| |

Magtymguly / dessan — ikinji nusga

Magtymguly / dessan — ikinji nusga MAGTYMGULY

Magtymguly / dessan - ikinji nusga

Merkezi Hindistan, Jinkistan, Aragistan, Hywa, Buhara diýen uly öwüs obalary bolupdyr. Ol döwürde doýup-dolup geçen il agasy, don ýakasy begres geýen almagöz bedew at münen 1170 (1756 m ý) taryhda doýup-dolup geçen, Janbek hanyň döwründäki il agalary: Yrjabek, Nurbek, Esenbek, Kürtbeg, Ýusup Soltan, Äralyhan, Merdogly Merdan, Demirçi ogly Küwe,Gaýtmazgara, Taýmazbeg diýen il agalary bolupdyr. Baýlary sahawatly, dinleri kuwwatly, ýigitleri alfutüf muhabetli, garybyna muhabetli bolup geçen zamanada, şol döwürde Allaýar, Hudaýýar diýen iki sohta Selimhoja diýen afat ýagşy efendide okaýardylar. Olar okap, ylymlaryny zahyr bilip, ile ýagşy söz açmaga garadylar. Il içinde ýagşy, haýaly, edepli bolup üç-dört ýyl Selimhoja efendiden taglymat-ylymlaryny aldylar.
Bir gije düýniň ýarynda uklap ýatyrka, bir anna gijesi bir düýş görüp, Çaryýar pirleri gaşyna gelip, kyrk çilten söhbetinde boldular hem şonda Selimhoja efendisi oňa bir alma berip: „Oglanym, muny iý söze çeper bolarsyň, biziň maslahatymyzyň içinde bolarsyň“-diýdi. Myradyňy, maksadyňy şonda taparsyň diýdi. Uklap ýatan ýerinde Magtymgulynyň sag tarapyndan dört atly gelip, „tur balam“- diýdiler. Dalmynyp turup sözlemäge başlady. Halypasy aýtdy:
– Bisimylla, balam, näme boldy?
Şol wagt Magtymguly gören düýşüni beýan edip şeýle sözlemäge başlady:
Bir gije ýatyrdym düýnüň ýarynda
Bir dört atly gelip „Turgun“ diýdiler.
Habar berem seniň „Şatlyk“ şanyňda
Hormat bilen baga bargyn diýdiler.

Nazarym ýetişdi ol dört merdana
Göwnüm joşa geldi, aklym haýrana
Ýanymda bar idi dört merdana
Biziň bilen baga ýörgün diýdiler.

Ol iki diwana tutdy golumdan
Aldylar gitdiler duran ýerimden
Bir yşarat boldy wagt ýanymdan
Bir baryp seýran kylgyl diýdiler.

Bahawetdin Çarbagyna geldiler.
Selimhoja babalaryny gördüler.
Dört atlysy dört çaryýar boldular
Dilegiňi bizden dile diýdiler.

Resul alla diýdi ýa şahymerdan
Selimhoja baba ýa hökmi Süleýman
Abu Bekir Syddyh, Omar hem Osman
Bu guluň maksadyn bergin diýdiler.

Magtymguly turup gözün açypdyr,
Serine köp oýlar gelip geçipdir,
Pir elinden bir pyýala içipdir.
Myradyň-maksadyň görgün diýdiler.

Diýip muny aýdan soň, Selimhoja babasy:
¬ Gören düýşüň, balam, haýyrly, sen il hojasy il zekiýi boljak ekeniň, ile hormatly bolup ýagşylygy öz diliňden görjek ekeniň, uzak ömür sürjek ekeniň, myrat-maksadyňa ýetjek ekeniň, diýip, ýene elip diýip ýüzün sypady.
Aradan ýedi gün geçenden soň bir anna gijesi, bir melewşe bagyň içinde kyrk çilten söhbetinde bolup, asman – zemine seýran kylyp, şol melewşe baga gelip düşdi. Ol bagda seýran edip ýören wagtynda, öz düýşünde gören Resulalla, Selimhoja babasy, hökmi Süleýman, Abu Bekir, Omar ,Osman ruhlary ýyglyp gelip, gadymda göreniňi sözlärsiň diýip, muňa ýene-de haýyr pata berdiler. Abu-haýat köwser suwuny içip, şat bolup ýatan wagtynda, „Dalmynyp göklere uçdum ýaranlar“, diýip ustat pirine, dosty Allaýara garap, gören düýşüni beýan eýläp, bir gazal aýdar:
Bir jumga gijesi gördüm düýşümde,
talfynyp göklere uçdum, ýaranlar,
perwaz eýläp, seýran kyldym asmana
Nägehan baglara düşdüm, ýaranlar.

Saýraşyp agaçlar şeýda bilbiller,
Bagynda açylyp mürewwet güller
Berdiler Aby-haýat köwserden suwlar.
Doýmadym, ganmadym, içdim, ýaranlar.

Ol düşen bagymda ajaýyp çemen.
Ajaýyp mejlisi gördüm onda men,
Ýygylmyş jem bolup, onda kyrk çilten,
Salam berip golun aldym, ýaranlar.

Bir yşarat eýläp orun berdiler,
Pyýala dolduryp şerap guýdular,
Bagtly gul bolsun adyň diýdiler.
Ony içip tamam joşdum ýaranlar.

Bagtymguly hoş ýar bolup oýandym,
Oýandym, örtendim, tutaşdym, köýdüm,
Bahaweddin pire onda el berdim.
Ganymat, gaýgysyndan geçdim ýaranlar.
Pirleriň beren ismi bilen onuň ady bagtly gul-Bagtymguly boldy. Bagtymgulynyň atasy Döwletmämmet Mürze ogludy. Ol-da pire gol beren adamdy. Bir gün ussady Selimhojanyň özi bir zat ýazdyrjak bolup. Magtymgula galam berdi, näme ýazdyrjagy essine düşmedi. Şol zaman Bagtymguly men öz ýadyma düşen ýerinden aýdaýyn diýip goluna sazyny alyp, bir gazal aýtdy:
Galam alyp namany ýazdyrdygym bilmezmiň
Afsun okyp hüt-hütin inderdigim bilmezmiň
Arş üstüne galdyryp mündürdigim bilmezmiň
Dört gije, üç gün ýyglap diňdirdigim bilmezmiň
Eşek münen Ysany ýeldirdigim bilmezmiň

Mejnun kibi sährada ýyglaý-ýyglaý gezdigim
Gözüm ýaşyn merjen dek düzüm-düzüm düzdügim,
Fyrak kibi Gülşatdan umydymy üzdügim
Joşgun berip yşk oduna gaýnap-gaýnap gyzdygym
Şebbe kibi bir dagyn ýandyrdygym bilmezmiň.

Hüt-hüt kibin Pereňden Çyn-maçyna bardygym
Bag içinde Balkysyň saçyn açyp gördügim
Süleýmanyň tagtyndan sözläp habar berdigim
Guş gonsun diýip başyma bilbil heňin gurdugym
Çarşenbe gün düýn wagtda gönderdigim bilmezmiň

Tur dagynyň arkasynda Mejnun gurdy şadyny
Bisymylla diýip başlady, çagyrdy ustadyny
Hakdan gaýra bir kimse bilmedi oň dadyny
Gaýry aşyk nagra çekdi, şöhle urdy oduny
Göz ýaşymdan suw alyp söndürdigim bilmezmiň
Şirwanhananyň söwdasy ne ajaýyp söwdadyr,
Gyldan bir ýag agyr berse, kyýamat gün ryswadyr.
Ýüz ýigrimi saf gurlup, her safda bir gowgadyr,
Aşyklygyň joşguny akmaz oýan derýadyr.
Bir şugardan kyrk aşygy gandyrdygym bilmezmiň.

Suwdan gana döndürip jan berubin indirdi
Hak ýaradan biribar bizi dünýä göndürdi
Nur hudaýet hulkumyza saddy bizi güldürdi
Dokuz aý, dokuz sagat enemizi emdirdi
Pany dünýä gyzykdyryp, aldyrdygym bilmezmiň.

Bagtymguly sözleýir wagyz pelek zährsi
Ýedi ýyldyz gardaşym aýyň-günüň arasy
Nury didämiň ýagtysy, ak gözümiň garasy,
Aby-zemzem çeşmesi sap merwerdir şöhlesi
Süleýmanyň tagtyny syndyrdygym bilmezmiň
diýip, Bagtymguly muny aýdansoň, Selimhoja babasy bek razy bolup, oňa magtaw berdi. Soň bu ýere il-hoja gartlary ýyglyp, jem bolup oturdylar. Şonda Bagtymguly göwün patyşasyndan syr açyp, bir gazal aýtdy:
Göwün bir beden Şahydyr
Her sözi göwün hoşundadyr
Ýedi yklyma dagynda
Her birisi öz işindedir.

Bulutlaryň çykyp-inmesi
Howanyň göçüp gonmasy
Dünýäniň agyp dönmesi
Ýaradan hak işindedir.

Kimdir bu dünýäde galan
Maňa çyndyr saňa ýalan
Bir akdyr, bir gara ýylan
Her kimsäniň başyndadyr

Bu panynyň asly ýokdur
Kelam gadym sözi hakdyr
Bu gün göreniň erte ýokdur
Ajal oky gaşyndadyr.

Üç essesi däli derýa
Bir essesi ýerde gowga
Bir gün guçar pany dünýä
Bilmen näçe ýaşyndadyr.

Bagtymguly ýar hudaýdyr
Ajal oky, pelek ýaýdyr
Dünýä bir kerwensaraýdyr.
Adamzadyň gaşyndadyr.
diýip muny aýdan soň, ýene ýyglyp gelen garrylaryň, selleli hajy-hojalaryň göwnüni awlap, röwşen gözlerinden, mähriban sözlerinden söz açyp, bir gazal aýtdy:
Gara daşdan garynjany aýran göz,
Jahanyň röwşeni göze myhmandyr,
Gelene aç diýip, myhman ýüzüne garama
Aşa muhtaç däldir söze myhmandyr.

Ýok diýme gardaşa herne ber baryň
Döwletiň aldyňda, açylar ýoluň
Baglatma şeýtana barmagyň goluň
Şat olsa gardaşyň ýaza myhmandyr.

Ýigidiň bolmasa ýaragy-aty
Ýaragyň hümmetsiz, bolmaz gayraty
Garryýanda gider biliň kuwwaty
Kuwwatlygyň zory dyza myhmandyr.

Bu dünýä gözüňe gülüm-gülümdir
Jepasy köp bolar jebri zulumdyr
Näçe müň ýaşasaň ahyr ölümdir
Amanat janyňyz tene myhmandyr.

Bagtymguly ýalan ýokdur sözümde
Ölüm ýadymdadyr gorky gözümde
Bagtly ýaşasaň ýeriň ýüzünde
Adam ogly bäş gün duza myhmandyr.
Bagtymguly muny aýdyp bolan soň, şol zamanda dag başyna duman düşüp, açylyp, ýagmyr ýagyp, sil geçip, ýel ösüp, agaçdan ýafraklar gaçyp duran wagty, „Bu nä ýeller, nä ýagmyrlar boldy“, diýdi. Ýene onuň özi aýtdy: Ol zatlaryň barysy-da biziň ahyr wagtdaky ömrümize mysaldyr, ony size saz bilen beýan eýläýin diýip bir gazal aýtdy:
Altmyş ýaşan ala garly daglardan
Duman geçer, ýagmyr ýagar, sil galmaz.
Şeýda bilbil mekan tutan baglardan
Hazan urar, ýaprak solar, gül galmaz.

Gelen geçer bu ýalançy jahandan
Her kim içer ol şerapdan, ol jamdan
Ýürek gaýnar her söz geler zybandan
Dahan gider, dendan düşer dil galmaz,

Jana degse garrylygyň zäheri
Zebun bolar göwün-göwde şäheri
Goldan gider ýigitligiň bäheri
Kuwwat gider, dyz egiler, bil galmaz

Bir namardyň köp minnetli aşyndan
Gol uzatma aýlanawer daşyndan
Kerwen geçer beýik daglar başyndan
Ezgen biter ýowşan biter ýol galmaz

Dilber göwnüm, bu jahanda kim galar
Ol mekana giden gelmez, gum bolar
Görkli ýüzüň görmez bolar, kül bolar
Bagtymguly il, patyşa, beg galmaz.
diýip, Bagtymguly muny aýdan soň, Selimhoja efendiniň bir dogany, şatlyk, toý edip ýatyr diýip, hoş habar geldi. Selimhoja iki diwana sopusyny ýanyna alyp eýerdip, asta-akryn toýa geldiler. Görse zinetli ulu-öwüs toý bolup ýatyr.
Ýedi ýerde ak öý tutulan, garaly-akly goýun dünýäni gurşap ýatyr. Il agalary toýun toýlap, zowky-sapada otyrlar. Yrjy bek, Nurbek, Esenbek, Kürtbek, Batyr Hasan, Soltan Ahmet, Äralyhan, Merdogly Meýdan, Demirçi ogly Küwe, Gaýtmaz gara, Taýmaz beg, ak sakgal, gara sakgal goja-garrylary bilen jem bolup otyrlar.
Şonda Bagtymguly Selimhojanyň doganlarynyň toýun toýlap bir gazal aýtdy:
Aga begler haýyrly bolsun toýuňyz
Muhannes egdirmesin boýnuňuz
Bir çopanda altmyş hatan goýnuňyz
Şatly bilen haýyrly bolsun.

Eý agalar birge bolsun malymyz
Birge bolsun namysymyz, arymyz
Bir atadan altmyş agul hemmämiz
Bir supraga gol uratsa barymyz

Onbäşimiz ekin-tikin eýlesek
Onbäşimiz aga sözün sözlesek
Otuzymyz duşmanymyz yzlasak
Ary ýerde soltan bolsak birimiz

Taňrymy ýat kylyň otursaň-tursaň
Muhammet ummaty bendesi bolsaň
Hak zikiriň mydam dowamat kylsaň
Şonda yrazy bolar ata-pirimiz.

Barçanyň hajasy Allaýarymyz
Ymam agzam mezhep yslam dinimiz
Atadan uludyr ustat pirimiz
Ýigrimi alty yrym bolar pirimiz.

Hyýanat eýlemäň datly gardaşa
Hyýanatly bolan bişer ataşa
Nebsine uýan kişi derine düşe
Hyýanatsyz soltan bolsun başymyz

Bagtymguly çekmesin muňly zaryny
Supra ýaýyp düzüň hormat nanyny
Hernä alla üçin beriň baryny
Ahyr demde alla bolar ýarymyz.
diýip, Bagtymguly ýedi gije-gündiz Selimhojanyň doganlarynyň toýun toýlap, soň öz ussat iline gaýtmaly boldy. Ussat iline gelip bir aý boldular. Onuň durmuş mekany on bir hanyň ilidi.
Taglymat ylymlaryny bilip, ylmy-şerabyn içip, atasyny, enesini, kowum-garyndaşlaryny sagynyp , öz ussat pirinden rugsat sorap, Bagtymguly bir gazal aýdar:
Alym atam, şirin dilli ussadym
Rugsat berip dogry ýola gönderiň
Aryşdan aşyrmyşam nala perýadym
Hormat bilen dogry ýola gönderiň

Pir ussadym dogry ýoldan ötüren
Ylym berip takyk ýoldan geçiren
Abu haýat köwser suwun içiren
Hormat bilen dogry ýola gönderiň.

Atam-enem amanlygyn bileýin
Uly zyýarata togap gylaýyn.
Deňim-duşum gardaşlarym göreýin
Rugsat berip, bizi ýola gönderiň

Şükür bu gün meniň göwnüm hoş olup.
Üç ýyldyr ilden ajyra daş olup,
Ana haky gözi ganly ýaş olup
Rugsat berip dogry ýola gönderiň

Oýandym örtendim ýerimden turdum
Atam Döwletmämmet pirimi gördüm
Kyrk çilten mejlisli söhbetde boldum
Bagtymguly dogry ýola gönderiň,
diýip, Bagtymguly muny aýdan soň, ussat piri munuň ylmy hak şeraby içenini bilip hem-de Bahaweddin pire gol berenine begenip, muňa razy bolup, iki sopuçyny çagyryp alyp ikisiniň gaýtmagyna haýyr pata berip, Allaýara döwletli bol, il naýyby bolarsyň, Hudaýara bagtly bol, il diwanasy bolarsyň hem-de iliňize baryp wagyz-nesihatyňyzy berersiňiz, baryň ýagşy ýola-diýip, uzadyp iberdi.
Bular ýola rowana boldy.
„Ýören adam näme görmez“ diýip aýdylany bar, indi habary Azady şäherinden eşidiň.
Bir gün il agasy, don ýakasy Janbek hanyň öýüne bir derwüş geldi. Ol haýyr sahawat yzlap gelip, salam berip oturdy. Janbek han aýtdy:
Hoş geldiňiz, derwüş. Alyslymyňsyň, ýowuklymysyň?
Derwüş aýtdy:
¬ Ýowuklydyryn.
Janbek han aýtdy:
¬Ikilimisiň, dörtlümisiň?
Derwüş aýtdy:
¬ Dörtlüdirin.
Ýene Janbek han aýtdy:
¬ Irlimisiň, giçlimisiň?
Derwüş aýtdy:
¬ Irli edim, ýykyldym turdum, ýykyldym turdym.
Onda Janbek han aýtdy:
¬ Ýykylyp turan kişä kömek gerek diýip, bir tulum altyn berdi.
Derwüş altyny alyp, ýola rowana boldy.
Indi habary Allaýar, Hudaýardan alaly. Bir näçe medet ýol ýöräp, geýden-geý aşyp, bir kerwene hargyşdy. Bagtymguly kerwenbaşynyň göwnüni awlap, kerwen nä kepde göçüp gidýän bolsa, biz-de ahyr demde şeýdip göçjekdiris, diýip, bir gazal aýdar:
Panydan bakyýa göçe-göç bolsa,
Bu dünýäden göçe-göçe gidersen.
Ajal janyň berip içe-iç bolsa,
Jan ajygyn çeke-çeke gider sen.

Sypatyň saraldyp, meňziň solduryp,
Jesediňden çykar janyň aýrylyp,
Kowum-gardaşlaryň galar maýrylyp,
Etegiňe kaka-kaka gider sen.

Bu dünýäde şat olmagyl her zaman,
Janyňa ynanma durmuşyň güman,
Ýaradandan geler saňa bir perman,
Baryn taşlap çyka-çyka gider sen.

Dünýä kowan üçin saňa ýetdirmez,
Iýdirmez-içirmez, abraý artdyrmaz,
Guýrugyn çoňkaýdar, saňa ýetdirmez,
Ony kowup çyka-çyka gider sen.

Bagtymguly bu dünýäge uýumaňyz,
Baky döwletiňden garap galmaňyz
Ahyr demiňizde iman diläňiz
Baryn taşlap çyka-çyka gider sen
diýip Bagtymguly muny aýdyp, ganymat-gaýgyny, dünýäsin terk edip, baky döwletin oýlap: hak söýen gullaryňa bu dünýä peýdaly diýip, bir gazal aýdar:
Pany dünýä sen üstüňe gelene
Haka dürs gula, astyň peýdaly,
Hak ýolun aňlaman zowkun görene
Haçanda astyňdan üstüň peýdaly

Bir kerwende üç müň düýe bolandan
Ulu Söýünhana uýa bolandan
Altyn-kümüş kemer söýe bolandan
Ah janym diýmedik saglyk peýdaly

Pany dünýä hiç bir kimsä ýetdirmez
Guýrugyn çoňkaýdar, bular tutdurmaz
Dokuz tapanyňy üçden aşyrmaz
Bäş gün ömrüň ötür saglyk peýdaly

Saglykda näme gerek sen gara maňa
Özüňi ýat eýle, ölä bir doga
Ynjytma pahyry, ýola sal, gara
Gol ujundan teňňe beren peýdaly.

Bagtymguly bir-de ýalan sözleme
Ýalan aýdyp rastyňy gizleme
Gyýbat iýme, asyl dawa yzlama
Çyn ýürekde iman nury peýdaly
diýip aýdyp, ikisi dagdan-daga aşyp, ýol çekip gelýärler. Bir näçe medet ýol ýöräp, dünýäde bolan guşlaryň, gurtlaryň, keýikleriň saýasy bolan almaly baglaryna gelip girdiler. Bu bag herki bir janawerleri öz arzy-halyny sözleşip duran miweli bag eken. Bu ikisi bag saýasynda saýalap, ýatyp-turup, ýörejek bolan halda, bir ses eşitdiler. Şol wagt Bagtymguly: „Hakny ýat kylmasaň, galdyň arman içinde“ diýip herki bir guşuň hünärini beýan eýläp, bir gazal aýtdy:
Pikir kyldym gökge, ýere
Bu akyl jan içinde
Görgünjan alla diýer
Etsiz uzgen içinde

Gider ýoluň bilmeseň
Dagly ýolda ýörmeseň
Hakny ýada salmasaň
Galdyň arman içinde

Göwnüm aýdar hos olsam
Iýsem-içsem joş olsam
Gözellere duş olsam
Ýatsam eýwan içinde

Ýere biten nehadatlar
Gyzyl güller gök otlar
Gapyl adam bu zatlar
Göwnüm perman içinde

Barçanyň hojasy Alla
Üç ýüz altmyş öwlüýä
Lük-lük okyr kulhualla
Handan-mendan içinde

Torgaý okyr müň weýran
Toty guşlar oňa şat
Mömünler otdan azat
Ahyr zaman içinde

Baýguş aýdar derdim bar
Teswihim bar, güdüm bar
Weýranada ýurdum bar
Zary girýan içinde

Agsak aýdar pakyr men
Gulluguma hakyr men
Hakny ýa-da okyrmen
Şany şabad içinde

Musyja aýdar gider men
Gördüm, bildim ýeter men
Bag saýada ýatar men
Guzlap weýran içinde

Garga aýdar garkyldap
Üç agaçdan watan tikip
Harman içinde ýatar men

Durna aýdar dür açar men
Gyş Hindistana göçer men
Bagdat suwuny içer men
Asmanlarda uçar men

Gökde laçyn deý pyrlanyp
Belent dagdan geçer men
Balalarmyň derdinden
Ýüregim gam içinde

Böri aýdar apar men
Çöl meýdanda ýatar men
Meniň işim çapar men
Guýrugyndan gapar men
Balalarym gaýgylanyp
Ryzkysyn tapar men

Keýik aýdar haýbatym
Dag içinde zinetim
Balalarym rahatym
Hergiz işi bitmesin
Ojakbaşdan gitmesin
Balalarymy atan kişi
Myradyna ýetmesin
Taňryny ýat kylyp
Resuly hak bilip
Bizi azat eýlesin

Bagtymguly pakyr men
Gullugyňa hakyr men
Gije pikir, gündiz zikir
Hakny ýatdan okyr men

Nebsi dünýä gaýgysyndan
Arzuw çekip otyr men
Alty agajyň saýasynda
Günüm girýan içinde
diýip, Bagtymguly muny aýdyp, Kürtbegiň iline gelip, sahawatly gartlary bilen geňeşdar bolup, söz açyp: „Eý gardaşlar biz bäş gün haryýet gelen myhmandyrys. Bir- birimize muhabbetli bolup, ajy-awy sözleşmäni, mähriban gardaş bolup ýörsek, ýoluňyz dogry, dinimiz bütin bolar. Hem-de: tekepbir, gybat, kastlyk, zulumlyk kylmalyň. Bu dördüsi bir gardaşdyr. Ol sözlerden ýyrak bolup, baky döwletden oýlap, atalar sözüni ýüze çykaryp, il içinde, il zergesinde ýörsek, sözüň manyly, pataly bolar. Ili depip, tekepbirlik eýläp, ili söýmeseň, söýmän gitseň, başyň hataly bolar. Ýagşy bilen aman ýörseň-içen aşyň bal dadyr, ýaman bilen ýagşy ýörseň içen aşyň uw dadyr. „Ýaman bilen baş goşandan, ýagşy bilen daş daşy“ diýenleri. Goldan kuwwat, gözden görüw , başdan aň, bilden güýç giden soň, dogan ganda , dost ganda, kowum ganda, oba ganda, il ganda diýip, Bagtymguly bir gazal aýdar:
Doklugyň çaýkanyp ýykylsaň bir gün
Onda saňa dogan ganda, dost ganda
Damagyňdan sykyp, bagyrdar bir gün,
Kowum ganda, gardaş ganda, il ganda.

Ahyret alysdyr-ýoluň ýyragy,
Imanlynyň onda ýanar çyragy,
Minen aty onuň jennet pyragy
Ýagşy guluň rahaty hem onda.

Halal zurýat bolsa dogan tapylar
Haram zurýat bolsa gapyň ýapylar
Köpüniň köz bolup, oduň saçylar
Onda saňa rahat ganda gün ganda.

Zulumlyk eýleme müъ min gardaşa
Kastlyk eýleýen ýoldan adaşa,
Öz başyna gazar çukur hem düşe,
Ol ýowuza ýagşy ganda, ýol ganda.

Bagtymguly haka dogry sözläňiz,
Haka şükür, sena bada eýläňiz
Hakdan iman diläp, ahyr aýlaňyz
Amal ganda bolsa, iman hem şonda diýip,
Bagtymguly muny aýdan soň, Kürtbegiň hajy-hojalary, ýaş-ýuşlary hormat gylyp, Bagtymgulyny bek gaty söýdüler. Häli-de bolsa mysal sözüňi aýt, balam, gulagymyzda galsyn diýdiler.
¬ Eý gardaşlar, dünýä bir sary ýaňgaga mysaldyr. Gurulmyş ynsanyň amaly şonuň aşyna mysaldyr. Ýangagyň aşly bolsa, bazara salyp, satyp bahasyny alyp, bazarly bolup gaýtjaksyň, ýangagyň çüýrük bolsa, aşyň-halmanyň ýok, harjyň ýok, gury gaýtjaksyň. Ahyret şoňa mysaldyr, amalyň bolsa, bazarly bolduň, bir haryýet gelen myhmansyň-diýip, Bagtymguly bir gazal aýdar:
Çüýrük hoz eýlediň jahanyň köprün
Bir humar bazardyr ötüp durupdyr,
Çüýrük saman gyldyň mata bazaryn
Köpgüne barabar satyp durupdyr.

Hak ýaratmyş alty günde dünýäni
Ýokdan bar eýlemiş jümle ynsany
Haryýet gelmişdir gelen myhmany
Müň ölüp, müň bir dogup durupdyr.

Düzülmiş dünýäniň durmuşy ýalan
Mähriban janlaryň gülleri solan
Dünýäniň gurşawy bir gudrat ýylan
Guýrugy başyna ýetip durupdyr.

Söz aýtsaň ýigide dogrusyn sözle
Bu günüň hoş görüp, ertäňi oýla
Takdyr hem hudaýyň emri bile
Dört barmak guýrugyn iýip durupdyr.

Owal şam, ahyr şam iliň erkany
Sürülmiş ynsanyň bolar mekany
Onda gurlar amal söwda dükany
Kimi gülüp, kimi ýyglap durupdyr.

Bagtymguly aýdar rasyn size
Ahyret bakydyr, amalyň düze
Dünýäni gutarmyş ýedi kelpese
Şol beýik ýylany ýudup durupdyr.
diýip, Bagtymguly muny aýdan soň, il-hojalary, ýaş-ýuşlary, saddyk ustadyňa diýip, magtaw berdiler. Muny eşiden ham-hars göwrelerini galdyryp, gulak saldylar-ýigidiň aýdan wagyz-nesihatyna, sözlerine. Şonda Bagtymguly: Il gardaşlarym, ahyret çyragymyz zinnetli hasyllarymyz, Adam ata, How ene, Bahaweddin pirler, iki dünýä çyragy Muhammet Mustapa, Abu Bekir, Omar, Osman, Aly, Merýem ene, Äşe Patma, Seýit söýgüli gullar, Hemze Bähliwan, Talhy Zebir, Abdyrahman, Hasan-Hüseýin, dört müň dört ýüz ýaşan Lukman hekim, Huda söýen söýgüli-zinnetli hasylymyz alan patyşanyň, diýip, bir gazal aýdar:
Bu dünýä asyl pany
Adam ata, Howa hany
Dünýäni ýedi aýlanan
Bahaweddin pirler hany

Mekge zynaty ýaraşan
Ýa rebbi bilen görüşen
99 müň kelbe aşan
Hak Mustapa ärler hany

Mekgede ýüz ýyl oýnaýan
Jennetde gözi ýaýnaýan
Yslam üçin jan gynaýan
Ol Hemze bähliwan hany

Ozal gul bolup satylan
Soňra zyndana atylan,
Müsürde patyşa bolan
Ol Ýusup pygamber hany.

Ebu Bekr ýollar açan
Magrypet dürlerin saçan
Din ýolunda dogry geçen
Omar, Osman, Aly hany.

Arşyl Agla ýer dewrendi
Melekler zar-zikir oýldy
Hak Mustapa ony gördi
Ol söýgüli Belal hany.

Dogry geçip dogry ýören
Hak ýolunda mutyg bolan
Merýem ene, Äşe Patma
Seýit söýgülli gullar hany

Haryýet durmuşyň güman
Ýaradan hak bersin iman
Talha, Zebir, Abdyrahman,
Huda söýen gullar hany

Ozal bu dünýäge gelen
Hatam bilen ýoldaş bolan
Kerbelada şehit bolan
Ol Hasan-Hüseýin hany

Bagtymguly çekme arman
Hakdan geler bir gün perman
Ajala tapylmaz derman
Dört müň dört ýüz ýaşan hany
diýip, Bagtymguly muny aýdan soň, döwletli il agalary, türkmen begleri, salkynda saýalaýan gyz-juwanlary, garybyna muhabbetli, şepagatly bolsun diýip, nesihat-öwüdini berip, Bagtymguly bir gazal aýdar:
Bir döwlet iliň begi bolynça
Döwletliniň gapysyndan ýörinçä
Bi asylyň hyzmatyndan ýörinçä
Asly begiň saýasynda il boluň

Ýamany goý, ýagşylara göz aldyr
Ýagşynyň durmuşy hormatly güldür
Gargyş alma zürýadyňy azaldar
Akarda suw, ýa öserde ýel bolgul

Süleýman sen mura bir gulak goýgul
Sözüni diňlegil, jogabyn aýtgyl
Hekim bolsaň halkyň gün kibi çoýgul
Çar tarapdan garap, halka il bolgul

Ýaman işdir öz nebsini beslese
Akmaklykdyr özün ýagşa taşlasa
Her bazarda rowaç bolmak istese
Ýagşy, ýaman diýme, gün kibi çoýgun

Bagtymguly bardyr demiň hasaby
Ir-giç ýiter gyrbyldanyň nesibi
Kişi bolsaň, dogry eýle hasaby
Ýagşy ýaman barçalara dil bolgun,

diýip Bagtymguly nesihat sözlerini aýdan soň, il begleri, hanlary bek gaty hormat kyldylar. Saýada ýüzüne perde tutup, salkynlap oturan gözellere tagzym gylyp, gözelleri ýüze çykaryp, Bagtymguly bir gazal aýdar:
Gözel bardyr gözellerden zyýada,
Onuň hyzmatynda bolasyň geler,
Edepli, ekramly mylaýym zada
Onuň bilen ömür süresiň geler.

Gözel bardyr günde-günde görmeli
Şol gözeliň zyýa zülpün örmeli
Döküp hazynanyň baryn bermeli
Onuň dileginde bolasyň geler.

Gözel bardyr uzyn bolar alkymy
Garaňky gijede düşer ýalkymy
Sözleýende hem sözleri bal kimin
Dünýä malyn berip alasyň geler.

Gözel bardyr sirke basar saçyny
Eriner hem ýuwmaz gabak gaşyny
Söýmez ulusyny, artmaz saçyny
Onuň hyzmatyndan gaçasyň geler.

Bagtymguly syn gerekdir gözele
Arzuwym bar täze Zülpun düzene
Dünýä malyn harç et ýagşy gözele
Ýamanyň ýanyndan gaçasyň geler.

Gözellere bu gazaly aýdan soň, uly-ulus agalary, ýyglyp, jem bolup, pir-atalardan uly nesihat, öwüt aluw bek ýagşy diýende, Bagtymguly ata nesihatyny aluw ýagşy diýip, bir gazal aýtdy:
Berse ataň maslahaty
Algyl bolan nesihaty
Ýumşak sözle, gülme gaty
Ojak orun saňa galar.

Ata maslahatyn alsaň
Iliň zergesinde ýörseň
Halal maslahatyň berseň
Täji döwlet sende galar.

Berlen öwüdi almasaň
Bilene gulak salmasaň
Maslahaty hoş görmeseň
Döwlet gaçar sende galmaz

Deň-deňi bilen bolar
Şady-horram oýnap güler
Ýaman hatyn, ýöremez at
Araňyzyň görkün alar

Ýaman goňşy çapar gaýta
Ýykylsaň-da deper gaýta
Senden aýyp tapar gaýta
Başyňa bir bela bolar

Bagtymguly döwran sürer
Şady-horram oýnap güler
Teçjaldan soň şeýtan iner
Oňa gara günler galar.
diýip, muny aýdan soň, ol döwürde dolup, doýup geçen, suprasyn düzeden han-begleri ýadyna alyp, Bagtymguly ýene bir gazal aýdar:
Bir sözüm bar diýsem şahy soltana
Dünýäde hormatly begler galmady
Döwletli beglerim supra düzene
Desterhan üstünde myhman galmady

Ygtybary ýokdur ýalany söýen
Dogrusyn keri goýup, ýalana uýan
Ýetimiň, ýesiriň malyny iýen
Ýüregin ýel alan begler galmady

Galmady dünýäde ýagşy muhtabir
Dünýä baýlygyndan ýygypdyr köp zer
Aýdyp ötüp gitdi ol haýryl Beşer
Dogrulyk ýolunda ynsan galmady.

Halaýyk barçasy nebsi hor boldy
Zekiler gyryldy, dünýä dar boldy
Alymlar kitabyna zar boldy
Taňryny bir bilen ynsan galmady.

Müfti öz sözüne gylmady amal
Şerigat işine bermedi kemal
Halk içine düşdi hyrs atly kesel
Dogrulyk ýolunda ynsan galmady.

Bagtymguly aýdar taňryny tana
Munda oýnap gülen gardaşyň hany
Heýç ynanma bu ýalançy pany
Yllany bir diýen ynsan galmady.
diýip muny aýdan soň ynamsyz bir haryýet panydyr, ertir şat bolanlar, öýlän bolmady ertir gülenleriň agşama galmady, ajal ýetip, ýumulsa gözi, goý bu dünýäňe geldi-gelmedi, kyrk şähri puldan dolduran Karun gözi gumdan doldy, puldan doýmady-diýip, olary mysal getirip, Bagtymguly bir gazal aýdar:
Köp ýigitler geldi geçdi jahandan
Näçe men-men diýen begler galmady
Gerdişi göç gahwa pelek elinden
Ertir şat bolanlar öýlän gülmedi

Günden güne biçäre bu ajal haýat
Bir beladyr hiç gutulmaz bu zynat
Günden güne aşak düşen adamzat
Ertir görenleriň agşam galmady

Bir görkli panydyr dünýäniň ýüzi
Nesihatym eşit, diňle bu sözi
Ajal ýetip, adam, ýumulsa gözi
Goý bu dünýäge geldi-gelmedi.

Humaýun ýurduny saldyran Harun
Dünýäni dört bölen hany Fridun
Kyrk şähri gyzyldan dolduran Karun
Gözi guma doldy, pula doýmady

Bagtymguly haýran her ýana bakar
Hak emir eýlese, daşdan ot çykar
Ýaman ogul doýsa ilini ýykar
Ýaman ogul doýsa asyl gurmasyn,
diýip muny aýdan soň Bagtymguly: Her kimiň atasy öz uly piridir, ata-enä hormat gylyp lezzetleseň, bagy-bakjaň lezzetli bolar. Eger hormatlamasaň, janyň jepaly, başyň hataly bolar, bir gündelik myhmandyrys. Nädip eneňe bardyň, hak gudraty-emri bilen ýalançy panyýa geldiň-diýip, mysal getirip, bir gazal aýdar:
Owal atamyň bilinden suw bolup anama geldim
Syzdyryp anama baryp, bir gatra gana geldim
Anamda surat bolup, bir şirin jana geldim
9 aý ana garnyndan inip jahana geldim
Emip anam süýdüni gündelik myhmana geldim

Ýaradanym gudrat bilen diş bile dahany berdi
Sözlemäge söz bilen, dahanda zybany berdi
Göwnüm gidip her ýana, turdym, aýagym ýördi
Bildiň ýakyn ýadyňy, gözüň dünýäni gördi
Okyp görüp, kitap alyp, sen on ýaşa geldiň

On bäş ýaşa baranda oglanlykdan saýlandyň
Gyz geline meýil edip, göwün berip gülündiň
Hakyň permany bilen ahyr bir gün öýlendiň
Ýigrimi ýaşa gelende bedew atyň saýladyň
Bedew münüp syzgyryp, sürüp meýdana geldiň

Otuz ýaşa gelende, nuhyň bir algyr şiri,
Dünýä gamy başyňda, köýüp ýörüp ýelip sen
Ähli musulman bolanyň, ölinça halal iýer sen
Kyrkyňda towa eýläp, toba-tagsyr diýer sen
Göwnüňi bire baglap, eziz subhana geldiň

Elli ýaşa baraňda dogrulykda bolar sen
Bäş wagtyny düz okap, Haka şükür kylar sen
Altmyş ýaşa baranda, gartlygyňy biler sen
Nägadar hem gazansaň. Ahyr bir gün öler sen
Eken ekiniň bişirip, orak ormaga geldiň

Ýetmiş ýaşa baranda ganyň gaçar ýüzüňden
Ak dişleriň dökülip, söhle gider gözüňden
Kuwwat senden aýrylyp, güýjüň gider dyzyňdan
Segsen ýaşa baranda göwnüň geçer özüňden
Gider bolsaň dünýäden, ýakasyz dony geýdiň

Bagtymguly bähnetdir her kim togsana ýetse
Hiç kim oňa haýran bolmaz, ajal ýakaňy tutsa
Ahyr boljagyň şoldur, teniň ýer bile ýatsa
Ynanjy gazansaň, ýoluňy rowan etse
Işik-tüýnügi ýok, garaňky jaýa gitdiň
diýip, Bagtymguly muny aýdyp, dünýä ýaraşygymyz, ahyret çyragymyzy alan, zinetli hasylymyzy alyp, ýaraşygymyzy solduran panysyň diýip, ýene bir gazal aýdar:
Ha ýaranlar musulmanlar
Sen ozaldan ýalan dünýä
Töwesdiň ömrüm gutardyň
Jana talaň salan dünýä

Kime görkezdiň peýdany
Görmedik suwda-zyýany
Näçe-näçe Süleýmany
Täji tagtyn alan dünýä

Kimdir senden güler gider
Ýürek bagryn diler gider
Saňa gelen ýyglar gider
Kimdir sende gülen dünýä

Kimseleri girýan etdiň
Didelerini girýan etdiň
Ýürek bagryn birýan etdiň
Şeýle derde goýan dünýä

Bagtymguly many saçar
Her kim öz kysmatyn içer
Saňa gelen durmaz geçer
Kimdir sende galan dünýä,
diýip muny aýdan soň, Bagtymguly geçen mähriban günlerini essine alyp, hazan ýeli barsynyň gülün soldurjakdyr. Allaýar gardaşym, okyp alym bolsa, şeýtan boljak edi taňry men diýip ýören Şeddat galjak edi. Ömrün satyn alsa, Karun aljak edi, ynamsyz haryýet gelen dünýedir diýip, bir gazal aýtdy:
Gulak goýuň asyl sözüň beýany
Hazan bostan gülüň ýoldy-da gitdi
Dünýäniň hiç kime ýokdur ynamy
Ýer bagryna dartyp baryny ýuwtdy

Habardar bol sagyň bile soluňdan
Aýryldyň iliňden arka dagyňdan
Bir gün aýra salar seni bagyňdan
Bir bişen miwäňi ýoldy-da gitdi

Bu dünýä ynanan owal şat bolar
Aga-ini, dogan-gardaş ýat bolar
Hazan ýeli degse, ýanmazdan solar
Açylan täze gül soldy-da gitdi.

Okyp alym bolsa, şeýtan bolardy
Taňry men diýip ýören Şeddat galardy
Ömrün satyn alsa Karun alardy
Janlary jähennem düýbüne gitdi

Bagtymguly aýdar magnasyn saçyp
Halyl gurban etdi oglundan geçip
Musa gutulmady ajaldan gaçyp
Barysyn aždarha, gara ýer ýutdy,
diýip, Bagtymguly muny aýdan soň, bir näçe medet ýol ýöräp, dalyp -aryp, ajygyp Azady şäherine ýetdi. