Iniñi düýrükdiriji sorag-jogap: Jynlar hakda nämeleri bilýärsiñ?
Iniñi düýrükdiriji sorag-jogap: Jynlar hakda nämeleri bilýärsiñ?

Bu testi gijelikde we ýeke wagtyñyz jogaplaýjy bolaýmañ!..
1. Jynlar nämeden ýaradylypdyr?
 — Bilemok, adynam tutup biljek däl. 
 — Otdan. 
 — Toprakdan.
2. Jynlaryñ edil adamlar ýaly ömür müddetleri barmy?
 — Hawa, bar. 
 — Olar ýalam zat bormy! Jynlar ölenog-a. 
 — Ýok.
3. Jynlar kapyr we musulman diýip, iki topara bölünýärmi?
 — Hawa, bölünýär. 
 — Bilemok, bolup biler. 
 — Nirden çykdy beýle sorag?
4. Adamlar jynlary görüp bilýärmi?
 — Görüp bilmezler, elbetde! 
 — Görüp bilerler, beýle zat mümkin. 
 — Toba estagpyrylla! Sizden ýaña gije uklabam bilmerin indi!
5. Jynlaryñ adamlardan ýokary aýratynlyklary barmy?
 — Bilemok, ýöne bu soragdan soñ gyzyklanmanam durmadym. 
 — Elbetde, bar. 
 — Bar bolmagy mümkin, bilemok.
6. Jynlaryñam adamlaryñky ýaly ynanýan dini barmy?
 — Birinji gezek eşidýärin. 
 — Bu soragy bermediñiz hasap edýärin. 
 — Bar.
7. Jynlar adamyñ keşbinde gözümize görnüp bilermi?
 — Görnüp bilmez, diñe haýwanyñ keşbine girip biler. 
 — Görnüp biler. 
 — Bilemok, görnäýende-de meniñ nähili boljagym göz öñüme gelýär.
8. Jynlar we adamlar biri-birlerine öýlenip bilerlermi?
 — Öýlenip biler. 
 — Bilemok, galyñdyr süýt hakysy bolmasa, kynam bolmaz. 
 — Öýlenip bilmez.
9. Jynyñ we adamyñ jübütleşmeginden çaga doglup bilermi?
 — Mümkin däl! 
 — Doglup biler. 
 — Kellämi mazaly bulaşdyrdyñ, näme diýýäñaý?..
10. Babylda jyn bilen adamyñ nikasyndan doglan çagalara näme diýlipdir?
 — Ömrümde beýle zat eşitmedim! 
 — Ynjyn. 
 — Magi.
Taýýarlan Guwanç MÄMILIÝEW. Geň-taňsy wakalar
