, belent ahlak sypatlaryna eýe, jomart we ugurtapyjy kişidi. Ol hiç haçan özüne bolan ynamy ýitirip biljek hereket etmändi, soň hem etmedi.
Şol mahallar Akkada azyk azalypdy. Soltan Beýrutdan uly gämini dolduryp, azyk ýükläp we tejribeli deňizçiler bilen üpjün edip Akka iberdi. Bu gämi 10-njy iýunda Akka ýakynlaşan mahaly, Riçardyň serkerdeligindäki haçly floty tarapyndan daşy gurşaldy. Gämidäki deňizçiler ähli güýç-gaýratlaryny duşmanyň gabawyndan çykyp, porta girmäge sarp etdiler. Ahyrsoňy hiç hili halas bolmak umydynyň ýokdugyna gözleri ýetensoň, boýun egmezlik üçin gämini suwa gark etdiler. Şäher ýene-de uly kömekden mahrum boldy. Ýöne Akkadaky goragçylar munuň aryny pizalylaryň guran minarasyny nebit bilen ýerine saldylar.
Şeýle hem Akkadaky goragçylar bilen musulman goşunynyň arasyndaky habarlaşma ýüzüjiler we surnaý çalmak arkaly ýerine ýetirilýärdi. 14-nji iýunda, irden şäherden surnaý sesi gelip başlady. Duşman şähere garşy aýgytlaýjy hüjüme geçipdi. Soltan hem surnaý bilen jogap berip, goşuny bilen duşmanyň üstüne hüjüm etdi. Esgerler garymlardan geçip, duşmanyň aşhanalaryna çenli bardylar. Duşman hem gabawy taşlap, yza goşunyň üstüne gaýtdy. Iki tarapyň arasynda aýylganç çaknyşyklar boldy. Duşman özüniň daşyna naýzaly we galkanly pyýadalardan diwar aýlady. Soňra bolsa atlylary we pyýadalary bilen garymlaryň daşyna çykyp, musulmanlaryň üstüne hüjüme geçdiler. Iki tarapyň arasynda aýylganç söweş başlady.
Söweş mahaly Mälik Adylyň ýanyna bir haçly ilçisi gelip Riçardyň Salahaddin bilen gürleşmek isleýändigini aýtdy. Soltan hem ilçini diňländen soňra: «Hökümdarlar iki tarapyň wekilleri gepleşik geçirip, belli bir netijä gelensoňlar duşuşýar. Eger korol nämedir bir zat isleýän bolsa, iki tarapyň wekilleri bir netijä gelsinler, soňra bolsa terjimeçi arkaly gürleşip bileris» diýdi . Şol gün akkaly goragçylar duşmanyň gabaw gurallarynyň birnäçesini ýakdylar. Fransiýanyň koroly bu habara gynanjyndan ýaňa syrkawlady.
23-nji iýunda iki tarapyň arasynda Akkanyň demirgazygynda ýene-de çaknyşyk ýüze çykdy. Duşmanyň karagähinden iki sany ýaş ýigit gelip, özleriniň Riçardyň gyz dogany Žannanyň hyzmatkäridiklerini aýtdylar. Netije-de, Riçardyň korol Guini, Fransiýanyň korolynyň bolsa Konrady goldaýandyklary we ýewropalylaryň aralarynda düşünişmesizlikleriň bardygy äşgär boldy.
Soltan tarapyndan şol wagtlar halypa iberilen bir hatda ýagdaý şeýle düşündirilýärdi we halypadan gyssagly kömek soral-ýardy:
«Siziň hyzmatkäriňiz örän uly we şeri köp bu duşman hakyndaky habarlary size ýetirmek üçin wagt tapdy. Ynsanlar şu wagta şeýle hiç gaban hem-de gabaw eden duşmany görmändiler. Duşman garymlarynda bukulyp, şähere kömek ibermäge böwet bolýar. Garymlaryň içinde gabalan duşmanyň sany 5000 rysardan, 100 000 pyýadadan az däl. Ölüm, söweş we ýesirlik zerarly sanlary azalsa-da, deňizden täze goşmaça güýçler gelýär. Karargählerinde san ýetmejek gün-batar goşunlary, keseki dillerde gürleýjiler köpeldi. Eger bir esger ýesir alynsa ýa-da kimdir biri bize gaçyp gelse, onuň diline düşünmek üçin birnäçe terjimeçi gerek bolýar. Biri onuň diýýänlerini ikinjä terjime edýär, ikinji üçünjä terjime edýär. Ol hem onuň aýdanlaryny bize düşündirýär. Esgerlerimiz gaty ýada-dylar we bizar boldular, tä sabyrlary gutarýança berk durdular. Daş ýerlerden gelýän esgerler gelýänçä, ulaglary tapdan düşýär, täsirleri azalýar. Esgerler gelensoň hem olaryň ilkinji sözleri rugsat soramak bolar. Olaryň ýadandygyny eşiden duşma-nyň ruhy beýgelýär.
Duşmanyň hileleri gaty köp. Käwagt minaralar bilen, käwagt manjanyklar bilen, käwagt bolsa debbabalar bilen hüjüm edýär. Käwagt galanyň düýbüni gazmak, garymlary doldurmak, merdiwanlar söemek ýaly işleri amala aşyrýarlar. Käwagt gije-gündiz dynman söweşýärdiler. Käwagt bolsa deňizden gämiler bilen söweşýär. Hatda bir gezek ýewropalylar karargähiniň ortasynda dörtburç görnüşde we togalak toprakdan bir depe gurdular. Bularyň üstünde gözenek gurdular. Toprakdan ýasalan depeleri gala tarap ýakynlaşdyryp gözenekleri bularyň üstüne sürdüler. Ýarym ok atym mukdarda gala ýakynlaşdylar. Atylan ot agaç galalara zeper ýetirýärdi. Olar bolsa, demirden minaralar, äpet manjanyklar gurýardylar. Biziň atan güllelerimiz we otly daşlarymyz olara kän bir täsir etmeýär».
«Duşman şäheriň gabawynda kejirlik görkezýär. Galanyň käbir ýerlerinde hem gädik açyp başladylar. Şäher uly howpuň öňünde dur. Kömekçi esgerler şu wagt gelmese haçan geler?! Gerek wagty gelmese, soň hem hiç haçan gelmesin. Şu wagt musulmanlar gowşaklygyny taşlap, uzakdan-ýakyndan hemmeler ýörişe geçmelidir, ähli esgerleri bilen kömege gelmekleri zerur. Ynsan bolan bu uly wezipäni taşlap, nädip öýünde oturyp biler?!» .
Şol wagtlar gije-gündiz edilen hüjümleriň netijesinde şäher gowşapdy, goragçylar çaknyşykdan ýaňa tapdan düşüpdiler. Angliýanyň koroly Riçard syrkawlapdy, Fransiýanyň koroly Filipp bolsa sagalypdy. Ýewropalylar ýalandan ýaraşyk isleýänsirän bolup, ilçi iberip, musulmanlary güýmemek isleýärdiler. Hatda bir gezek Riçardyň ilçisi gelip, towuk, miwe ýaly iýmit sorady we bulary korola alyp gitdi. Ýewropalylar bir tarapdan ilçi iberip, musulmanlaryň ýagdaýyny bilmek isleýärdiler, beýleki tarapdan bolsa yzyny üzmän şähere hüjüm edýärdiler. Fransiýanyň koroly «Ýaman goňşy» atly uly manjanyk bilen «öküz gözi» atly minaradan atýardylar, goragçylar bolsa «ýaman ýegen» atly äpet manjanyk bilen muňa gaýtawul berýärdiler. Ýewropalylar şeýle hem «pişik» diýilýän we ýiti gaňyrçakly bir gural we galanyň diwaryny ýykyp-ýumurýan «Taňry duzagy» diýilýän uly minara bilen birnäçe manjanyklar we minaralar bilen hüjümlerini yzygiderli dowam etdirýärdiler.
