Tafazzul
Tafazzul
T a f a z z u l
Sözümde seniň mährim, meniň pasly- baharymdyr,
Gözel husnuň gülüstanym, hazynasy lälezarymdyr.
Meniň üçin maýsalar ýok, bolmany täsir etmeýär,
Seniň müşküň ol maýsadan, has jigeri-janymdyr.
Baharda serwi gül, sowsan gözelleriň bahary, eý,
Meniň bagrymda bolsaň, Jümlesi sebzezarymdyr.
Sebäpler galmady, hergiz, gam-u janym arasynda,
Sebäbi onuň şeýledir, bilseň gamgy şorumdyr.
Seniň yşkyň şerabymdyr, meniň başym humar oldy,
Iki lebden ajap bolsa, meniň alan humarymdyr.
Bolmady ýar şikary, oňa müň şikar aldym,
Ozal iki şikar yşky lebiňden kim şikarymdyr.
Pelegiň gerdişiişime geldi bir rowan,
Wysalyň hem jemalyň bu meniň aýny bararymdyr.
Meniň bar kararymy syýa zülpleriňe baglap sen,
Onuň her halkasy, bilseň, jan-u-kararymdyr.
Eger gündiz güni taryh ýazar, Aýym muarylar,
Salymsyz geçen taryhy ömür ruzygärimdir.
Nisorumdan nisorym ýüz barabar ýagşy zat bolgaý,
Nazar et bolsa-da sen, hem, dilim saňa nisorumdyr.
Tarawetler bilen ötgülr gözel, manyly serimdir,
Seniň yşkyň begleň adam içre ygtybarymdyr.
Goşgular