Gözden akan ýaşlaryma
Gözden akan ýaşlaryma

Sebäp bolduň eý gözlerim,
Gözden akan ýaşlaryma.
Yhlas erdiň sen sözlerim,
Pikiriň serinen huşlaryma.
Ýandyryp köňlümni girýan,
Mežnun deýin bolup haýran,
Dag düz çölde kölde her ýan,
Yşgy baglap başlaryma.
Çapdyrdyň dünýäni kowup,
Syrdyň mülku-gazna ýygyp,
Dünýä malyn sowuryp sowup,
Nebsu gähim hoşlaryma.
Iman gözni kör eýleýip,
Nähak haka şer baglaýyp,
Süýji şeker söz söýleýip,
Guçup melgun işlerime.
Magryf maşryk göreşlerim,
Jahanda köňül işlerim,
Derde goýup bu başlarym,
Syrdaş bolunan gaşlaryma.
Halmyratdan bolsa gün soň,
Günähleriň geçilmez seň,
Bolup-ha sen asla dürs geň,
Ýigrimi dörtli ýaşlaryma. Goşgular