Goragçylar sanlarynyň azdygy üçin dynç almazdan we uklamazdan söweşmäge mejbur bolýardylar. Duşman bolsa sany köp bolandygy üçin gezekleşip söweşýärdi. Ýewropalylar galany ýeterlik derejede weýran edendiris öýdenlerinden soňra, 2-nji iýulda, sişenbe güni umumy hüjüme başladylar. Şäherden surnaý sesleri gelip başlady. Salahaddin goşuny bilen duşmanyň üstüne hüjüme geçdi. Goşunyň bir bölegi garymdan geçip, kenardaky çadyrlara çenli baryp ýetdiler. Ýöne bu gezek duşmanyň esgerleri yza öwrülip, musulmanlary serpikdirdi. Şol wagt Akkadaky esgerler daşary çykyp, duşmanyň gabaw gurallarynyň köpüsini ýykyp-ýumurdy. Ýykylan gurallaryň arasynda «Pişik» bilen «Taňry duzagy» minarasy hem bardy. Iki tarapyň arasynda söweş iki günläp dowam etdi. Duşman 3-nji iýulda Lubri Klementiň serkerdeligindäki rysarlar we «Öküz gözi» minara-sysy bilen hüjüm etdi, ýöne goragçylaryň mertlerçe söweşmekleri netijesinde 150 töweregi rysar ýitirip, yza çekilmäge mejbur boldy. Ölenleriň arasynda Lubri bilen alty sany haçly serkerdesi bardy. Ýewropalylar bu wakalardan soňra söweşi saklap, üç günläp ýas tutdular.
Şeýle hem galadaky goragçylar 3-nji iýul güni Soltana özleriniň tapdan düşen-diklerini we eger duşmana böwet bolup bilmeseler, şäheriň elden gitjekdigini habar berdiler. Şol gün goragçylaryň serkerdesi Seýfeddin Aly bin Meştup duşmandan rugsat alyp, Fransiýanyň koro-lynyň ýanyna gitdi we onuň ýanyna baryp: «Biz siziň şäherleriňizi basyp alýan wagtymyz, halk aman islese aman berýärdik, öz islän ýerlerine goýberýärdik. Eger siz bize aman berseňiz, şäheri size boýun egdirýäris» diýdi. Korol: «Men netijäni özüm çykarýaryn. Gala ýykylansoň, indi gelip aman dileýärsiňizmi?» diýdi. Seýfeddin bin Meştup bolsa korola garap: «Biziň hemmämiz öldürilmezden size şäheri bermeris. Şol ýagdaýda bolsa siziň ölümiňiz biziňkiden öňürti bolar. Biziň her birimiz sizden 50 kişi öldürmezden ölmeris. Heý-de şiriň öz hinini başga birine berenini görüpmidiňiz?» diýip, pert jogap berip, şähere gaýdyp geldi.
Seýfeddin şähere gaýdyp gelip, halka ýagdaýy habar berdi. Käbirleri şol gije gorkup, gämijikler bilen gizlin gaçyp karargähe geldiler. Bularyň arasynda Yzzeddin Ersel, Husameddin Teýmirdaş, Sungur Wişaky ýaly serkerdeler-de bardy. Soltan gaçanlaryň yktalaryny ellerinden aldy, özlerini bolsa mejlisinden kowdy. Gaçanlaryň arasynda şeýle-de Nasyryýe janpena-larynyň ýolbaşçysy Abdylkadyr Halaby hem bardy. Ol Soltanyň gahar-gazabyny görüp, şol gije ýene yzyna gitdi we duşmana ýesir düşdi. Bir ýyldan soňra Soltan 800 dinar fidýe töläp, ony ýesirlikden boşatdy.
Şol mahallar Soltan Gökbörä bir hat ýazdy. Ol hatynda şeýle diýýärdi: «Haçlylaryň korollary we goşunlary geldiler. Şindi hem manjanyklary köp. Manjanyk bilen galanyň bir bölegini ýykdylar. Çukur gazan ýerlerinden, galanyň böwrüni deşdiler. Howp ulaldy. Duşman şähere hüjüm edensoň, biz hem duşmana hüjüm etdik. Ýöne duşman diwary we garymy bilen özüni goraýar. Şäherdäki emirlerden Allatagala ynamy pes bolanlar, bu abanýan howpy görüp, karargähe gaçyp geldiler. Frontdaky musulmanlara hüjüm etdiler. Olaryň gaçmagy duşmanyň tamasyny artdyrdy. Şäherdäki goragçylar özlerini ölümiň penjesine atyp, özlerinden birnäçe esse köp duşman öldürmän galany bermezlige, ellerinden gelen ähli güýç-gaýratlaryny gaýgyrmazlyga kasam içdiler. Ýewropalylardan aman sora-dylar. Ýöne olar hem aşa arzuwda bolandyklary üçin, sabyr edip, duşmana garşy mertlerçe durdular. Käwagt goranyş diwarlaryndan, käwagt hem açylan gädiklerden duşmany daşary zyňýarlar. Duşman bolsa, ýeňiljekdigini bilendigi üçin garymlaryň daşyna çykmaýar».
4-nji iýul güni Soltan duşmanyň garymlaryny gömüp, olaryň karargähine hüjüm etmäge niýetlendi. Ýöne emirleri bu pikire böwet boldular. Şol günki çaknyşykda Sarymeddin Gaýmaz, Yzzeddin Jurdik we Seýfeddin bin Meştubyň dogany Jenah ýaly gahrymanlar duşmanyň üstüne hüjüm edip, mertlerçe söweşdiler. Şeýle hem şol gün Riçard üç sany adam iberip, Soltandan miwe we beýleki zatlar sorady. Ilçiler rugsat alyp, goşunyň bazarynda aýlandylar. Soltan olara korolyň islän zatlaryny berip, yzyna iberdi.
Soltan indi Akkanyň elden gitjekdigine doly göz ýetiripdi. Ol şäherdäki goragçylara habar ýollap, galanyň demirgazyk tarapyndan opurmaklaryny isledi. Esgerler 4-5-nji iýul gijelerini şu maksat üçin atyň üstünde geçirdiler.
6-njy iýul güni Reno de Sidon ýewropalylaryň adyndan gepleşikler geçirmek üçin karargähe geldi. Soltan dogany Mälik Adyly onuň bilen gepleşik geçirmek üçin görkezme berdi. Ýewropalylaryň Akka-daky goragçylara aman bermeginiň öwezine, Kudus haçly korollygynyň ähli topraklaryny, alnan haçly ýesirleri bilen hakyky haçy yzyna islemekleri netijesinde gepleşikler ýatyryldy. Şol gün şäherdäki goragçylar Soltana habar ýollap, soňky deme çenli söweşjekdiklerini, duşmana boýun egmezligi we çaknyşygyň dowam ediljekdigini habar berdiler. 9-11-nji iýul günleri Soltana täze kömekçi güýçler geldi. Goragçylar 11-nji iýulda duşmanyň ýene bir hüjümini yzyna serpikdirdiler.
Şol wagt Konradyň araçyllygy bilen goragçylaryň we ýewropalylaryň arasynda gepleşikler geçirilýärdi. Goragçylaryň ýöne-möne boýun egmejekdiklerine göz ýetiren duşman talaplaryny gowşatdy. Ahyrsoňy goragçylaryň serkerdesi Seýfeddin Aly bin Meştup 12-nji iýulda ýene-de ýewropalylaryň karargähine gitdi. Geçirilen gepleşikleriň netijesinde şäheriň içindäki gurallar, ýaraglar we gämiler bilen bile berilmegi, 1500 ýönekeý esgeriň, 100 sany haçly ýesiriniň we hakyky hajyň yzyna berilmegi we 200.000 dinar fidýe tölenmegi şerti bilen, goragçylaryň we halkyň şahsy mallary bilen şäherden çykyp gitmekleri hakda iki tarapyň arasynda ylalaşyk gazanyldy. Araçydygy üçin Konrada 10.000, ýanyndakylara hem 4.000 dinar tölenmelidi. Iki aýyň içinde bu şertler ýerine ýetirilmese, goragçylar ýesir hasaplanýardy. Soň ýagdaýy Soltana habar berdiler. Soltan ilki goragçylaryň bu ylalaşyklaryna nägile boldy, ýöne ýagdaýy kabul etmäge mejbur boldy. Taryhy makalalar
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle