| | | | |

Durmuş Nobatguly däldir, Göwherim -5: «Durmuş Nobatguly däldir, göwherim»

Durmuş Nobatguly däldir, Göwherim -5: «Durmuş Nobatguly däldir, göwherim»

5. «Durmuş Nobatguly däldir, göwherim»

Hakyky şahyrlaryň alnynda hemişe üç sany müdimi sowal keserip durupdyr:

1. Söýgi näme?
2. Ölüm näme?
3. Hudaý näme?
 

Şu üç sowala, aýratynam birinji sowala dünýäniň iň genial şahyrlary jogap agtaryp şygyr, poema, dessan, sonetler çemenini döreden bolsalar-da, şol baky sowalyň takyk jogabyny şindize çenli tapan ýok. Söýgi geçmişi-de, geljegi-de äsgermeýär, Al Maariniň ýa Attaryň, Pyragynyň ýa Baýronyň yşky goşgulary şu günki okyjyny heýjana salsa-da, şu günki söýgä jogap bolup bilmeýär. Her bir täze dörän yşk özi üçin aýratyn pida talap edýär. Yşk ylahy gudrat bolup, ol her bir adama miýesser etmeýär, diňe ylahynyň ilerläp, azyzlan bendeleri yşka uçraýarlar, yşkdanam zehin uçgun alyp, beýik-beýik kişiler döreýär. Söýşenleriň ählisi uly şahyr, alym, kompozitor bolmaly diýlen zat ýok, emma yşka uçran adamlaryň ýukaýürek, ynsaply, gowy adam bolýandygy weli hak. Gaýry dillerde «izbrannyýe», «poswýasennyýe» diýen ýaly düşünjeler bar, ol düşünje bizde-de bar eken, emma soňky giçki orta asyrlarda diniň güýjemegi bilen, şol düşünje ulanyşdan galyberipdir. Ol käbir dessanlarda «azyzlar» hökmünde duş gelýär, biziň hem mundan buýana Allanyň arzylan bendelerini azyzlar diýip atlandyrmagymyz gerek.
Beýik rus ýazyjysy Turgenew «Ynsan kalbynyň syrlylygy bimöçberdir, söýgi bolsa şol syrlaryň içinde iň bir açyp bolmajagydyr» diýip, ýönelige nygtan däldir. Kerim Gurbannepesow hem «Şahyrlyk ýanmakdan başlanýar eken» diýip nygtaýar. Şahyrlar şindi ýaş mahallary söýgä uçraýarlar, şol söýgi hem olara ömrüniň ahyryna çenli poeziýa üçin akkumulýator bolup hyzmat edýär.
Poeziýanyň taryhyna ser salsaň — her hili tebigy gudrata-da, emeli gudrata-da gabat gelýärsiň. Orta asyrlardan başlap arap hem pars, hindi hem türki dilli poeziýada şahyrlar her dürli «oýunlar» edipdirler. Giçki orta asyrlarda şol «oýunlar» Ýewropa poeziýasynda dowam etdirilýär. Mysal üçin, zehinine juda göwni ýetýän şahyr bolaýmasa, het edip bilmez ýaly, berk kada-kanuna laýyklykda şahyrlar goşgy düzüpdirler. Günbatarda bolsa, sonetler, sonetler çemenini döretmek däbi girizilýär. Onuň öz berk düzgüni bar, sonetleri her bir şahyr ýazyp bilmeýär. Nobatguly özüniň bir çykyşynda: «Biz ýaşkak Gurbannazar Ezizow iki sany sonetler çemenini döretdi. Şondan soň sonetler çemenini ýazmadyk şahyr galmady. Men ýazmadym, çünki men ýoň bolýan zatdan gaçmagy halaýaryn, ikinjidenem, poeziýa berk düzgün-nyzamly galyby halamaýar, poeziýa ýaşmak gerek däl, poeziýa ýel ýaly erkinligi küýseýär»  diýipdi.
Orta asyrlarda türki dilli köp şahyrlar hatda ylmy işleri hem poeziýa bilen ýazypdyrlar. Ibn Sina özüniň lukmançylyk traktatlarynyň hem birentegini şygyr bilen ýazýar. Emma beýtmek taryhda zerur bolan bolsa hem bu gün, biziň pikirimizçe, gerek däl. Ylmyň öz dili bar, poeziýanyň öz dili. Ýöne Nobatguly poeziýa ylym bolmalydyr diýilýän pikiri inkär edýär. Şonuň üçinem onuň şygyrlaryna ýönekeý okyjy aňsat düşünip bilmeýär. Eýsem, şahyr «Sungat — sungat üçindir» diýen düşünje bilen döredýärmi!? Ýok! Ol bir makalasynda: «Okyjyda okyjy bar, sada daýhan okyjy hem bar, türkana çopan okyjy hem. Ylymlaryň aňyrsyna ýeten professor okyjy hem bar. Meniň pikirimçe, her şahyr öz ýeten derejesinde ýazmaly. Okyjyňy köpeltmek maksady bilen, okyjynyň deňine düşmek özüňe, döredijiligiňe kast etmekdir»  diýip ýazdy.
Nobatgulynyň bu pikiri bilen ylalaşmak kyn, emma ylalaşmazlyk hem mümkin däl. Gurbannazar Ezizow ömrüniň soňky ýyllarynda poeziýanyň sada bolmalydygy hakynda örän köp çykyş etdi. Emma durmuş, dünýä, döwür çylşyrymlaşyp barýar. Meger, ertiriň poeziýasy has çylşyrymly bolsa gerek. Bu mesele ýönekeý mesele däl. Kolumb şahyry Leon de Greýf bütin ömrüne düşnüksiz şahyr diýip kötek iýip ýaşaýar, emma ömrüniň ahyrky ýyllarynda, eýýäm şahyryň şygyr ýazmasyny goýan ýyllarynda birden onuň goşgusyna «düşünmek» prosesi başlanyp, sähelçe wagtyň içinde ispan dilli onlarça döwletde ol iň gowy şahyr hasap edilýär. Ol bütin ömrüne şygyr ýazyp rowaç şahyr bolup bilmeýär, emma ölende dünýäniň iň gowy şahyry öldi diýip dünýä ýas baglaýar. Şeýlelikde, Dag Muhammediň ýanyna geldi. Leon de Greýf okyjynyň üstüne barmady, tersine, okyjy öz beýik şahyryna çenli ösdi.
Nobatguly Rejebowyň poeziýasynyň uly bölegi söýgi goşgularyndan ybarat, şahyryň özi bolsa asuda zamanyň şahyrlarynyň poeziýasy tutuşlygyna diýen ýaly söýgi babatda bolmalydyr diýip tekrarlaýar. Şahyryň poeziýasynda türkmen gyz-gelinleriniň serwi agajy ýaly syrdam katdy-kamaty, gara saçlary, tebigy garaýyşly, säher kibi alkymy, gara gözleri… hatda, türkmen gyzlarynyň atlaryna çenli şeýle bir ýürekden wasp edilýär weli, ol goşgulary kalbyňy gozgalaňa bermän okap bolmaýar. Şahyr özünden ozalky klassyk şahyrlaryň ulanan detallaryny ulansa-da, olara düýbünden täzeçe öwüşgin berýär.

Ýaňy dogan Aýdan, gyýkmajyk Aýdan
Seniň gaşlaryňa düşüpdir kölge.
Heser bilen bulduraýan dideleň,
Garamyk gözleriň — yşykdyr köňle…

Ýaňaklaryň aly — säheriň agy
Ysgadygyň melul eder ysyna.
Çalaja çyzylan gyrmyzy lebleň
Janym alýar meňzäp posaň yzyna.

Lal biçäre seni görse dil açar,
Dilli lal bor: owadan sen, owadan!
Saçlaryň goýberseň çeşme deý akar,
Göwherden jyga ol,
Başa orasaň.

Yşk-söýgi temasy tutuş Gündogarda şeýle bir işlenen, şeýle bir sünnälenen, göwnüňe bolmasa, şol poeziýadan soň şahyrlar yşky goşgulary ýazyp bilmejek ýaly. Türki dilli edebiýatdaky yşky poeziýa bolsa durşuna gyzyla gaplaýmaly dessan. Özem Kiçi Aziýada, Häzirbegjanda, Türkmenistanda gadym zamanlarda derwüşçilik, diwanaçylyk, galandarçylyk, sopuçylyk ýaly aşyklar akymy hem döräpdir. Ýunus Emre, Garajaoglan, Saýat Nowa ýaly onuň ägirt uly wekilleri bar. Aşyklar eline gazma dutaryny alyp, öz söýgülisiniň waspyny edip, oba-oba, kent-şäher söküp il içinde aýdym aýdypdyrlar, goşgy okapdyrlar. Olaryň belli bir ýaşaýan ýeri bolmandyr. Has takygy, olar türki dilli ullakan ýurtlarda söýgülisiniň waspy bilen ýaşapdyrlar, halk olary bagşy diňlän ýaly diňläp, iýdirip-içirip, egnini bitirip, goňşy oba ataryp goýberipdirler. Häzirbegjanlaryň «Görogly» eposynyň baş gahrymany Görogly hem belli bir derejede aşyk şahyr. «Nejeboglan», «Şasenem-Garyp» ýaly meşhur dessanlarymyz hem şol aşyk-şahyrlardan galan miras bolsa gerek. Şol dessur hem Mätäjä çenli formasyny, belli bir ýagdaýda mazmunyny üýtgetse üýtgedip, biziň klassyk şahyrlarymyzda ýaşapdyr. Mollanepesiň, Seýdiniň, Keminäniň, Saýylynyň, Pidaýynyň, Şabendäniň, Andalybyň uly şahyr hem uly bagşy bolandygyny biz bilýäris. Şeýle baý mirasy bolan türkmen edebiýatynda söýgi hakda täze pikir aýdaýmak weli çetin, emma hakyky şahyr täze pikir aýtmagy başarýar:

«Galileý açandyr Ýeriň aýlanşyn,
Ýa-ha söýüp,
Ýa-da serhoş mahaly…».

Nobatguly Rejebow islendik pikiri takyk, göze görnüp duran detalyň, obrazyň üsti bilen aýtmaga synanýar. Ol oňa başardýaram. Şonuň üçinem onuň her iki setiri bir-birine gapma-garşylykly iki pikirden real bir pikiri dünýä getirýär, özem şol pikir şeýle aýdyň hem nakyl, aforizm şekilli aýdylany üçin dessine ýadyňda galýar.

Meni posaň bilen öldür,
                                    men seni
Ebedileşdireýin goşgulam bilen.

Ýa-da:

Maňa iki sany ajal ber Alla,
Öler ýaly şol gözleriň hersinde.

Ýa-da:

Ýa seni taparyn Ýeriň ýüzünden,
Ýa-da seni gözläp ýiter giderin.

Ýa-da:

Labzymy süýjet sen bir posa ber-de,
Ýogsa men pelege gargap barýaryn.

Ýa-da:

Dünýä bäş gün — aňýamyň sen,
Nä lezzetden ganýamyň sen?

Ýa-da:

Ogşa meni, ogşa dilber,
Näme garyp galýamyň sen!?

Ýa-da:

Ýanjak bolup dur sen, ýyldyrym çaksa,
Uçjak bolup dur sen, degäýse elim.

Gadym Arabystanda şahyr Mežnun Leýliniň waspyny edip, Leýliniň janly obrazyny döredýär. Petrarka Lauranyň, Petefi Etelkanyň, Pyragy Meňliniň, Seýdi Hatyjanyň, Zelili Döndiniň janly obrazyny edebiýata getiripdir. Gynansak-da, yşk mülküniň şasy Mollanepes bütin ömrüne gyz-gelinleri wasp edip ýetip bolmaz kämillige çykandygyna garamazdan, onda belli bir at bilen gyzyň obrazy döredilmändir. Örän inçe lirikdigine garamazdan, Keminäniň poeziýasynda bolsa ýigrimiden gowrak gyz-gelniň ady tutulyp, olaryň belli birini bijebaş edip bolar ýaly däl. Şu ýaramaz ýagdaý sowet poeziýasynda hem dowam etdi. Nobatguly şol howpdan halas bolup, özüniň meşhur «Serwi agajy ýa-da sentimental poemasynda» Selbiniň obrazyny göwnejaý işläpdir. Selbi — toslanyp tapylan at, Magtymgulynyň Meňlisi hem hakyky at bolmasa gerek. Çünki biriniň gyzynyň adyny (eger ol aýaly bolmadyk bolsa) bagşylaryň diline berip, ile jar etdirmek türkmen etikasyna gabat gelmeýär. Şeýlelikde, Nobatguly türkmen edebiýatyna Selbiniň obrazyny getirdi. Ol özünden ozalky şahyrlarda hem döwürdeş şahyrlarynda ýok obrazy döretdi. Şol poemadan soň Nobatgulynyň haýsy bir şygryny okasaň hem göz öňüne inçe billi, saçlary başyna jyga kimin oralan, gaşlary taraşly Selbi gyz göz öňünde janlanýar. Epiki poemada beýle obrazy döretmek kyn mesele bolmasa-da, liriki poeziýada, aýna döwükleri ýaly san-sajaksyz goşgulardan bir gyzyň mozaikasyny düzäýmek çyn şahyryň işi.

Şindem göz öňümde hünjüli kirpik,
Çyg basan gara gaş,
Ünjüli dide.
Ter ýaňaga daman damjalar tyrpyp
Al yzyn galdyryp syrygýar bada,
Tirpildeýär sarç gaşlaryň üýşenip,
Üşerýän jeren dek,
Çakýar ýyldyrym,
Gülap ýaly çabgasyna baharyň
Ýuwlan ýaňak,
                        ýuwlan syrly ýylgyryş…
«Selbi» diýdim, «Selbim» diýdim pyşyrdap,
Gözlerimi süzüp: «ezizim» diýdim.
Soň nätanyş, wagşy galpyldy bilen
Bir ajap pursada diledim idin…

Nobatgulynyň döreden Selbisiniň magiki jadyly bir tarapy bar, o-da şahyryň söýgi hakda islendik goşgusyny okasaň biygtyýar çabgada ezilip, ýukajyk köýnegi endamyna ýelmenip duran Selbi göz öňüne geläýýär, hatda söýgi hakda däl goşgusynda hem gyz synasynyň ady tutulsa…

A sen edil didäň ýaly owadan,
A sen edil nazaryň deý jadyly.
Gündizlerne nagra dartyp oýanýan,
Gijelerne samrap gezýän adyňy.

A sen edil sesiň ýaly eýjejik,
Howamyň sen,
                   owazmyň sen,
                                      nurmuň sen?
Otdan alyp, suwa salyp, keýp edip
Saçlaryň deý towlanjyrap dursuň sen.

Eýjejik hem lälijek, tylla balyjak ýaly owsunyp duran Selbi gyz. Dogry, bu goşguda onuň ady tutulanok, emma şonda-da ol göz öňünde. Şahyr bu şygrynda türkmen poeziýasynda şindi ulanylmadyk dürli hilli meňzetmeleri ulanýar. Magtymgulynyň Hudaýa «Seni senden isterem» diýşi ýaly, ol gyz gözelligine deňeşdirmäni hut onuň özünden agtarýar. «A sen edil lebleriň deý ýumşajyk» diýýär weli, ýüregiňe ýumşajyk gyz lebleri goýlan ýaly bolýar.

Sen şindi ýanymda!
                              Dodakda bolsa
Gar ýaly ereýär heserli adyň.
Düýşe girip gitseň sen deý gyz bilen
Neneň bu dünýeden bolarsyň nadyl!?

Şahyryň aýdyşy ýaly, gijeler düýşleriň süýjäp başlaýan ýaşlyk ýyllaryny her kim başyndan geçirendir. Aşyklygyň başy düýşden başlanýar, şahyrlara hem ylahy meý düýşünde berilýär, bagşylar keramatly Babagambar hem-de Aşyk Aýdyň piriň guburyny ýassanyp, düýşünde bagşylyk alýar. «Leýli-Mežnundan» başlap ähli dessanlaryň baş gahrymanlary düýşünde birek-birege aşyk bolýarlar. Umuman, şunuň ýaly ençeme mukaddes zatlar bilen bagly bolany üçin, düýşler ezizligine, pynhanlygyna galýar. Düýş düşünjesi bolsa entek Nobatgulydaky ýaly hiç bir şahyrda şeýle köptaraplaýyn işlenen däldir. Aslynda, dünýä — düýş! Muny Magtymguly aýdýar! Nobatguly bolsa:

Ýaşaýyş — düýş söýleňde,
                          ýaşaýyş düýş söýseň-de
Ýanyma süýş şemala
Saçyň ýaý-da, melegim.
Eger tutsam eliňden,
                          diý sen näme diýseň-de,
Ýöne ýalňyz dilegim,
                            oýanaýma, melegim.

Şahyr «Ýaşaýyş — düýş» atly goşgusyndan başlap, ähli goşgusynda diýen ýaly, düýşüň ezizligini, jadylylygyny, heserliligini, keramatlylygyny gaty inçelik bilen beýan edýär. Şu goşgusynda şahyr şindi türkmen poeziýasynda ulanylmadyk täze formany ulanýar. Özem goşgy şeýle bir erkin, ol goşgy däl-de, rawynyň örän süýjedip berýän jadyly söhbedine meňzeýär. Özem her bendinde, her setirinde täze pikirler, täze meňzetmeler, täze rifmalar ulanýar.

Ýaşaýyş — düýş, ynanaý,
                              gadam bas düýş içre sen,
Bu seleňlik howa däl,
Ýok, ol şerap, ol heser.
Ýeriň aňry ujuna gideli biz isleseň.
Çünki ýollar tükenmez,
Togalag-a çünki Ýer!
Şemalmy bu çolanýan,
                                      ýa-da gara saçyňmy?
Ellerim ýüzsün meniň gara saçlaryň yzlap.
Huşuňdan jyda düşseň, goý egnime başlaryň,
Men huşuma geleýin gar deý alkymyň ysgap…

«Ýüzsün» işligini şahyr täzeçe ulanýar: «Ellerim ýüzsün seniň gara saçlaryň yzlap». Şemal ýaly çolanýan, desse saçlary, topuga ýetip duran saçlaryny sypalaýyn diýmäniň deregine, saçlary yzlap, terezi ýaly terezilenip duran eginleriň üsti bilen, gumrynyň göwsi ýaly ýumry döşlere çenli, inçe bile çenli eller ýüzüp ýör! Ol pursatda näzijek gyzyň düşjek ahwalatyny göz öňüne getirmegem mümkin däl, diňe şahyr «Huşuňdan jyda düşseň, başyňy egnime goýaý, men-ä alkymyň ysgap zordan özüme geldim» diýip, şahyrana netijä gelýär. Beýik rus şahyry Anna Ahmatowa: «Şahyryň her dört setiriniň ikisi ylahy tarapdan berilýän bolmaly, ikisi bolsa şahyryň ussatlygy bilen dünýä inýär» diýýär. Ýöne ýokarky setirlere seredip, olaryň tutuş ylahy tarapdan döredilendigine ynanýarsyň!

Eger yşka uçrasaň,
                             ýürek çatlar — uçmasaň,
Munça bolmaz uçmaham,
Dünýä niçik owadan!
Saňa gözlerim gidýär,
                               söýgä duşup düýş görüp,
Soňam süýji ukudan ýar goýnunda oýanýan!

Şahyr «Ýyldyrym çaksa ýanjak bolup, el degirseň uçjak bolup duran», söýgüsi kirpikmen didelerinde balkyldap görünýän türkmen gyzynyň waspyny edýär. Nobatgulynyň «dar basyp gidende endamy sarsman, topukdan aşagy näz bilen ýöreýän» maýaly-maňyzly, edepli-ekramly, ejap-haýaly, geplemegiň deregine dideleri, sarç gaşlary bilen diýjegini diýip bilýän, Poeziýanyň özi ýaly päkize gahrymany bar. Ol owadan gyz, owadan Selbi ähli söýgi şygyrlarynyň içinden seýkin basyp geçip gidip barýar.
Müňünji ýyllarda beýik imperiýa gurup, Bagdatda eden tansyna (rakysyna) diňe yslam dünýäsini däl, haçparaz hem butparaz dünýäsine sarsgyn beren türkmenler on altynjy asyrdan başlap konserwatizme gol ýapýar. Türkmen bir töwra halk, ol goly tarhanhatly hökmürowan dine-de bimöçber ygtyýar beräýmeýär, goňşy halklar ýaly gyz-gelinlerini çadyraň astynda-da saklamaýar, ýöne türkmençilik çygryndan çykmaga-da hukuk bermeýär. Gyz-gelinleri namysynyň tuguna çenli göteren, olara gyýa göz bilen garan bilen ölüşmäge taýýar türkmen poeziýa bimöçber ygtyýar beripdir. Iki-üç asyr mundan ozal şahyrlar «gysymlap gyşarsam gyz mämeleriň», «emsem lebiň gana-gana», «guçsam inçe billeriňden» diýip, arkaýyn aýdyp bilipdirler. Hany, göz öňüne getiriň, şu günki gün kinosungaty şol setirleriň mazmunyny surata düşürip, tomaşaça hödürlejek bolup görsüň! Emma poeziýada bolýar, ol islän zadyny owadan edip aýdanynda, pornografiýa bolman, gözellik bolýar.

Sen deňze giren deý uklan halatym
Düýşüme girýärsiň… geýmiň çykarnyp…

Ýa bolmasa:

Ýitdi çalymdaky çykarlan geýim,
Pyşyrdaýar derýa bilen üstüne
Şar gara gijäni,
Şar gara saçlaryn atynan gelin.

Pyşyrdy…
                Pygşyldy…
Gelýär ak şekil,
Ýanyp gelýär, zat ýok ony deňäre.
Derýa girip giden asmanyň Aýy
Gelne siňip çykyp gelýär kenara…

Mysallaryň ikisinde-de, gelin ýalaňaçlanýar, emma ol gelin däl, ol duýgy, ol gözellik, şonuň üçinem olar ejaba laýyk.
Şahyr tebigat hadysalaryny, gözelliklerini ideallaşdyryşy ýaly, zenan gözelligini ideallaşdyrýar, zenan gözelligini mukaddesleşdirýär, zenan yşgyny keramatlaşdyrýar, hudaýlaşdyrýar. Göräýmäge, şahyr öz söýýän maşgalasyny hudaýlaşdyrýan ýaly, ýok, tersine, ol şol gyzyň üsti bilen tutuş türkmen gyzlaryny-gelinlerini hudaýlaşdyryp, arşa göterýär. Şahyryň söýgüsi şahsy söýgi, ol öz söýýän gyzyna owadan sözlerden sümsüle ýaly jümle ýasap aýdýar weli, ol müňlerçe-müňlerçe okyjynyň aýdyp bilmän ýören sözlerine öwrülýär. Şahyr «A sen edil lebleriň dek ýumşajyk. A sen edil göwüsleň deý tes-terje» diýýär, şonda okyjynyň öz söýen, söýýän gözeli göz öňüne gelip, bütin ruhy dünýäsi süýjäp gidýär.
Söýgi gözellige, duýgudarlyga, ynsanperwerlige, watanparazlyga, adamçylyga, gahrymançylyga gapy açýar. Ýunus Emreden, Garajaoglandan başlap biziň bilýän ähli klassyk şahyrlarymyz türkmen gelin-gyzlaryny ideallaşdyrdy, mukaddesleşdirdi, diýmek, türkmen okyjysy hem şonçarak ideallaşandyr. Aşyk öz söýen gyzyny adaty Zemin gyzydyr öýtmeýär, ol ony, hiç bolmanda, arşdan inen melekdir, hiç bolmanda, behiştden çykan hüýrdir öýdýär hem-de öz söýen şol hüýrüne mynasyp bolmak üçin özi-de bilmezden kämilleşip başlaýar. Ol Mežnun ýaly wepaly, Garyp ýaly ygtybarly, Perhat ýaly edermen bolmaga jan edýär. Diýmek, ol öz söýgüsine çenli ýokary göterilýär, söýgi bolsa, şahyr aýtmyşlaýyn, dünýäniň depesine göterilen owadan älemgoşar. Dünýäde dirilik suwy abyköwser bar bolsa ol — yşkdyr, söýgüdir. Söýýän adam ähli gahrymançylyga taýýardyr. Nobatgulynyň «Meňli» atly goşgusyndan bir parça:

Dünýäň tütäp duran gamyndan doglan
Akyldar yşkyňdan lowlady, Meňli,
Bagry dogram-dogram Magtymgulyny
Göterdiň baryp-ha
                              Pyraga çenli!

…Ýaşap ýörsüň dünýäň ýüzünde, Meňli,
Päkize nusgasy söýýän zenanyň.
Gören aşyk geda boldy,
Il-gününden jyda boldy,
Magtymguly pida kyldy,
Boýlaryňa din-imanyň, Allasyn.
Sen zeminiň ýüreginde — jigleme,
Ýüreginiň jünbüşi sen asmanyň!

Hany aýdyň, haýsymyz Meňlini Sumbarda ýaşap ýören adaty bir sada gyz hökmünde göz öňüne getirýäris!? Meňli pynhan peri, Meňli Allatarapyn dünýä inen gyz. Meňlini şol derejä Magtymguly göterdi. Meňli hem otly söýgüsi bilen Magtymgulyny dünýäniň iň beýik akyldaryna çenli ýokary göterdi. Şonuň üçinem Nobatguly «Heýkeltaraş bolan bolsam, Magtymgulynyň guburynyň başynda, heýkeliňi goýardym men mermerden» diýýär.
Maksim Gorkiý her bir şahyra öz döwrüne görä baha bermelidigini tekrarlaýar. Biz onuň sözünden ters peýdalanyp, käbir tankytçylardyr, edebiýatçylaryň edişi ýaly, ähli günäni döwrüň üstüne atyp, öz derňeýän şahyrymyzyň nogsanlaryny, bärden gaýtmalaryny, ýalňyşlyklaryny, kemçiliklerini, ejizliklerini ýuwup-ýaýmak pikirinden daşda. Ýöne halys ideologiýalaşdyrylan Sowet eýýamynda tankytdan gypjyn-gypjyn bolan şahyr «hasratly, gamgyn, göwnüçökgün» goşgularyny wagtynda çapdan çykardyp bilmedi, olam isleseň, islemeseň şahyryň az ýazmagyna getirdi. Herhal, şahyr uly söýginiň hasratyny çekýän onlarça gowy goşgy ýazdy. Hawa-da, «ölüsine jynaza okadylmaga gorkulýan döwründe, ölüsine aglamaga utanylýan zamana-da, söýgiňe, aglap bilseň az däl!» Eger bilbil kapasada bolmasa, ol beýle şirin saýrap bilmeýär! Eger, Şandor Petefi öz söýgülisi Etelkany ajala aldyrmadyk bolanda, onuň ajaýyp elegiýalary dünýä edebiýatynyň genji-hazanasyna girip bilmezdi, eger Magtymguly Pyragy yşk hesretlerini mertlerçe çekmedik bolsa, onuň ajaýyp goşgulary şu günki günem Meňliniň agysyny aglamazdy!
Şahyr söýginiň ölümini gutaryş hasaplamaýar, başlanyş hasaplaýar. Ol ylahy taýdan pynhan syr bolan söýginiň ölüminiň psihologiýasyna filosofik akyl ýetirmäge synanýar. Biz muňa Nobatgulynyň «Meňli», «Saňa», «Ýaşlykdan ýatlama», «Seniň ýanyňa», «Seda», «Daglarym», «Ýene gujagyny gerdi penjiräň», «Daraýy donly», «Hoşlaşyk goşgusy» ýaly onlarça goşgusynda, «Serwi agajy» atly ajaýyp poemasynda göz ýetirýäris. Keseki hasrat bolmaýar. Şahyrlaryň, ýazyjylaryň döreden hasratly eserleri bolsa, halkyň hasratly duýgularyna öwrülýär. Gussa batmak her bir adama mahsus, gussadan çykalga tapyp, umytly bolmak weli, her bir kişä başartmaýar. Nobatgulynyň goşgularynda şol ýakymly umyt bar, hatda onuň terkidünýälik bilen ýazan şygyrlarynda-da durmuşa söýgi dyňzap dur. Şonuň üçinem ýokardaky goşgulara hasratly goşgy diýip bolsa-da, göwnüçökgün goşgy diýmek bolmaz. Emma öz döwründe diýdiler, ýepbeklediler. Emma Nobatguly ýazmaly zadyny ýazdy.
Her bir şahyr öz döwrüniň wyždany, ýalaňaç ýüregi, açyk nerwi. Ýanman-köýmän şahyr bolmak mümkin däl, ölmän ebedileşmek mümkin däl. Meger, şonuň üçinem Gurbannazar Ezizow: «Belki, maksadyna ýeten söýgüden, Ýetmedik söýgüler kämildir kämil» diýen bolsa gerek. Ýaşlygynda söýgüsine gowşan şahyrdan hijrana düşen şahyr edebiýata kän aýdym getirýär.

Hoş gal,
            hoş hyýal,
                            boş hyýal,
                                             hoş gal.
Gaýdyp meniň göwnüm düýş deý aldama,
Men seniň däl,
                        men söýgimiň alnynda
Bütin durkum bilen bataýyn gama.
Söýginiň sönenin satdy gözleriň,
Hoşlaş, ýalbarmaýyn ýansa-da jiger.
Durmuş Nobatguly däldir, göwherim,
Durmuş irde-giçde göwnüňe deger…

Şu ýerde bir zady nygtalyň. Geçmişiň meşhur eserleri «Leýli-Mežnun», «Şasenem-Garyp», «Zöhre-Tahyr» we beýleki dessanlarda hijran temasy has kämil işlenendir. Olar söýgi hakdaky dessanlardan aýralyk hakyndaky dessanlara golaýdyr, belki, şonuň üçinem halk olary diliniň senasy hökmünde şu günlere çenli gylyny gymyldatman getirendir. Aşyk-magşuklar biri-birine gowşan badyna dessan tamamlanýar, emma hakyky şahyrlaryň dessanlary — aýralyk hakyndaky aýdymlary bolsa, tä ölýänçä dowam edýändir. Şahyryň liriki gahrymany köýen söýgüsine derek bagryny paralap, söýgi gözleýär, emma söýgi ýeke, ömür ýaly, ölüm ýaly ýeke. Eger ol köp bolanda söýgi hakda goşgy hem ýazylmazdy.
Nobatgulynyň poeziýasy düýş ýaly owadan, nika suwy ýaly süýji, ylahy meý ýaly heserli, fontanlary älemgoşarly dünýä. Onda inçe billi, lebleri posaň yzyna meňzeş, çyrany öçüräýmeseň aklygyndan görünmeýän jadyly Selbi ýaşaýar, şahyr oňa aşyk bolup, ony döreden bolsa, mežnun bolup söýen bolsa, indi oňa poeziýanyň muşdaklary aşyk.

«Bu dünýä Hudaýyň fantaziýasydyr,
ol dünýäni oýlap tapan adamzat!»

Nobatguly tragik şahyr. Nobatguly gapma-garşylyklardan ybarat şahyr. Onuň çylşyrymly, gazaply, ýowuz, gyzma, paýhasly liriki «meni» Lermontowyň, Wiýonyň, Wilýam Bleýkiň liriki «menine» çalymdaş. Ol pes pälli, emma uly ýürekli, kiçi göwünli, şol bir wagtda göwnaçyk, özdiýenli. Nobatgulynyň pikiriçe, dünýä — Allatagalanyň kalby: arassa, päkize, owadan dünýä. Oňa aşyk bolmajak bol, barybir, ol seni söýdürýär. Onda şol beýik gudrat bar. Eger ol özüne muşdak edip bilmejek bolsa, ondanam bir dünýä bolarmy, onda oňa şahyr Allatagalanyň kalby diýermi!

Dünýä neneň ajaýyp,
                            dünýä neneň owadan,
Bir ömüre ýeterlik ajap, seýilgähdir ol.
Görüp gözüň doýmaýan,
                     görüp göwnüň doýmaýan
Söýdürmegen goýmaýan
Yşk deý ýeke-täkdir ol.

Adama ömür hem, ölüm hem, yşk hem, dünýä hem ýekeje ýola berilýär. Taňry dünýä seýran ediň, gudratymy görüň, tebigatyň öleňlerine, ummanlaryna, dag-u-düzlerine aýlanyň diýip bizi ýaradyp, hut şoňa ýeterlik hem ömür beripdir. Emma ýaşamaly dünýäsini paýlaşyga salan adamzat dünýäni nätdi?! Durşuna aran aýlap serhet çekdi, uruşdy, gyrlyşdy, açlyga sezewar boldy, mergiden, görgüden gyryldy. Eýsem adam diňe gara garny, üstüne külbe, aşagyna maşyn, endamyna geýim üçin ýaşamalymy? Ýigriminji asyr! Haçana çenli garnyň bilen pikirlenjek, ynsan! Haçana çenli dünýäniň manysy zenanyň budunda bolmaly?! Haçana çenli adam ogly öz ýasan puluna gul bolup gezmeli?! Şahyry şu sowallar heläk edýär. Ýok, bu sowallar asla şahyryň kosmopolitizme ýykgyn edýändigini aňlatmaýar. Bu sowallar dünýä real seredýän adamyň sowallary. Ol döwürdeşinden dünýä real seretmegi hem talap edýär:

Dostum, dünýä geleniňe ökünme
Hem pany diýp ýigrenmegin dünýäni.
Zemini göterip ýören öküze
Goşanlar goý, goşup geçsin kündäni!

Zemini göterip duran närse ynsap! Baýlyk gazanmak üçin ynsaby kündä goşulan bolsa dünýäniň ýagdaýy çatak. Dünýä arena! Gadym dünýäde onda gladiatorlar birek-biregi hanjardan geçiripdir, Indi her kim birek-biregi al salyp toruna düşürýär. Utýanam-utulýanam, barybir, özüni pida eýleýär. Dünýäniň ýitirýän zady ýok, diňe biz ýitirýäris!

Dünýäň piňine däl:
                           kim sen,
                                     näme sen?
Munda her kes özün eýleýär pida.
Akyldarlaň akly ýetmedik dünýä
Akylsyzlar üçin düşnükli juda.

Şahyryň hem piňine däl: pikiriň gara garnyňmy? — diýmek, gara garnyň — seniň gabryňdyr! Geýim üçin ýaşaýarmyň — geýim seniň kepeniňdir! Baýlyk üçin ýaşaýarmyň — seniň üstüňe atyljak gum alyp gitjek baýlygyňdyr!.. Şahyr «Bölüşmäge gelmedim men terekä!» diýýär, çünki adamzat baýlyk üçin hatda dünýäni ýok etmäge-de taýyn. Şahyr: «Zeminiňi-hä bölüşdiler, asmanyňdan bir habardar bolawer» diýip Taňrysyna ýüzlenýär.
Allatagala dünýäni gije we gündizden, ýagny ýagtylykdan hem garaňkylykdan ybarat ýasapdyr. Haýry hem şeri, söýgi hem ýigrenji, çyn bilen ýalany, şatlyk hem gussany, bagt hem betbagtlygy adamzat dünýä getirdi — özem getiren zatlaryna pida bolýar.

Erkekleň geýmine girdi tişiler, (aýallar)
Kişiler girdiler şeýtan dersine,
Eý, dürs dünýä tersin inen kişiler
Haçana çen ýaşamaly tersine?!

Dünýä türkmen aga ýaly adyl baha kesen ýok bolsa gerek! Türkmen aga dünýä ýalançy diýýär. Dünýä ýalan, ölüm çyn! Ýaşaýyş ýalan, hasrat çyn! Dünýä ähli zady nesýe berýär, emma alanynda gaňryp nagt alýar. Şahyryň liriki meni dünýäniň düýbüne akyl ýetirmek isleýär.

Bilmedim men dünýä akyl ýetirip,
Bilmedim men pany seniň maksadyň.
Ölen akyldarlaň baýdak edinip,
Nä yzyna düşüp barýar akmagyň?!

Sende aglamaly kişiler gülýä,
Toý toýlaýar sende matam tutmaly.
Nirede sen, Alla?
Seniň ýeriňde
Höküm sürýär dünýäň diri butlary!

Ýalan sistemanyň çüýrük ideologiýasy Sowet Soýuzyny her hili edip goramak üçin — Hudaýyň ornuna — Marksizmi, Pygamberiň ornuna Lenini döretdi. Ony duýan şahyr şeýle ýangynly setirleri ýazypdy.
Şahyr döwrüne, jemgyýetçilik pikire, dünýä, çarhypelege protestden başlanýar. Beýik akyldar Magtymgulydan soň, dünýä bilen, pelek bilen, ömür hem ölüm bilen gidişip, adamzat ýaşaýşynyň, dünýäniň mazmunyna düşünmäge türkmen edebiýatynda Nobatguly ýaly çynlakaý ýapyşan şahyr ýok! Şahyr dünýä bilen salyşýar, Alla sygynýar, jany ýanan halaty, çykalga tapmadyk halaty Allany-da inkär etmeden gaýdanok. Ol dünýä akyl ýetirip bilmän, şeýle netijä gelýär:

Dünýä bulam-bujar:
                               düşer ýaly däl,
Tomaşa ol gapdalyndan garasaň.
Dünýäsinden başyn çykaryp bilmän
Han-ha gaçyp ýörmänmi nä Ýaradan!

Nobatguly «Jemşidiň jamy» atly filosofik poemasyny Magtymgulynyň ömrüniň iň soňky üç gününe bagyşlap ýazandygyny ozal aýdypdyr. Magtymguly şahyr ölmeziniň öňüsyrasynda dünýädäki uruşlaryň, adalatsyzlyklaryň, betbagtlyklaryň köküniň gözlegine çykýar. Poemada Adam ata hakynda bir rowaýat getirilýär. Rowaýata görä, Adam atanyň ýetmiş iki ekiz perzendi bolanmyş. Allatagalanyň yradasy bilen Adam ata bir ekiziň gyz taýyny beýleki ekiziň oglan taýyna berip, ählisini öý-işik edýär, emma atalaryndan göwni galan ogullary dil düwşüp, Adam atany öldürmegiň kül-külüne düşýärler. Bu şum pikir Adam ata aýan bolýar. Ol gije Hudaýa nalyş edip, dildüwşügiň amala aşmazlygy üçin ogullarynyň bir-biriniň diline düşünmez ýaly etmegini towakga edýär. Bu, hakykatdanam, şeýle bolýar: ertesi olar bir-biriniň diline düşünmeýär, şeýdibem ýetmiş iki millet döreýär. Şahyr adamlaryň arasyna dil serhedini çekenden: «Eý, atamyz Adam, öz ýüregiňden önen perzentleriň her jüpünden bir millet ýasanyňdan ýalaw ýaly tygdan ölüp gidiberseň bolmaýarmy?» diýip ýüzlenýär. Adamzadyň arasyna çekilen ikinji serhet hem dinler. Muny Nobatguly Pyragynyň adyndan şeýle beýan edýär:

Dört kitaby ýerge ýollady Alla,
«Injili»,
         «Töwrady»,
                           «Zebur»,
                                        «Gurhany».
Taňry dörde böldi ýeriň milletin.
Olar biri-birniň janyny alýa.
«Butparazlar butdan çekse minnetin»,
Tersa «injil» hak diýp berýär gurbany.
«Gurhan» diýip başyn goýýar musulman…
Kim bir edip biler olaň agzyny,
Kim eşider perýadyny-arzyny,
Dört kitaby bilen jahany dörde,
Ili dörde bölen
Ýeriň taňrysy,
Nirde sen, nirde?
Bir Allaň üstünde gyrlyşýar millet!

Nobatgulyny bu ýerde hudaýsyzlykda aýyplap bolmaz, ol asla dinlerem, Hudaýam ret edenok, emma ol dini filosofiýalardan hakykaty gözleýär. Eýse, dinleriň üstünde bolýan uruşlar gaýry sebäplere görä tutaşýan uruşlardan köp bolmasa az däl ahyry. Ol şu ýerde dinlere ynanmadyk Karmatlaryň  filosofiýasyny hem getirýär. Karmatlar dünýäni dört sany çopan harap etdi diýip ynanýarlar.

«Musa — gaýynynyň goýnuny bakan,
Isa eşek münüp em gözläp çykan,
Muhammet — Hatyjaň kerwenin çeken,
Siz jümle-jahany harap etdiňiz,
Adamlaryň arasyna asyl-ha
Geçmez ýaly serhet çekip gitdiňiz!».

Eýse, munuň üçin kim günäkär! Ýere dört dini iberen Taňrymy? Ýa özlerini Hakyň resuly diýip yglan eden pygamberlermi? Jany ýanan şahyr:

Hem diýsem Muhammede,
«Jebir kyldyň ummada,
Şaýyň duşmany sünni,
Sünniň duşmany şaýy,
Bir dälmi ne ikisiniň pygamberi,
Hydaýy?!

Şahyr yslam dinindäki oňşuksyzlygyň hem sebäbini dykgata hödürleýär. Bu erkin pikirler üçin şahyry gönertlemek, dinsizlikde aýyplamak bolmaz. Iýmäge agyz, ýöremäge aýak berlişi ýaly, pikirlenmäge hem kelle berendir Alla adam ogluna! Beýni bolsa şeýle pikirleri orta oklaýar. Emma bu çykalga pikiri däl! Şahyr dert-azar çykalga agtarýar, çykalga bolsa ýok. Çünki ynsanyň pikiri — zemini. Ol ýere görä, ýaşaýşyna görä, gözýetimine görä pikirlenýär, zemini bolsa asman ýaradandyr, Alla ýaradandyr, oňa älemiň aňyrsyna akyl ýetirmän, akyl ýetirmek mümkin däl. Älemiň aňyrsy bolsa tükeniksizlikdir. Älemiň aňyrsy ýok, biziň beýnimiz bolsa çäkli, ol gabyň içinde ýerleşdirilendir. Şonuň üçin şahyr çykalga tapman, göwnüçökgüm netijä gelýär:

Akyl-paýhas nämä zerur,
Tapmasaň gidere ugur.
Sen nä,
           seniň pelegiň hem
Ugur tapman aýlanyp dur.

Dünýäde ähli zat hereketde, emma şahyryň pikiriçe, gelejegem ýok, geçmişem: gelejegem gije, geçmişem. Sagat aýlanyp dur, Aý, Gün aýlanyp dur, ýyldyzlar aýlanyp dur, pasyllar aýlanyp dur, nesilme-nesil ynsan aýlanyp dur, diýmek, biz duran ýerimizde aýlanyp durus.

Ertir gidip agşam öýüňe gelýäň,
Aýlanýarys,
                   san-sajaksyz pikiriň
Aýlanyp durşy deý içinde kelläň.
Eý, sen aýlandyrlyp goýberlen dünýä
Sen nireden gelýäň,
                             sen hanjak barýaň?

Dogrudanam, biz nirä barýarys! Dünýäde hiç bir zat täzelik däl: ýaşaýşam, ölümem, söýgem, uruşam, açlygam, şatlygam, bagtam. Dünýäde ýalňyz täzelik bar, ol hem täze pikir. Ýetmiş ýyldan gowrak wagt SSSR Marksyň ýekeje pikiriniň çygrynda ýaşady, şol pikir üçin işledi, şol pikir üçin ýüzlerçe million ynsany pida edip, dünýäni iki lagere bölüp, ne günlere sezewar etdi. Görüp otursak, ol hem ýalňyş pikir eken. Geljege — kommunizme diýip ýetmiş ýyl yza gidipdiris.
Pikir könelse, ýaşaýyş manysyny ýitirip ugraýar. Täze pikir bolsa ýöne ýere döremeýär. Zerurlyk esasynda döreýär. Täze ýörelgeler pygamberlere Alla tarapyn wahyý üsti bilen ýetirilýän bolsa, täze pikir hem serdarlara, akyldarlara, şahyrlara wagty geleninde asmandan Alla tarapyn berilýän bolarly. Şahyr zemine täze pikiriň zerurdygyny nygtaýar. Çünki ýigriminji asyr bir topar meselede görlüp-eşidilmedik üstünlikler gazananam bolsa, ýeriň çygryndan kosmosa, Aýa barmagy başaranam bolsa, ençeme meselede, şahyr aýtmyşlaýyn, petige diredi. Geçmişdäki şahyrlar ahlak normalaryndan çykmalara janyny ýakyp açgöze «nebsini ýuwdan» diýipdir. Emma Nobatguly «biz nebsini ýuwdan däl, nebis bizi ýuwdupdyr» diýýär. Magtymguly gelin-gyzlar «kemçinlik eýleýip ýygan puluny, düzedip özüne döke başlady» diýse, Nobatguly «Ynsan hüjüm edýär çykan ýerine» diýip, has eýmenjini tapýar. Erkek bilen erkek nikalaşsa, aýal bilen aýal nikalaşsa, olam ynsan ahlagynyň normasyna sygsa, haýwan bilen ynsan çörňeşse — jemgyýetiň çüýrändiginden alamat. Diýmek, zemine arşyň täze pikiri gerek. Täze pikir — täze ýörelgedir. Şahyr özüniň «Meýzana» atly goşgusynda ylhama, ylhamy bagyş eden Allasyna ýalbaryp çykalga agtarýar.

Meýzana,
Meýzana başyma jyga,
Astyma tagt dilemedim Hudaýdan.
Diläp almadym men:
                         haram takdyr hem
Halal talant berilendir Hudaýdan.

Islendik şahyr öz döwrüniň, ýaşaýan jemgyýetiniň, pikirleniş derejesiniň, däp-dessurlarynyň ýesiri bolýar. Emma hakyky talant kämillige ýeteninde şol orbitany terk edip, täze dünýä, öz açan dünýäsine baryp bilýär. «Men ýaňyja doglan köşegiň eşeninden aýrylyşy ýaly, ýaňyja ýumurtgasyny ýaryp çykan düýeguşuň ýumurtga gabyklaryny terk edişi ýaly, öz poeziýamy başymdan aýlap urdum, çünki olar şygyrlaryň iň gowulary. Men mundan buýana şeýle eserleri döretmerin, çünki olaryň iň gowulary ýalan-ýaşrykdan ybarat, gowşagraklary bolsa döredijiniň mertebesini peseldýär» diýip, on birinji asyryň beýik batyl şahyry Al Maari ýazýar. Nobatguly hem öz gezeginde Nobatgulyny Nobatguly eden ýumurtgany ýaryp çykyp, terk etmegi başardy. Onuň ümzügi hakykata gönükdi. Ol ýigriminji asyryň hem öz ýumurtgasyny ýaryp, kosmosa çykandygyny gysgajyk sýurrealistik şygrynda beýan edýär. Adam ýeriň orbitasyny terk edip, kosmosa çykdy, ondan aňryk uçmaga onuň ganaty kämil däl, ondan aňyrda adamzadyň akyly hem ömri ýetmejek giden boşluk ýatyr. Diýmek, aň üçin elhenç çykgynsyzlyk, gapyk tragediýa öňde ýatyr. Ol Pyragynyň «Jem bolup» atly genial goşgusyndan gepbaşy alyp, «Gabrystan» goşgusyny ýazýar.

«Gabrystana bar-da otur pikr eýle»,
Pikr eýle,
              pikr eýle,
                            pikr eýle,
Eger beýniň bolsa kelleçanakda.
Eger pikir eýläp bilseň pikr eýle,
Pikir eýle,
               bessir,
                         bessir! Pal atma!

Liriki gahryman gabrystanyň haýatynyň ýanyna barýar-da, iki dünýäň — bu dünýäniň hem o dünýäniň serhedinde durup, oturyp pikir öwürýär. Onuň pikiriçe, «gabrystan — ýaşaýşyň harmany», jemi.

Hanha,
          Nobatguly,
                            o dünýäň hanha,
Hanha ýaşaýyşyň jemi — harmany.
Tenha ýaşa,
                  agla tenha,
                                   öl tenha,
Çünki oňa diňe ölüp barmaly.
Pikriň bormy!?
Dünýä şunda gutaryp
O dünýä başlanýar mundan aňyrda.
Panynyň manysy,
                            bakyň açary
Nämälim syr bolup ýatyr aňyrda.

Ol syry dirilerden bilýän ýok, ol syry bilýän ölülerden hem gelýäni ýok. Adamzat paýhasynyň serhedi gabrystana baryp tamamlanýar, gabrystana baryp wagt hem tamamlanýar. Gabrystanda wagt ýok. Ähli dinler ruhuň ýaşaýşyna ynanýar hem ynandyrýar. Ylym hem oňa belli bir derejede kepil geçýär. Emma şahyr:

Ölüp tölemeli ýaşaýşyň muzdun,
Ölmeli — heý, munda logika barmy?!
Dirikäň jebr edip öldüren dünýä
Öliňi direldip eýgilik biýrmi?!

— diýip, «Näme üçin Allanyň öz ýaradan bendesi müdimi ýaşaýşa ölüp barmaly?» diýen sowaly goýýar. Soňam şahyr:

Bu dünýä Hudaýyň fantaziýasydyr,
O dünýäni oýlap tapan adamzat!

— diýen täze, geň netijä gelýär. Elbetde, akyl-huşuňy haýran edýän bu ajaýyp dünýäniň, örän kämil adamzadyň öz-özünden döremedigi köre hasa. Hökman biziň eýämiz bolaýmaly! Bizi ýaradan gudratam, bize esewan edip oturan gudratam hökman bolaýmaly. Geçmiş poeziýamyzda, gör, näçe beýik şahyrlar Ýaradana aşyk bolup ony agtarypdyrlar. Gündogarda sufizmiň iň beýik ýyldyzy, iň soňky ýyldyzy Magtymguly hem bagryny girýan edip, Hudaýy agtarýar. Onuň «Ýar senden», «Jahan, eý, dost», «Sataşdym», «Näme sen?», «Aşyk bolmuşam» goşgulary sufistik şygryň ajaýyp nusgalary. Şahyr: «Bir garyp aşyk menem, ýar, seni senden isterem» diýip oda düşýär. «Özi gaýyp, zülpleri ýeldaýa aşyk bolmuşam» diýip, Taňrynyň gaýypdygyny-da aýdýar. Ol «Bihabar» atly ajaýyp goşgusynda:

Sen-sen araýşy jahan, hem jan senden bihabar,
Sen jahana doly sen, jahan senden bihabar,
…Asman diýrler zeminde, zemin diýrler asmanda,
Bir-birinden gümanda, güman senden bihabar

— diýip, Taňryga zemin akylynyň ýetmejekdigini nygtaýar. Ol «Jahan, eý, dost» diýen şygrynda Allatagalany gözläp, sözlemegiň özem «janga jebri artdyrýandygyny» aýdýar.

Sensiz gözümge hergiz görünmez jahan, eý, dost!
Ne jahan, belki, tende ger bolsa sed jan eý, dost!
Dostlaryňa bu işler biwepalyk ermesmu?
Janga jebriň artdyrdyň, açdykça zyban, eý, dost!

Emma şahyr Hudaýy gözleýär. Näme diýip? Magtymgula pany jahanyň baýlygy gerek däl, hanlygy gerek däl, ol gününe kaýyl, emma Haky gözleýär. Birinjiden, Hak — bu hakykat! Şahyryň birinji gözlegi hakykat! Şahyryň daýanjy hakykat!

Ilim-günüm hary-zardyr, gelsin döwlet leşgeriň,
Dini hödür eýleýip sen, ajap kuran gerekmes.

Ol çapawul-basawul zerarly, adalatsyzlyk zerarly il-gününiň hary-zardygyny, ajap Kuran bilen halkyny bagtly edip bolmajakdygyny, türkmeniň alny açylyp, döwlet gurunmaga döwlet leşgerini iberäýmese, çykgynsyz günde galandygyny nygtaýar.
Görýäňizmi, Hudaý gözlemegiň aňyrsynda ikinji bir beýik maksadyň ýatyşyny! Bu ajaýyp pikiri bolsa halkyň pygamberi derejesine göterilen Magtymguly bolaýmasaň aýdyp bolarmy?! Aýdaýyn diýeniňde kelläňe gelermi?!
Nobatguly sufist däl, emma, barybir, Hudaýy agtarýar. Ol Hudaýyň gaýypdygyna, her bir oýnam setir ýazan şahyra görünmejekdigine ynanýar, onuň Taňrydan haýyşy ýekeje: täze pikir ýolla! Ýogsa häzirlikçe real netije şeýle:

Ýaşaýyş — wagtyň ýadydyr,
Adamzat — Ýeriň adydyr.
Bu dünýäde Ezraýyl ýok,
Her kimse öz jelladydyr.

Bir zamanlar Benijan ýerde hökmürowanlyk sürüpdir. Häzir ýeriň eýesi adam, Ýeriň ady — Adam planetasy, emma adam hem ot oýnap ýeri ýok etmäge çenli baryp ýetdi. «Düýä dünýäde gämi süren Nuha, dünýä ýandy diýseň ynanarmy heý». Üstesine adamzat bimany köpelip gidip otyr, köpelip gidip otyr. Dünýä ýaraglanyp barýar, ýaraglanyp barýar, ynsanyň ahlak ýoýulmalary görlüp-eşidilmedik derejä baryp ýetdi. Dünýä güýç-güýç ýeteniňki.

Aran deý dyrnakly iýýändir sende,
Alaçsyz iýilýär paşmakly dünýä.
Nämä näz edýärsiň,
                              syrty ýalaňaç
Owadan lebleri ýaşmakly dünýä!

Dünýä şeýle derejä bardy: Ynsaply kişi naýynsabyň pidasy, hakyky adam haýwanpisint adamyň pidasy. Haýyr bilen şeriň, adalat bilen jahalatyň, çyn bilen ýalanyň, hak bilen nähakyň, söýgi bilen ýigrenjiň, halal bilen haramyň göreşiniň kulminasion nokadyna ýetip, ilkinjileri agbarlan pursady dünýä, Taňrynyň ýaradan ajaýyp, owadan dünýäsine täze pikir gerek! Şol pikiri Nobatguly Rejebow agtarýar, müňlerçe şahyrlar agtarýar, milliardlarça adamlar bolsa asmandan delalata garaşýar.

Edebiýaty öwreniş

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle