Ata-ene hakynda
Ata-ene hakynda

Ata bu mukaddes barlyk zemin soltany,
Aýak tozy sen üçin ol kyblany.
Atanyň haklany Hakyň halany,
Iman ata eriner, Allaň kalyplany.
Ene bu mukaddes ýer üstüniň täk şasy,
Hiç bir baýlyk ýerin tutmaz käbäni.
Ene bu mähriban söz, kalplar sesi,
Gün hem görmek üçin örüp sabany.
Alla öz yşgyndan jübüt gudratyn,
Ata Enä mähir edip ýerde suratyn,
Döretdi, bar etdi ynsan syratyn,
Alladan soň togap mähreme many.
Nije barlyk eçseň, nije şygyr erseň,
Altyn, ýakut, göwher, zeberjet serseň,
Ata ene deýin tapylmaz ýörseň,
Halmyrat şygyr etdi kyblagah huny.
10.07.2023 ý. Goşgular