| |

Duman daganda: Satylmaýan, satyn alynmaýan zat ýok

Duman daganda: Satylmaýan, satyn alynmaýan zat ýok

Duman daganda: Satylmaýan, satyn alynmaýan zat ýok

• Satylmaýan, satyn alynmaýan zat ýok

“Satylmaýan, satyn alynmaýan zat ýok” diýýän Kasym Kulyýewiçiň güman edişi ýaly hem boldy: ir bilen Baýry tolgunyp kabinete geldi-de: «Meni oba hojalyk müdirligine başlyklyga hödürleýärler, nätsemkäm?» diýdi.
— Ýak, oňarýaň-ow. Çynyň bilen soraýamyň?!
— Kasym Kulyýewiç şu mahal meň ýadyma oýun düşer ýaly däl. Garaşmaýan zadym bolýa. Meni gorpa iterjek bolub-a şeýdýän däldirler-dä.
Kasym joşup güldi. Şeýle açyk, ýakymly gülküsi bilen Baýra ýagşy täsir etdi.
— Biri sada bolsa meňem biri diýip ýördüm, gardaş, sen-ä mendenem ozdurdyň. Gorpa taşlanar ýaly, el-aýagyň bagly däl-ä. Onsoňam, how, dünýäde ýeke galandyryn öýtme, biz bar-a. Saňa gara ýokjagyny bilsek, gazany owradaýarys. Berilýämi al, urulýamy gaç. Saňa wezipe näme üçin berilýä? Bilýäň ahyry.Ýöne beýle tiz bolar diýip güman etmändim. Hekim seni uzak wagtlap öwrener öýdýärdim.
— Öz-ä, gaty garaňky görünýä.
— Ýaýdanmasana. Seni bu basgançaklardan geçirip, has uly basgançaklara ýetirmek biziň işimiz. Berilmedigini urup alarys.
Baýra bu sözler ýaramady. «Kasym Kulyýewiçem wezipeparazrak öýdýän» diýip oýlandy. Kasym bolsa: «Gussanma-a, hernäçe mönsürän bolsaňam, kem-kem meniň diýenime gelersiň. Wezipe, baý, aldawçydyr-a. Ol seň ýalyjany dagy ýüzugra düýrläp goltugyna salar gider» diýip oýlandy.
— Baýry jan, bagtguşy bir ýola başa gonarmyş, ürküzdigiň – gaýdyp gonmaýarmyş. Senem gaýşyp durma. Gül ýaly işlärsiň.- Kasym oňa uzak maslahatlar berdi. “Hekime pişik ýaly görünme, gaplaň ýaly görüngin.”
Baýryny Hekim Hekimowiç bilen duşuşmaga alyp barýarka-da Kasym Kulyýewiç maslahat baryny berdi. Baýry raýkomyň jaýyna girensoň, Kasym beýleräkde maşynyny goýdy-da Baýrynyň çykaryna garaşdy. Romanlar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle