| | |

Durmuş Nobatguly däldir, Göwherim -2: Poeziýanyñ ýiligi — poeziýanyñ milliligi

Durmuş Nobatguly däldir, Göwherim -2: Poeziýanyñ ýiligi — poeziýanyñ milliligi

2. Poeziýanyň milliligi — poeziýanyň ýiligi

Halkyň poeziýasy — halkyň ruhy hazynasy, halkyň milli baýlygy. Şahyr islendik stilde, dürli formada ýazyp biler, ak goşgam, «gök» goşgam ýazyp biler, taryhy goşgam, fantastiki goşgam ýazyp biler, ol onuň öz işi, emma onuň şygry milli bolmasa, ol şygry halk almaýar. Goşgynyň ruhy, pikirlenişi milli bolmasa, şol goşgy gowulygyna garamazdan, söweşde alnan olja ýaly bolup, edebiýatymyza garylman-gatylman ýatar. Millilik näme? Oňa düşünmek mümkin, düşündirmek müşgil. Bütin ömrüne Watanynyň waspyny edip watançy, milleti hakynda ýazyp milli şahyr bolup bilmedik gyt däl, emma Halyl Kulyýew ýaly ürç edip Watany, halky hakynda ýazmanam türkmeniň milli şahyry bolup bolýar eken. Gije-gündiz «il beýik», «türkmen beýik» diýip gygyryp, hökümet tarapyndan halk şahyry diýlip resmi at alyp, zor bilen mekdep programmasyna girip, oňa-muňa özüni öwdürip, halkyň şahyry bolup bilmedik hem gyt däl, emma şindi dirikä bary-ýogy şapbat ýaly ikije kitap çykardyp, Gurbannazar Ezizow ýaly halkyň şahyry bolup bolýan eken.
Eýsem, millilik, halkylyk näme?
Sowet häkimiýeti ýyllarynda Watan diýen taryhy düşünje SSSR bilen, halk diýen taryhy düşünje bolsa sowet halky bilen çalşyryldy. Türkmeniň dili, ruhy, taryhy, edim-gylymy, mertebesi, mertligi… hakynda ýazaýmaga sanlyja şahyr milt etdi, ýöne olaryň ýüzlerini sypaman, darakladylar, haçanda türkmen halky Garaşsyzlygyny alyp, berkarar döwletini gurup başlaly bäri türkmen temasy poeziýada iň bir ýörgünli tema öwrüldi. Bu gutlamaly zat! Bizde Watanymyzdan arzyly zat ýok, halkymyzdan beýik düşünje ýok! Aslynda, her bir hakyky şahyr öz halkynyň, öz topragynyň, öz ýurdunyň aýdymçysy! Şahyr halkyňy, topragyňy, Watanyňy söýmegiň ölçegi. Nobatguly Rejebow aýtmyşlaýyn, energiýanyň kiwwaty wagt bilen, güýjüň kuwwaty at güýji bilen ölçenilse, Watana söýgi şahyry bilen ölçenilmelidir. Şahyryň söýgüsi Watanyny, halkyny beýgeldýär, tersine, halkyň şahyryna söýgüsi şahyra ölmez-ýitmezligi bagyş edýär.
Emma soňky ýyllar türkmen poeziýasynda türkmeniň beýikligi, gözsüzbatyrlygy, mertligi… delilsiz, şeýle bir gözdençykma wasp edilmäge başlanyldy, hamana, Allatagala türkmeniň palçygyny ýerden däl-de, başga planetadan getiräýen ýaly, hamana, türkmen Adam atanyň kowmundan däl-de, Allatagala aýratyn ony perişde kowmundan ýaradan ýaly… Bu duýgy ajaýyp duýgy, ýöne ol duýgy öz ýanyňdan bolmaly.
Bir halk beýleki bir halkdan beýik däldir, ýöne bir halkyň beýleki bir halkdan artykmaç tarapy bolup biler: gadymy bolup biler. Ana, hakyky zehin ilki bilen şony saýgaryp, şol artykmaçlygyny dünýä ýaýyp, öz halkyny beýgelder. Şeýdip bilen şahyr halkyň milli şahyry bolýar. Emma «halkym beýik», «halkym gadymy» diýip gygyryp gala alyp bolmaýar. Metjidiň töründen ymamyň orun alşy ýaly, her kes şowhunly goşgulary bilen dessine halkyň, il-ulusyň söýgüsini gazanyp, milli şahyr boljak bolup hut halkyň kalbyna ullakan hüjüm başlandy. Düýn eline galam alan ýaş ýigit: «Men seniň şahyr ogluň, türkmenim!» diýip arkaýyn ýazyp ýör. Bir halkyň ogly bolmagyň nähili belent mertebedigini, ol mertebä nädip ýetilýändigini ol bilenok. Ýüzlerçe-ýüzlerçe kişiler halkyň şahyr ogly boljak, emma halk olaryň setanda-seýranda birine şahyrym diýýär.
Her bir şahyryň milliligi şahyryň ruhy hazynasynyň baýlygy, gözýetiminiň giňligi, pikirleniş ukybynyň çuňlugy, dünýägaraýşy, ylmy derejesi, şahsyýet mertebesiniň önümi hökmünde, miwesi hökmünde şol şahyryň goşgularynda görünýär. Nobatguly Rejebow gadymyýeti gowy bilýän, ondan peýdalanyp bilýän şahyr. Ýöne ol, köplenç, gadymy rowaýatlary özi döredýär. Şahyryň «Gedaý bagşy» atly tragediýasy kiçijik bir rowaýat esasynda dörän pýesa. Özem öz döreden rowaýaty esasynda. Gadym zamanda bir bagşynyň öýüni talap, aýalyny öldürip, iki-üç ýaşlyja ogluny oljalap gidýärler. Bagşy ençeme ýyl ogluny atly-ýaragly agtarýar, hojalygyny tozdurýar, terkidünýälige urubam dutaryny alyp, ogul gözlegine çykýar. Ol ýat illerde aýdym aýdýar, aýdymyna düşünmedik iller oňa «Gedaý bagşy» lakamyny dakýarlar. Görgüliniň aýdymyny ýakyn illerem, ýat illerem söýýär, hatda ony şalar hem köşgüne çagyryp aýdym aýtdyrýarlar. Şonuň ýaly bir çakylykda Kaýsar atly şa onuň aýdymyndan ganyp bilmän, bagşa serpaý baryny ýapdyrýar. Bu zatlar «Gedaý bagşy» tragediýasynda bar. Ýöne Nobatguly tragediýa girmedik bir pikirini «Gedaý bagşy we Kaýsar şa» ady bilen goşga salýar. Serediň, şol goşguda şahyryň milliligini: Gedaý bagşy ogluny agtaryp, ilden-öýden-öwzardan jyda düşendigini, «Watandan galanym — ýalňyz dutarym, aýt-da şundan gaýry näme zadym bar» diýýär. «Garda-gaýda ýatanymda ýabany, süňňümiň kesege dönen halady, çyg çekenem däldir meniň dutarym, men ýalaňaç gezdim, aç gezdim, emma ki mahmaldan tikdirdim gabyn».

Durnany gonduryp dutarym bile,
Galtamany,
                  garakçyny aglatdym.
Jellatlaryň depe saçyn üýşürip
Bagryn gan öýdürip
                             matam baglatdym.
Saýry sanyp daşym gallanda duşman,
Agyp-dönüp är dek söweş edemde.
Ýetmiş ýerden ýara düşdi bedenme,
Emma weli degdirmedim asyl-ha,
Dutaryma duşman tygyn, Kaýsar şa.

Nobatguly türkmen şahyrlarynyň içinde ilkinji bolup türkmeniň beýikliginiň subudy bolan türkmen bedewini, türkmen halysyny, türkmen dutaryny… türkmeniň beýikliginiň simwollary derejesine götermäge synanyşyk etdi. Bu şahyra başardypdyr hem. «Görogly» eposy alym Ahmet Bekmyradow aýtmyşlaýyn, «türkmen aty hakynda epos», ýöne şol bir wagtda ol türkmen dutary hakyndaky epos hem. Göroglynyň baş ýaragy — dutary, dutary onuň baş ýaragy, syýasaty. Eposda Görogly ýüz ýola ýaralanýar, emma rawylar ýokarky pikiri aýdyp bilmändirler, ony Nobatguly aýdýar. «Agyp-dönüp är dek söweş edemde, ýetmiş ýerden ýara düşdi bedenme, emma dutaryma duşman tygyn degdirmedim». Gör, nähili beýik pikir!

Dutaryňy sat diýsene, Kaýsar şa!
Sorap syrgynlary,
                           küren illeri,
syryp şemal kibi soňsuz ýollary,
Ýalňyz aglap,
Ýalňyz gam-gussa batyp,
Ýat illerde kalbym berbat eýledim.
Ýalňyz söhbetdeşim,
Ýalňyz syrdaşym,
Dutarym oglum deý bagryma basyp,
Men perýat eýledim,
                                il-gün eňredi,
Agymy-aýdymmy aňşyryp bilmän
Didesin ýaş edip bagryn dildiler.
Saňa dutarymy satsam, Kaýsar şa
Onsoň meniň türkmendigim kim biler?!

Müňlerçe halkdan ybarat dünýä üçin bir halk bir maşgaladan uly däl. Şol uly maşgala türkmen diýýärler. Türkmeniň ýalňyz syýasaty bar, ol onuň dutary, türkmeniň ýalňyz bir syrdaşy, söhbetdeşi bar, ol onuň dutary. Ärsarybaý «Halky aýdym-saz bilen agzybirlikde saklap bolar» diýen ynanjy bilen mahal-mahal türkmeniň ähli bagşy-sazandasyny çagyryp, ullakan toý geçirer eken, toýda aýdym aýtdyrar eken. Dogrudanam, adamlar ol toýdan soňky toýa garaşyp agzybirlikde ýaşapdyrlar. Balkan sebitlerinde toýuň iň uly baýraklarynyň birine Ärsarybaýyň baýragy diýýärler. Gadymyýetde dörän bu ýörelge entegem dowam edýär. Çuwal bagşynyň bagryna basan gara gazma dutaryny şahyr Gurbanaly Magrupy, ýagny Saltyk bagşy bagryna basyp, ýat illerde aýdym aýtmakdan boýun towlap gözüni çekdirendir, Şükür bagşy bolsa şonuň ýaly ýat ilde saz çalyp agasyny bendilikden boşadandyr. Şahyr Gaýyby gözi gyzaran azgyn hem nadan hanyň ölüme höküm eden otuz-kyrk bagşysyny gara gazmasy bilen aýdym aýdyp boşadandyr. Aba serdar söweşe ugrajak güni ýörite bagşy diňlän bolsa, Baýram han söweş gyzanda Göroglydan aýdyma gygyrar eken. Seýitnazar Seýdi ertir söweşe ugramaly diýlen güni ýigitlerini daşyna üýşürip, ar hakda, namys hakda, Watan hakda, söwer ýar hakda aýdym aýdar eken. Aňyrda, has aňyrda bolsa biziň Gorkut atamyz her bir oguz ýygnagynda, ýaş ýigide at berip, söweşde rüstemlere serpaý berip, boý boýlap, goluna sazyny alypdyr. Diýmek, türkmen aga döräli bäri, onuň söhbetdeşi — mähriban topragy, gara daglary, çöli, derýasy; türkmen aga döräli bäri, baş söhbetdeşi — dutary. Şonuň üçinem Nobatguly öz gahrymanyna: «Eger dutarymy satsam, onsoň meniň türkmendigim kim biler?!» diýdirýär. Gedaý bagşy ýat illere olja düşüp dilini ýitiren ogluny dutardan gaýry haýsy gudrat arkaly tapyp biler. Ol:

Men bir jeset — şu dutarda iňňildim,
Men bir maslyk — şu dutarda janym bar.
Men ykmanda — şu dutarda milletim —
Gaýry ne bir imanym bar, dinim bar —

diýip, şol dutary bilen tarhan hatly deý şalaryň köşgüne girip, hökümdarlary dutaryna tabyn edendigini aýdýar.

…Şu dutarym bile
                             tarhan haty deý
girip gitdim ýowuz şalaň köşgüne,
girip gitdim pukaralaň göwnüne,
şu dutar ýat ilde dilim düşürdi.
Sazym diňläp maňa düşündi saýry,
Bir mahallar dilin ýitiren oglum,
Bir mahallar ilin ýitiren oglum,
Näme tapyp biler
Dutardan gaýry.

«Gedaý bagşy» türkmen dutary hakynda ýazylan ajaýyp tragediýa. Nobatguly «Gedaý bagşy we Kaýsar şa» atly rowaýat goşgusynda hem dutaryň gudraty hakdaky pikirini ösdürýär. Häzir gaýry planetadan gelmişek uçup gelse, onuň bilen nähili dilde gepleşjek?! Alymlar matematiki dilde diýýärler, şahyryň pikiriçe bolsa, saz bilen düşünişip bolýar. Dutar — tutuş halkymyzy bir ojaga jemläp duran ruhy ojak, dutar — başga halklaryň içine gitseň, biziň dilmajymyz, ilçimiz!
Kommunistik ideologiýa — halklaryň dostlaşmagy, doganlaşmagy üçin köp alada edip, umumy sowet halkyny kemala getirdi, ýöne şu ýerde bir netikazalyk edilýärdi. Her kim rus dilini, SSSR-iň taryhyny hökman biläýmelidi, öz diliňi, öz taryhyňy bolsa bilmeseň has gowudy. Şeýlelikde, inkubatoryň jüýjesi ýaly, emer-damaryny bilmeýän, taryhy köklerini ýitiren, ata-baba däp-dessurlaryny könäniň zyýanly galyndysy hökmünde taşlan, biasyl adamlar tapgyrlaýyn ýetişip başlady. Ony halka wagtynda duýdurmak zerurdy. Anha, Nobatguly Rejebowyň «Gedaý bagşy» tragediýasy gadym zamanda olja bolup ýat illere siňip giden çaga hakynda ýazylan tragediýa däl, ýok, ol hut gözümiziň öňünde dilini, däp-dessuryny ýitirip «sowetleşýän» adamlar hakynda ýazylan tragediýa. Elhenç tragediýa. «Gedaý bagşy we Kaýsar şa» atly goşgy hem şol elhenç tragediýa girmedik pikirleri gönümelräk aýdyp bilen şygyr. Ol döwürde şeýle batyrgaý pikirleri aýdyp, şeýle pikirler bilen jemlemek üçinem şahyryň şahsyýet bolmagy gerek.

Gan dökýändir ady — soltan, ady — şa,
Onsoň dutar nämä gerek patyşa?!

Nobatguly Rejebowyň «Türkmen dili» atly şygry onuň «Topragyň tagamy» atly ilkinji goşgular ýygyndysynda çap edildi. Goşguda türkmen dili hakynda gaty batyrgaý pikirler aýdylýar, elbetde, şol döwrüň gözi bilen baha bereniňde. Şahyr türkmen diline gepleşik serişdesi hökmünde seredenok, tersine, oňa halkyň tutuş taryhda ýygnan ruhy baýlygynyň hazynasy hökmünde garaýar. «Akyl bolup galan sende danalar, nakyl bolup galan sende babalar» diýen ýaly gönümel didaktiki pikirleri aýdýar-da, birden Nobatguly öz original Nobatgulyny görkezýär.

Ýesir düşen gerçekleriň dymmasy
Galypdyr mukaddes dymyşlyk bolup.

Türkmen dilinde dymyşlyk galypdyr, özem taryhdan şu güne galypdyr. Näme, şu günki türkmen eýsem dymmany hem oňaranokmy? Oňarýar, gaty oňarýar, çünki olara ýesir düşen gerçekleriň dymmasy dymyşlyk, mukaddes dymyşlyk bolup galypdyr. Nähili çuňňur pikir! Bu pikire akyl ýetirmek üçin, baý dymarsyň-a… Ine, Nobatgulynyň milliligi şu ýerde. Bu onuň janyny ýakýan, örtenýän zady. Ol örtenme ýeňil-ýelpaý zat üçin örtenme däl. Ol türkmen halkynyň milliligini, halkylygyny, türkmenligini saklamagy, olary soňky nesle ýetirmegi. Ol türkmeniň milliliginiň, diliniň, taryhynyň ýitip gitmeginden elheder edýär. Nobatgulynyň şahyr ýüregi türkmen halkynyň milliliginiň, diliniň, taryhynyň üstüne aýylganç howpuň abanandygyny duýupdyr. Şol aýylganç howpy ol assyrynlyk bilen halkyna aýdýar, duýdurýar. Diňe bir aýdyp, duýduryp hem oňaýanok. Beýle ýowuzlyga ýol bermeli däldigini berk aýdýar. Bu habar-signal üçin Nobatguly özüne uly howpuň abanandygyny duýan däldir diýmek sadalyk bolar. Ýöne raýatlyk, şahyrlyk borjy ony dymdyran däl bolsun gerek. Onuň pikiri örän aýdyň:

Eger diri bolsa türkmeniň dili
Gelejegim diri,
Geçmişem diri…

Nobatguly goşgusyny şeýle pikirler bilen tamamlaýar. Oturyp oýlanyp gör, türkmen dili döwlet dili däl, ol ösmeg-ä beýlede dursun, ölüp barýan dil. Her kes orsçany öwrenjek, her kes wezipe-dost aljak. Eger mekdep partasynda okuwça türkmen dili öwredilmeli bolsa, onda ilki bilen şu goşgy ýatlanmaly dälmi? Şeýle täsirli, ýiti goşgy türkmen şahyrlarynda başga ýok. Şonuň üçin şu goşgy ilkinji nobatda okuwçylara ýetirilmeli, öwredilmeli, ýat tutdurylmaly diýip pikir edýärin.
Ýadyňyzdadyr, durgunlyk ýyllary döwlet ýygnaklary, zawod-fabrikleriň ýygnaklary beýlede dursun, kolhozlarda, sowhozlarda geçýän ýygnaklaram, çagalar bagynda geçirilýän işlerem ors dilinde alnyp barylýardy. Hatda türkmen dili hakynda ýazylýan ylmy işlerem rus dilinde ýazylýardy. Şeýle bolanda, ol türkmen diliniň ölüp barýandygyny aňlatmaýarmy! Şahyr «Latyn dili» atly goşgusyny ýokarky goşgusyna goşmaça-düşündiriş hökmünde ýazypdyr. Ol bir mahallar ölen latyn dilini mysal edip, türkmene hüşgärligi ündeýär, diliň ölse düşüljek ýagdaýy beýan edýär. Şahyr latyn diliniň dünýä ýaly gadymylygyny, öz köklerini gadym dünýädäki gowaklardan alyp gaýdýanlygyny ýazyp:

Ogullaryň taşlaýşy deý atasyn,
Obaň taşlaýşy deý gabyrstanyny,
Taşlap Plininiň kiçi ulusyň,
Taşlap watanyny,
Gitdi il-ulsy…
Ol gugaryp galan ýurt deý ses edip
Terki dillerini saklap bilmedi…
Ol öldi.
           Jaýlaman onuň jesedin
Gölegçi deý dargap gitdi milleti.

Indi ýokarky iki setire-de üns beriň. Eger türkmeniň dili diri bolsa — ol şindi dirimi, dälmi — ony kesgitlemegi okyja goýýar: pikir et, eger seniň diliň diri bolsa, geljegiňem diridir, geçmişinem! Eger diliň ölüp başlan bolsa geçmişiň-ä bir öler, üstesine-de geljegiň hem öler. Diýmek, türkmen öler diýen eýmenç pikiri şahyr ýönekeýden sadalyk bilen aýdyp bilýär. Nobatgulynyň millilik, paýhaslylyk, inçelik ýüzi şeýle meselelerde has aýdyň, açyk görünýär.

Edebiýaty öwreniş

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle