|

Çaga ýürekli çagalar şahyrydy

Çaga ýürekli çagalar şahyrydy ÇAGA ÝÜREKLI ÇAGALAR ŞAHYRYDY

Çaga ýürekli çagalar şahyrydy

Da­şyn­dan gö­räý­mä­ge, dö­re­di­ji­lik adam­y­nyň dur­mu­şy hiç bir ada­myň­kydan ta­pa­wut­lan­ma­ýan ýa­ly. Ol hem adaty bir maş­ga­la­da do­gul­ýar, ter­bi­ýe­len­ýär, ös­ýär, ulal­ýar. Ada­ty adam­lar ýa­ly, okaýar, iş­le­ýär; hem­me­ler ýa­ly, iýip-iç­ýär, gam­lan­ýar, şat­lan­ýar, düýş gör­ýär. Emma dö­re­di­jilik dün­ýä­si ha­kyn­da gür­rüň edi­len­de, hiç bir dö­re­di­ji­lik adamy­nyň dün­ýä­si baş­ga bir ada­myň dün­ýä­si­ne meň­zäp bil­mez. Bu as­la müm­kin hem däl. Se­bä­bi dö­re­di­ji­lik bi­len iş sa­lyş­ýan her bir adam dö­re­di­ji­lik äle­mi­ne öz ýol-ýo­da­sy bi­len, on­da öz aýak yz­la­ry­ny go­ýup, bu ja­dy­ly äle­miň giň goý­nu­na ara­laş­ýar. Öz sö­zü­ni aý­dyp, öz ýü­zü­ni gör­ke­zip bil­me­dik ada­ma dö­re­di­ji­lik dün­ýä­si öz ja­dy­ly işi­gi­ni aç­dyr­ma­ýar. Ek­me­dik ba­gy­na ke­se­ki uzak bag­bançy­lyk edip bil­mez. Ol ba­gyň mi­we­si hiç ki­miň hem ag­zy­ny uzak tam­şan­dyr­maz. Öz­bo­luş­ly dö­re­di­ji­lik ýo­ly bi­len hal­ka özü­ni yk­rar et­di­rip bi­len ýa­zy­jy­dyr şa­hyr ede­bi­ýat meý­da­ny­nyň ba­gyn­da dat­ly nyg­mat­la­ry ili­ne hö­dür edip bi­ler.
Bi­ziň gür­rü­ňi­ni et­jek bol­ýan ada­my­myz özü­niň gys­ga öm­rün­de ça­ga­la­ra ni­ýet­läp ýa­zan goş­gu­la­ry bi­len ta­na­lan, ede­bi­ýatmeý­da­ny­na öz ýol-ýö­rel­ge­si bi­len ge­len şa­hyr Re­jep Araz­dur­dy­ýew­dir. Re­je­biň öm­rü­ne, dur­mu­şy­na de­giş­li mag­lu­mat­lar ada­ty adam­la­ryň­ky­dan ta­pa­wut­lan­ma­ýar.
Ol 1960-njy ýyl­da Kö­neür­genç et­ra­by­nyň Mas­la­hat ge­ňeş­li­gin­de do­gul­ýar. Ka­ka­sy Araz­dur­dy Ju­ma­ýew oba mek­de­bin­de mate­ma­ti­ka mu­gal­ly­my bo­lup iş­läp­dir. Re­jep köp ça­ga­ly maş­ga­la­da önüp-ös­ýär. Eje­si Ba­zar­gül eje ir ara­dan çyk­ýar. Ene mährin­den ir mah­rum bo­lan Re­jep maş­ga­la­da uly ça­ga­dy. Ji­gi­le­ri­ne göz-gu­lak bol­mak köp­lenç oňa tab­şy­ryl­ýar­dy.El­bet­de, ça­gala­ryň ara­syn­da eka­byrbol­mak aň­satdäl­di. Em­ma ol öz gö­ren-eşi­den wa­ka­la­ry­ny,okan ki­tap­la­ry­ny süý­je­dip gür­rüň be­rip, ji­gi­le­ri­ni özü­niň ag­zy­na bak­dyr­ma­gy başar­ýar­dy, ola­ry güý­me­ýär­di. He­mi­şe köp gür­läp ýör­me­se-de, onuň sö­ze çe­per­li­gi ede­bi­ýat sa­pa­gyn­da äş­gär du­ýul­ýar. Mekde­biň türk­men di­li we ede­bi­ýat mu­gal­ly­my Ýa­ňa­baý Ese­now Re­je­biň çe­per sö­züňmuş­da­gy­dy­gy­ny du­ýan­dan soň, oňa bi­parh ga­ra­ma­ýar. Ol adam kal­by­nyň törün­dä­ki gö­zel duý­gu­la­ryň çe­per söz ar­ka­ly açyl­ýan­dy­gy­ny ir­män-ar­man dü­şün­dir­ýär.
Kal­by ede­bi­ýa­tyň ja­dy­ly dün­ýä­si­ne atyg­saýan ýaş og­la­na ha­ly­pa­lyk mas­la­hat­la­ry­ny ber­ýär. Şol goş­gu­lar­dan kä­mil ha­saplan­la­ry­ny buk­ja­la­ra sa­lyp, ola­ryň dür­li ga­zet-žur­nal­la­ryň re­dak­si­ýa­la­ry­na ýol al­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Mek­dep okuwçy­sy döw­rün­de Re­je­biň goş­gu­la­ry et­rap,we­la­ýat ga­zet­le­rin­de, ýurt möç­be­rin­de çyk­ýan ça­ga­lar ne­şir­le­rin­de çap edil­ýär. Bu üs­tün­lik­ler ýaş şa­hy­ryň joş­gun­ly kalby­ny has hem ga­nat­lan­dyr­ýar. Ol in­di he­mi­şe se­re ge­len pi­kir­le­ri­ni tä­ze bir ýor­du­myň, öň aý­dyl­ma­dyk sö­züň üs­tibi­len aýt­ma­gyň oý-hy­ýal­la­ry­na be­ril­di ýör­di. Ýa­şy ulal­dy­gy­ça hem ça­ga­la­ryň gam­syz dur­mu­şy, hy­ýal­la­ra baý dün­ýä­si oňa bar­ha gy­zyk­ly gö­rün­di.
Re­jep Araz­dur­dy­ýe­wiň or­ta mek­debi ta­mam­lan­dan soň, et­rap ga­ze­tin­de iş­le­me­gi onuň dö­re­di­ji­li­gi­niň has hemkä­mil­leş­me­gi­ne ýol aç­ýar. Ol şol dö­würde ne­şir edi­len Kö­neür­genç et­ra­by­nyň «Ak al­tyn» ga­ze­tin­de iş­län ýyl­la­ryn­da soň ýur­du­myz­da ta­ny­mal ýa­zy­jy-şa­hyr­lar bolup ýe­ti­şen Tir­kiş Sa­dy­kow, Ga­zak­baý Ýol­ly­ýew, Re­jep­gel­di Me­ji­kow, Şöh­ratAb­dy­ýew ýa­ly deň-duş­la­ry bi­len ýa­kyn dö­re­di­ji­lik hyz­mat­daş­ly­gyn­da bol­ýar.Olar ede­bi­ýa­tyň me­se­le­le­ri, tä­ze döre­den eser­le­ri ba­ra­da bi­ri-bir­le­ri bi­len yzy­gi­der­li pi­kir al­şyp dur­ýar­lar. Aý­ra­tyn hem, şol dö­wür­de da­şo­guz­ly ýaş ýazy­jy-şa­hyr­la­ryň dö­re­di­ji­li­gi­niň pa­jar­lap ös­me­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň halk ýa­zyjy­sy Han­gel­di Ga­ra­ba­ýe­wiň hyz­ma­ty uly bol­ýar. Ýa­zy­jy­lar bir­le­şi­gi­niň we­la­ýat boýun­ça ede­bi mas­la­hat­çy­sy bo­lup iş­län ýa­şu­ly şa­hy­ryň il­kin­ji goş­gu­lar ki­ta­by­nyň çyk­ma­gy, goş­gu­lar top­lum­la­ry­nyň dür­li ýyl­lar­da ýaş­la­ryň goş­gu­lar ýy­gyn­dy­la­ryna go­şul­ma­gy ug­run­da ed­ýän ala­da­la­ry bi­möç­ber bol­ýar. Ol ýurt möç­be­rin­de geçi­ril­ýän ýaş­la­ryň dö­re­di­ji­lik-okuw mas­lahat­la­ry­na ýaş ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ryň yzy­gi­der gat­naş­ma­gy­ny gu­ra­ýar. Hat­da onuň ýaş şa­hy­ryň ýa­şa­ýyş jaý me­se­le­si­ni çöz­mek üçin de­giş­li eda­ra­la­ra bir­nä­çe ge­zek gat­nap ýüz tut­ma­ga ýal­tan­man­dy­gy­ny Re­je­biň ýan­ýol­da­şy Son­ýa Sö­ýü­no­wa ýat­la­ýar.
Re­jep Araz­dur­dy­ýew 1984-1989-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da öz ga­zet işi­niň da­şyn­dan Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň türk­men fi­lo­lo­gi­ýa­sy fa­kul­te­ti­niň türk­men di­li we ede­bi­ýaty bö­lü­min­de ga­ýy­ba­na oka­ýar. Şol dö­wür­de onuň bi­len bi­le okan, iş­le­şen ýol­daş­la­ry Re­je­biň az söz­li, özün­den ju­da ta­lap­kär adam bo­lan­dy­gy­ny aýd­ýar­lar.
Ol çe­per dö­re­di­ji­lik­de bar­ha kä­mil­leş­ýär. He­mi­şe köp oka­ýan, öw­re­nen­le­ri­ni özü­ne sa­pak edin­me­gi ba­şar­ýan ýaş şa­hy­ryň ede­bi­ýat meý­da­nyn­da öz­bo­luş­ly bir ýo­da sa­lan­dy­gy­na onuň 1980-nji ýyl­da «Ma­garyf» ne­şir­ýa­ty ta­ra­pyn­dan ne­şir edi­len «Gül bi­len şe­mal» at­ly goş­gu­lar ki­ta­byn­da we dür­li ýyl­lar­da çap bo­lan ýaş­la­ryň ýy­gyndy­la­ryn­da orun alan goş­gu­la­ry bi­len ta­nyş bo­la­nyň­da, aý­dyň göz ýe­tir­ýär­siň. Re­je­biň ça­ga­lar dün­ýä­si­ni açyp görkez­ýän goş­gu­la­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň halk ýa­zy­jy­sy, Mag­tym­gu­ly adyn­da­kydöw­let baý­ra­gy­nyň hem-de G.H.An­dersen adyn­da­ky hal­ka­ra baý­ra­gy­nyň eýe­si, bel­li ça­ga­lar ýa­zy­jy­sy Ka­ýum Taň­ry­gu­lyýe­wiň hem my­na­syp ba­ha be­ren­di­gi­ni onuň ga­lam­daş ýol­daş­la­ry ýat­la­ýar­lar. Buhem ýaş şa­hy­ryň ede­bi­ýat meý­da­nyn­daözü­ni yk­rar et­di­rip bi­len­di­gi­niň ny­şa­ny­dy.
Ýaş şa­hyr­la­ryň 1987-nji ýyl­da çapedi­len «Ýo­da­jyk» at­ly goş­gu­lar ýy­gyndy­sy R.Araz­dur­dy­ýe­wiň «Ýo­da­jyk» at­ly goş­gu­sy bi­len baş­lan­ýar.

Eý, ýo­da­jyk ni­rä bar­ýaň,
Haý­sy oba, haý­sy ile?
Bar­ýan ýe­rim bil­jek bol­saň,
Gel, ýö­rä­ber me­niň bi­le.

Şu oý­nam se­ti­riň yzy­na dü­şüp, şahy­ryň dö­re­di­ji­lik dün­ýä­si­ne ara­la­şyp ug­ra­ýar­syň we­li, onuň tä­sin men­zil­le­re, ça­ga go­wün ýü­würt­me­le­ri­niň ama­la aş­ýan ajap me­ka­ny­na alyp ge­len­di­gi­ni duý­man gal­ýar­syň. Gül­ja­gaz­la­ryň kebe­lek bo­lup uç­ma­gy, ba­ha­ryň dün­ýäň ça­ga­la­ry­na gül ber­me­gi hy­ýal et­me­gi,gy­şyň da­gyň de­pe­si­ne çy­kyp uk­lama­gy, bi­şen ga­wun­la­ryň ses­siz gül­jek bo­lup ýa­ryl­ma­gy, bat­bö­re­gi og­lan­jyk oý­na­mak üçin ýa­sa­nam bol­sa, ony ýeliň oý­nap ýör­me­gi ýa­ly geň-taň­lyk­lar di­ňe ça­ga­la­ry däl, eý­sem uly ýaş­ly­la­ry hem haý­ran gal­dyr­ýar.
Re­jep Araz­dur­dy­ýe­wiň goş­gu­la­rynda türk­men te­bi­ga­ty­nyň gö­zel­lik­le­ri, oba dur­mu­şy­nyň öz­bo­luş­ly­lyk­la­ry çe­per be­ýa­ny­ny tap­ýar. Pa­syl­la­ryň her­si­niň dün­ýä­de iň go­wy zat­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mäge hy­ýal­lan­ma­gy, ket­ge­niň ko­wa­la­ýan şe­mal­dan ga­çyp, bu­ku­da gu­tul­ma­gy, bak­ja­da­ky ga­wun­dyr hy­ýar­la­ryň özü­ni gor­kez­män giz­le­nip ýa­ty­şy, Gü­nüň obanyň go­la­ýyn­da­ky kö­le su­wa çü­m­şi, ýaşyl­baş ör­dek­le­riň ýal­ta­lyk bi­len su­wa giriş­le­ri, ke­sip bar­ýan aň­zak­da til­ki­niň gar ba­san hi­ni­ni tap­man, kö­se­nip ýör­me­gi, saý­rap otu­ran ge­çi­gu­şuň tut­dum-tut­dum di­ýen­de, uçup gi­di­şi, taý­ça­na­gyň ýüwrük bol­mak üçin, giň meý­dan­da dyn­man ça­py­şy goş­gu­lar­da jan­ly, du­ýar­lyk­ly görnüş­de göz öňü­ňe gel­ýär. Şa­hyr «Gar­pyz» goş­gu­syn­da:

Gül­li türk­men säh­ra­sy­na,
Nur paý­la­ýan çog­ly Gü­nüň.
Ýyg­nan eken ala gar­pyz,
Reň­ki­niň goý­man ke­min.

Ýyg­nap-ýyg­nap şol reň­ki,
Şol ala­ja ga­ba gap­lap,
Gö­rüň, şeý­le süý­ji edip
Bi­şi­rip­dir kem­siz tap­lap

— diý­ýär­kä, gü­neş­li ýur­du­my­zyň çog­ly Gü­nü­niň nu­run­dan ýet­dik pa­ýy­nyalan dat­ly nyg­mat­la­ryň bal­dan süý­ji taga­my biyg­ty­ýar kal­by­ňy heý­ja­na sal­ýar.
Şa­hy­ryň «Tow­şan nä­me ädik ge­ýenok?»di­ýen şyg­ry­ny oka­ýa­rys we­lin, onuň «Tow­şa­na dog­duk de­pe» di­ýen pä­hi­miň ma­ny­sy­ny tä­sin bir gör­nü­şiň, ýor­du­myň
üs­ti bi­len be­rip bi­len­di­gi­ne göz ýe­tir­ýä­ris.

Bil­seň, säh­ra gyş­da gar,
Ýaz dür­li ot­dan do­ly.
Ga­ra ak­ja ke­çe­dir,
Ot­la­ry ne­pis ha­ly.

Ke­çäň, ha­lyň üs­tün­de
Ädik geý­sem, aýyp bor.
Säh­ra — dog­duk me­ka­nym,
Ony di­ňe so­ýüp bor!

Goş­gu­la­ryň li­ri­ki gah­ry­ma­ny şa­hyr ýü­re­gi­niň ur­gu­sy bi­len dem al­ýar, ýa­şaýar. Re­jep Araz­dur­dy­ýe­wiň goş­gu­la­ry­ny oka­ny­myz­da, onuň ça­ga ýa­ly gür­läp, ça­ga ýa­ly gö­wün ýü­würt­me­le­ri­ne, hy­ýal et­me­le­re ber­lip ýa­şan­dy­gy­na dü­şün­ýäris. Onuň gol­ýaz­ma­la­ry­na göz gez­di­reni­miz­de, ça­ga ýü­rek­li şa­hy­ryň syr­kaw ýa­tyr­ka, öz öm­rü­niň soň­ky gün­le­rin­de hem goş­gy ýaz­ma­gy­ny bes et­män­di­gine göz ýe­tir­dik.
Ol 2003-nji ýy­lyň ap­rel aýyn­da aradan çyk­ýar. Rejep özü­niň ýa­şan gys­ga öm­rün­de dö­re­den goş­gu­la­ry­ny gel­jek­ki ýaş ne­sil­le­re mi­ras gal­dyr­dy. Şa­hy­ryň uly og­ly Mer­dan bi­len söh­bet­deş bo­la­nymyz­da, ka­ka­sy­nyň he­mi­şe ça­ga­la­ry­na uly mä­hir we sö­gi bi­len ga­ran­dy­gy­ny, ola­ryň her­si­ne ba­gyş­lap, goş­gu­lar aýdyp be­ren gün­le­ri­ni süý­jü­lik­de ýat­la­dy.
Şa­hyr öz ça­ga­la­ry­na ba­gyş­lap dö­re­den goş­gu­la­ry­ny hiç ýer­de çap et­dir­män­dir. Bu onuň ul­la­kan yn­san­per­wer­li­gin­den ny­şan. Ol öz ça­ga­la­ry­ny uly iliň ça­gasyn­dan ar­tyk ha­sap­la­man­dyr. Per­zentle­ri­ne bo­lan ata­lyk söý­gü­si­ni köp­çü­li­ge ma­zam­la­ma­gy ýer­lik­siz ha­sap­lap­dyr.
Onuň ady bu gün az ýaz­sa-da, uz ýazan şa­hyr­la­ryň ha­ta­ryn­da ta­nal­ýar. Onuň goş­gu­la­ry tu­tuş mil­le­tiň, adam­za­dyň kör­pe nes­li­ne ba­gyş­la­nan. Ol goş­gu­lar hiç wagt öz ga­dyr-gym­ma­ty­ny ýi­tir­mejek, ça­ga­la­ryň ýü­rek­le­ri­niň tö­rün­den he­mi­şe­lik orun al­jak we gel­jek ne­sil­lerta­ra­pyn­dan söý­lüp okal­jak goş­gu­lar­dyr. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň ýaş ne­sil­le­ri onuň goş­gu­la­ry­ny sö­ýüp oka­ýar­lar. Çün­ki ol goş­gu­lar­da Wa­tan was­py, bag­ty­ýar ça­ga­lyk us­sat­lyk bi­len be­ýan edi­lip­dir.

Annageldi BEKIÝEW,
Daşoguz welaýatynyñ Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 33-nji orta mekdebiň mugallymy. Ýatlamalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle