Asman meniñ saýawanym
Asman meniñ saýawanym
Gar ýagýar,
agarýar dünýäniň reňki,
Asman saýawanym ygally günler.
Ýagyş-garda maňa busma gerek däl,
Goý, ýagsyn üstüme ap-ak gar güller,
Çünki gar meňki,
Trolleýbus meňki,
awtobus meňki,
Gar geýinen şäher meňki durşuna,
Men gözümiň röwşenini siňdirýän,
Oňa buýsanç bile garap barşyma.
Hol ýykylan çagajygy diňdirýän,
Soň boýna mindirýän,
keýp edýä ýaňky,
Onuň menden sähelçejik beýgelen
Beýikligi meňki
hem keýpi meňki!
Duralgada duran şol gyz meňki däl,
Meňki bolmanda nä ýaňagy meňli
Lak atýaryn,
ol mylaýym ýylgyrýa,
Diýmek, gül ýüzdäki ýylgyryş meňki!
Gar ýagýar,
gyzarýar gözelleň meňzi,
Özgerýär ak zemin,
Dünýä öňki däl.
Bu gün bu dünýäde ähli zat meňki,
Diňe,
diňe,
diňe özüm meňki däl!..
▶ AŞYK-MAGŞUK
—Aýlanaýyn adyňdan.
—Çykaraýma ýadyňdan.
—Gara gaşy ýaýym sen.
—Sensiz ömri nädeýin.
—Sen gijeler aýym sen,
—Sen gijeler älemim.
—Säher şuglasyn alýar
Ak alkymyň alyndan.
—Ylgap geçesim gelýär
Akmaýanyň ýolundan.
—Aýlanaýyn adyňdan.
—Meniň arkadagym sen,
—A sen sapaly jülgäm.
—Diňe saňa gurban men.
—Al asmanda durnam sen.
—Seniň goýnuň düşelgäm.
—Ýaňagyň al—ýanaýyn men.
—Sen onsuzam ýalyn, oglan.
—Alkymyň ak—ýatabilmen,
—Gara saçym ýapyn, oglan.
—Wagt dur duran ýerinde.
—Goý, geçmese geçmesin.
—Sözle, sesiň eşdeýin!
—Lebiň meniň lebimde!..
Gyz gijeler pyşyrdaýar,
Pyşyrdaýar aşyk oglan.
Söýseň nämeler bolmaýar—
Aşyk-magşuk arasynda
Bir günlük ýol ýatyr ýogsam…
▶ AWARA
Seniň salamyňy getirmez ýeller,
Alajym az aramyzy sazlara.
Derdimi diňlemez doň ýürek dilber,
Gamgyn gözde ýaş galmady aglara,
Awara men, men awara, awara.
Zar-zar aglaýynmy Mejnun deýin men,
Ganyp aýralygyň ajy meýinden.
Yşk odumyz zeý alsynmy teýinden,
Indi meniň jigerim ýok daglara,
Awara men, men awara, awara.
«Sen, sen» diýip,
men awara, awara.
Töhmet-ýalan seniň seriň aýlarmy,
Il içre diliňi gysga eýlärmi,
Ýeri aşyk özge gözel saýlarmy,
Ýürek «sen, sen» diýip galsa azara,
Awara men,
men awara, awara.
Dillenmeseň aşyk göwnüm gyýar sen,
Dillenmeseň perwana deý köýer men,
Gel, ýürekden aýdymlarym oýar sen,
Serwim, seniň gyz göwnüňi awlara,
«Sen, sen» diýip men awara, awara.
▶ AÝDYM
Gurbanaly-Magrupa
«Aparyň gözlerin köpeý oglunyň,
Ah eşitsin aýdym küýsäp gelenler.
Bu gözleri gören gyzlar hüýlener,
Hamyla bor sesin eşden gelinler!»
Saltyk bagşyň3 gözlerini oýdular.
Diýdiler: «Ömrüňi aglap geçir sen!»
Diýdiler: «Gidiber tapsaň ýurduňy!»
Gelýär bagşy ýat ilden däl,
hijirden.
Gursagynda tüweleý deý aýlanýar
Bendiligiň howasynyň ýuwdumy.
Bagşy aýdym aýdýar ýanyp hem bişip,
Mergenleriň algyrynyň yzyny,
Gaplaňlaryň öz awunyň ysyny
Yzarlaýşy ýaly
jülgeme-jülge,
Gelýär aýdymynyň yzyna düşüp…
«Artyknyýaz atly ýarym amanmy?»…
«Ilim-günüm, mähribanym amanmy?»
Gözün köwlediler Saltyk şahyryň:
Sypyryldy dünýäň ýüzünden perde.
Bir seretse, aýyl-saýyl görünýä
Jahalatda,
gamdyr gussa-da,
şer-de,
Gör, neneňsi gara ýanyk ekeniň
Şahyra hüýr bolup al salan dünýä!
Keremli daglara şygryny aýdyp,
Saltyk nagra dartyp gelýär,
gelşi deý
Ýyldyrymyň yzyn alyp gübürdiň,
Harasadyň yzyň alyp ýagmyryn.
Hol entekde bolsa türkmeniň ýurdy,
Çöregi çykarlyp duran tamdyryň
Beýhuş edýän ysyn
kükedip durdy.
«Artyknyýaz atly ýarym amanmy?»
«Ilim-günüm, mähribanym amanmy?»
Oba-oba,
syrgyn-syrgyn aýlanyp,
Aýralyk hakynda aýdymyn aýdyp,
Aýlanyp ýör Saltyk:
Misli ol geçmişiň galkynan ruhy,
Misli para-para göýül deý göwün.
…Oýup ýasarlar heýkeliň gözün!
* * *
Atymyn aldyrmaz türkmen gyzlary
Çölde ýören jeren ýaly sakdyrlar.
Gara gözleriňde jadyň bolmasa
Her mergene,
Her görgene atdyrmaz.
…Daýan! Ol gözeli derde goýan sen.
Gitme ýigit, gitme yşkyňdan geçip.
Çarkandaksyz ýollar söýgä barmaýar,
Sen söýgä barmarsyň müşgilden gaçyp.
ÝA okuň jerenden sowa geçdimi,
Ýa-da pagtabentmi ol atan gülläň?
Ýaraly galdyrma gaçan maralyň,
Ganyny sarkdyryp ýörenin bilmän.
Gülle degse çyn mergenler bilýärler.
Gitme ýigit «wah bolmady» diýipler.
Ýaralanyp,
Ýalňyz galyp ölýärler.
Başarnyksyz saýýatlardan keýikler. Goşgular