|

Fransiýadaky «Şehitler düzlügi»

Fransiýadaky «Şehitler düzlügi»

FRANSIÝADAKY ŞEHITLER DÜZLÜGI

Ýaşlykda "Fransiýa" diýilse, ilki bilen Pariž, Eýfel başnýasy, Sen derýasy, ýazyjy-şahyrlaryñ uzakly günläp warsaky gurap oturýan kafeleri göz öñüme gelerdi. Meselem, Fransiýanyñ Bordo şäheri diýlende, köpimiziñ ýadyna fransuz şeraby düşýär. Ýa-da Lion diýlende, "Olimpik Lyon" futbol klubyny ýada salarys…
Men birnäçe wagt bäri Fransiýanyñ Tur şäherinde bardygy rowaýat edilýän "Şehitler düzlügi" hakynda maglumat toplamaga çalyşýardym. Doktor Mehmet Özdemiriñ "Andalus musulmanlary" ("Endülüs Müslümanları") atly üç tomluk kitabynda bu barada bary-ýogy iki sahypalyk maglumat tapdym. Internetiñ gözleg düwmesine "Şehitler düzlügi" diýip ýazyp gördüm, garşyma ýene Mehmet Özdemir çykdy. Diýmek, "Şehitler düzlügi" Mehmet Özdemirden başga alymyñ ünsüni çekmedik bolarly….
Özdemiriñ "Şehitler düzlügi" hakynda ýazanlary meniñ aşakda ýazjaklarymdan has giñişleýin we düşnükli. Şeýle-de bolsa, aşakda okajaklaryñyz geçmişde musulmanlaryñ yslamyñ hatyrasyna niçiksi horluklara döz gelendikleriniñ, neneñsi beýik işleri başarandyklarynyñ hakyky kyssasydyr. Belkäm, makalany okap bolanyñyzdan soñ, birsalym oýurganyp durarsyñyz. Makalamyñ çykan bu gazetini ("Millî Gazete") Fransiýadan abuna ýazylyp, okaýanlaryñ bardygynam bilýärin. Olardan etjek ýeke-täk haýyşym: Tur şäherine gitsinler, "Şehitler düzlügini" gözläp tapsynlar, ol ýerde bir-iki sagat şemalyñ sesine gulak salsynlar we yslam şehitleri üçin doga-dileg etsinler…

Yslam goşunlary Fransiýada Ýewropany eýelemek üçin 718-nji ýylda Semh ibn Mälik el-Hawlaniniñ serkerdeliginde köpçülikleýin harby operasiýa başlapdyr. El-Hawlani şol ýyl Pireneý daglaryny aşyp, franklaryñ golastyndaky Gallere girýär. Sempimaniýa sebitiniñ merkezi bolan Narbonany (Arbune) eýeläp, ol ýeri yslam goşunlarynyñ daýanç nokadyna öwürýär. Yzýany bilenem Akitaniýa ýöriş edýär. Ýöne sebitiñ merkezi Tuluz şäherinde gersog Eudesiñ güýçli garşylygyna uçraýar. Gazaply çaknyşyklaryñ dowamynda El-Hawlani we köpsanly musulman wepat bolýar. Semhiñ ornuna geçip, Andalusyñ (Ispaniýanyñ) häkimligini boýnuna alan Anbese ibn Süheým el-Kelbi harby operasiýalary togtan ýerinden dowam etdirýär. Ýöne ol Tuluzyñ üstünden gitmän ilki Liona, ol ýerdenem Pariže 30 km uzaklykda ýerleşen Sens şäherine çenli gidýär. Emma yza dolananda Bask diýen ýerde ýerli ýaşaýjylaryñ guran duzagyna düşüp, olam Semh el-Hawlani ýaly wepat bolýar. Semhiñ, Anbesäniñ we olaryñ yzyna düşüp giden esgerleriñ söweş meýdanlarynda gahrymanlarça şehit düşmegi, bular ýaly ýagdaýlara öwrenşen musulmanlary basyp alyjylykly hereketlerden dönderip bilmedi. Gaýtam 732-nji ýylda Abdyrahman el-Gafiki 70.000 esgerden ybarat goşun bilen Galleri eýeläp, Fransiýanyñ jümmüşine aralaşmak üçin Kordowadan çykdy. Ol öñünden çykan garşylyklary derbi-dagyn edenden soñ Galleriñ merkezi şäheri bolan Bordo şäherine ýakynlaşdy. Ol ýoluna böwet bolmak islän Galleriñ gersogy Eudesi Dordoniýa derýasynyñ boýunda agyr ýeñlişe sezewar etdi. Bordo şäheri doly musulmanlaryñ eline geçýär. Yslam goşuny mundan soñ ýurduñ ikinji möhüm şäheri Tura ýönelýär. Gersog Eudes çykalga gözläp Frank imperiýasyndan kömek soramaga mejbur bolýar. Şarl Martel Gallerden soñ gezegiñ Frank imperiýasyna geljegine gowy düşünýändigi üçin Eudesiñ haýyşyny ýerde goýmaýar we doly taýýarlykly goşun bilen yslam goşunlarynyñ elindäki Tura gaýdýar. Aýgytly duşuşyk 732-nji ýylyñ 12-13-nji oktýabrynda bolup geçýär. Söweş başlananda üstünlik musulmanlarda eken. Ýöne franklaryñ böwsüji hereketlerde üstünlik gazanmagy, şol bir wagtyñ özünde söweşiñ iñ gyzgalañly wagtynda Abdyrahman el-Gafikiniñ gahrymanlarça wepat bolmagy söweşiñ ykbalyny tersine öwürýär. Iki tarapyñam ýitgisi agyrdy, musulmanlardan wepat bolanlar has köpdi. Şonuñ üçinem yslam çeşmelerinde bu söweşiñ bolan ýeri "Balâtü ş-Şüheda" ("Şehitler düzlügi") ady bilen ýatlanylýar.

■ Undulan we unutdyrylan söweş

Yslam goşunlary tutuş Demirgazyk Afrikany we Ispaniýany eýelän döwründe şular ýaly agyr ýeñlişe uçramandygy sebäpli, bu agyr ýeñliş Andalus musulmanlaryny çuññur ýasa büredi. Musulman taryhçylary soñky nesilleriñ şeýle pajygaly wakadan habarly bolmagyny islemedik bolan bolmaly, olar eserlerinde bu söweşden hiç dil ýarmaýarlar. Muña derek hristian çeşmeleri agzalan söweşe Ýewropa medeniýetini we hristianlygy yslamdan halas eden aýgytlaýjy we öwrülişik hereketi hökmünde baha berýärler. "Balâtü ş-Şüheda" musulmanlaryñ Ýewropadaky üstünlikli hereketleriniñ birden-bire togtamagyna getirdi.

# MilliGazete_2007

Taryhy ýerler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle