Durmuş Nobatguly däldir, Göwherim -6: Gapma-garşy pikirleriñ dürs netijeleri
Durmuş Nobatguly däldir, Göwherim -6: Gapma-garşy pikirleriñ dürs netijeleri
6. Gapma-garşy pikirleriň dürs netijeleri
Soňky wagtlar «Täze pikir ýok, täze diýilýän pikir gaty ir unudylan köne pikirdir» diýmek ýoň bolupdyr. Öz tapan pikiriniň tapyndylygyna, özüniňkiligine kepili az kişiler bilen jedele girmek maksadym ýok, ýöne täze pikir ýok bolsa, täze poeziýada ýokdur, bu jedelsiz fakt! Hatda köne pikiri täzeçe, döwrüne görä aýdyp bilmegiň özi hem täzelikdir. Döwür üýtgeýär, garaýyş üýtgeýär, öz döwründe dogry diýilýän pikiriň ters bolýan halatlaram az däl. Bu durmuş. Emma täze pikirsiz şygyr ýaşamaga ukyply bolmaýar. Maýyp-müjürip, müň bir keseli bar kişiniň yra-dara sagat adamdan uzak ýaşaýdygam bolýar, ýöne edebi eser sagdyn bolmasa, ol ýaşap bilmeýär.
Edebiýatyň, sungatyň kökleri barada pikir öwürmeli bolsak, hökman gadymy Enan, Rim medeniýetlerine ýüzlenmeli bolýarys, sebäbi Gündogaryň, hut öz ýurdumyzyň ruhy gymmatlyklarynyň sallançagydygyny bilsek-de, ol materiallar bize elýeterli bolmady. Gapma-garşylyklardan ýa ugurdaş pikirlerden jemlenen gunt ýaly iki setire — pikire antimetabola diýilýär. Antimetabola-da, antiteza-da, azianizm hem öz adyny gadymy Enandan alyp gaýdýar. Gadym zamanlar Aziýa edebiýatynyň täsiri gadymy Enana geçip başlaýar, şol täsirlerden dörän antitezanyň käbir görnüşlerine Aziýadan geçen — azianizm diýlipdir.
Antimetabola, antiteza — durmuş synagyndan geçen pikirler esasynda döräp, halk döredijiliginde nakyllara öwrülendir. «Gorkut atanyň kitabyndan» muňa ýüzlerçe mysal getirip bolar.
Antimetabola üçin Magtymgulynyň poeziýasy tutuş hazyna. Halan ýeriňden antimetabolanyň, antitezanyň, azianizmiň islendik görnüşlerini geregiňçe alybermeli. Iki setirden ybarat, biri-birine garşy pikirlerden dürs netije çykarmak akyldaryň iň söýgüli usuly. Meselem: «Imanyň zyýany iline ýeter, nadanyň peýdasy özüne degmez»; «Gylça jana gyzyl teni gabyr bil, gyzyl tiliň sözlär eken, öldüm tut»; «Al şeraba el uzatdym, emendim, durusyn içmişler laýa sataşdym». Magtymgulynyň antimetabolasy temasyndan tutumly iş ýazylmaga wagt ýetdi.
Eýse, ýaňky mysal getirenlerimiz nakylmy? Ýok, olar akyl-paýhasyň dür däneleri. Magtymgulyny Magtymguly edýän şol pikirler. Beýik oratorlar hut şonuň ýaly pikirleri öz gerek ýerinde ulanyp bilýäni üçin orator bolýarlar. Antimetabola Gündogar poeziýasy üçin birinji derejeli zat, çünki Gündogar poeziýasy akylyň, paýhasyň poeziýasy, Ýewropa poeziýasy duýgynyň poeziýasy. Ýöne diňe Gündogarda däl, Günbataryň iň gowy şahyrlaryndan mysal getirilse, öňi bilen nakyl derejesine ýetirilen, aňryk geçirilen pikirler — aforizmler, dana sözler mysal getirilýär. Dünýäniň iň uly genial şahyrlaryndan, ýazyjylaryndan, danalaryndan, alymlaryndan ajap-ajap kitaplar galýar, ýöne olaryň iň gowy tapyndylary — aforizm bolup, biziň hakydamyzda ýaşaýar. Biz olary häli-şindi durmuşda ulanýarys.
Häzirkizaman türkmen poeziýasynda bolsa döredijiligi aforizmlere, antimetabolalara iň baý şahyr Nobatgulydyr. Nobatgulynyň yşky-liriki, harby-gahrymançylyk, Watan, tebigat, durmuş, dünýä hakyndaky goşgularynda, poemalarynda aforizm derejesine baran setirlere, antimetabolalara ýüzlerçe mysal getirip bolar.
Biz dünýäni oýun sanyp köýýäris,
Çyn sanybam halys dönýäs bijine.
Bu bir durmuş: biz birini söýýäris,
Ýassykdaş bolýarys başga birine.
Dünýäni oýun sanyp aldanmak bu özbaşyna antiteza, çyn sanyp adamçylykdan çykmak, bu-da özbaşyna antiteza, birinji setir bilen ikinji setirdäki gapma-garşylyk hem üçünji antitezadyr. Soňky iki setirdäki pikir halkyň arasynda ýaşap ýören pikir. «Öz ýaryny alan barmy?» diýip ozal ýazan şahyr hem bar. Emma aýdylyşyna üns beriň, bu ýerde ozal bar bolan hakykaty Nobatguly şahyrana umumylaşdyrýar, soňam takyk netije çykarýar. Ol antimetabola.
Jahyllyga aýlanypdyr ýaşlygym,
Haremhanam aýlanypdyr mesjide.
…Ýa seni taparyn Ýeriň ýüzünden
Ýa-da seni gözläp ýiter giderin.
…Sen-ä giç doglanňa günäkär dälsiň,
Menem ýazykly däl owal doglanma.
…Galileý açandyr Ýeriň aýlanşyn
Ýa-ha söýüp,
Ýa-da serhoş mahaly…
Şahyryna antimetabolalary, aforizmleri akyldarlaryň dana sözleri bilen garyşdyrmaly däl, olary dana sözler ýaly gerek ýerinde öz sözüň bilen aýtmak hem bolmaýar. Olary poeziýa dili bilen aýtmaly. Şahyrana aforizmler poeziýada ýaşaýar. Ynha, Nobatgulynyň «Gelin» atly goşgusynda iki sany antimetabola bar. Şahyr islese, olary aforizm hem edip bilerdi, dana söz-de. Emma olary soň goşgusyna girizip bilmezdi. Şahyr gelne ýüzlenip şeýle diýýär: «Sen ýigdiň başyna çykjak bolmagyn, goý, ol seni depesine täç etsin», «Ýigdiň mertebesin göter beýge sen, ol şonda başyny aýagňa goýar». Gapma-garşy pikir bar, dürs netije hem çykýar. «Bagt bir guşdur, her kim tutjakdyr ony, tutjak boldugyňam uçar gider ol», «Ogşa meni, ogşa dilber, näme garyp galýamyň sen?», «Agşam bagtym diýip bagra basanym, Säherler oýansam düýş bolup çykdy», «Bu dünýä jenneti adam oglunyň, Bu dünýä gabrystan — Adam ogluna!», «Bu dünýä Hudaýyň fantaziýasydyr, o dünýäni oýlap tapan adamzat!»… Bular aforizm ahyry!
Nobatguly Rejebowyň Ferdöwsä bagyşlap ýazan bir gowy goşgusy bar. Şonda-da aforizm derejesine baran setirleri bar.
Seni bäş pula satan,
Galar müň günlük derde.
Lagnat daşyny atan,
Zyýarat eder erte.
Zalyma gol bererler,
Senden ary bar kişi.
It ýaly öldürerler
Hem jaýlarlar şa kibi.
«Seniň ýaş toýňy toýlamaň näme, aglap oturmaly takdyryň barka?», «Isa bolaý, ilki haça çüýlärler, soňam Pygamber diýp ederler sejde». Nobatguly antitezalaryň, azianizmiň, antimetabolalaryň her dürli görnüşini her röwüşde ulanýar. Şahyryň «Pul» atly goşgusy tutuş şol çeperçilik serişdelerinden ybarat.
«Pul duşmandyr!» akyl berer akyldar,
Muzduna uzatsaň ýekeje teňňe.
Dünýäde pul hakda akyl satylýar,
A alaýyn diýsem pul ýok-da mende.
Kime gujak gerip baýlygyň berdiň,
Kimden ýüz öwürip — paýhasyň, dünýä!?
Göz ýetirdim: tylla ekeni gerbiň,
Pul ekeni seniň baýdagyň, dünýä!
Aşakda mysal getirjek bolýan atsyz goşgym tutuşlygyna antitezadan, azianizmden, antimetaboladan ybarat. Antimetabola şahyrana aforizme çenli ösüpdir.
Oturdym: Ýer-göge nazar aýladym,
Dünýä köne, sowal-jogabam köne.
Aýrylygyň nämedigin aýdaýyn,
Söýgiň nämedigini soramaň ýöne.
Aýdaýyn men nämedigin gussanyň
Şatlyk näme? — Ony soramaň menden,
Alajyn tapmadym göge uçmanyň,
Ýerde-de derdime tapmadym melhem.
Men durmuşda agyr ýoly saýladym,
Aýdym ýazdym, ýürek-bagrym dilinse.
Betbagtlygyň nämedigin aýdaýyn,
Bagty bagtlylardan soraň gidiň-de!..
Ozal bir kanunalaýyklyga gelen çeperçilik serişdeleri hem döwre görä üýtgeýär, kämilleşýär, mazmun, forma taýyndan çylşyrymlaşýar. «Bermud üçburçlugy» atly goşgy forma taýyndan täze antiteza goşgusy. Bermud üçburçlugy üstünden ýoly düşen ähli zady ýuwdup ýatan elhenç betbagtlyk. Ýeri, şahyr oňa dahylly, oňa deňär ýaly näme tapdyka? Munda forma mazmundan rüstem gelýär.
Merdan —
zenan —
oýnaş!
Zenan —
Merdan —
ograş!
Birinji setir: Merdan, ýagny erkek kişi öz aýalyndan gaýry bir gelne göwün berse, ol ýarym pajyga, bolaýýan zat, emma ikinji setirdäki ýaly, aýal öňe geçip, erkege berilse, kyýamat! Ograş bar ýerinde erkek ýok! Görüň forma mazmun bilen nähili oýun edýär.
Indi düýbünden ters, gapma-garşy pikirlerden takyk hem dürs netijeler çykarylyşyny yzarlalyň. Biz Nobatgulynyň bir atsyz goşgusyny tutuşlygyna alýarys. Adatça bolşy ýaly, birinji setir gepbaşy:
Hylwat dileg edýärin şahyry gam basanda:
Ýalňyzlykda horlanyp, ýalňyzlykda öler ol
Hem ýalňyzlyk şahyra ýalňyz gaçybatalga.
Şahyryň esasy hemrasy gam-gussa. Nobatguly gam basan şahyra ýalňyzlygy dileg edýär, ýalňyzlykda şahyr horlanyp ölýär. Şahyr ýalňyzlykda dogulýar, ýalňyzlykda ölýär, başga çykalga ýok, ýalňyzlyk şahyra ýalňyz gaçybatalga! Elhenç!
Didar dileg edýärin men aşyky-bimara:
Ol didara duşmasa — oňa jahan gerekmes,
Oňa jahan gerekmes — gowuşsa ol didara.
Söýgülisinden jyda düşen aşyga dünýä bir aşyk, oňa dünýä gerek däl, eger ol söýgülisine gowuşsa, oňa ýene jahan gerek däl, ýöne bu gezek jahan onuň gözüne görnenok. Görýäňizmi, gapma-garşylyklary ulanyp şahyryň edýän oýnuny!
Nobatgulynyň «Daş» atly şygry sýurrealistik şygyr. Şahyr bu şygrynda antitezadyr, antimetabolalaryň täze bir görnüşini edebiýata getirýär.
Pelek bir bakyşda bagtyýar etse,
Bir bakyşda bagyş edýär älemi.
Iki setir şygry bilen şahyryň
Gara daşa jan berdiler ebedi.
Hem «Ýaşa! — diýdiler — ähli zamanda!»,
Hem eltip goýdular gabyrystanda.
Şunuň ýaly mysallaryň ençemesini getirmek mümkin. Bu mysallar şahyryň kämilliginden alamat. Nobatguly islendik predmetiň her dürli tarapyndan baryp görýär, hem original nukdaýnazary, hem original stili, hem original usuly tapýar. Bu bolsa şahyryň öz ýoluna düşen şahyrdygyna kepil geçýär.
Edebiýaty öwreniş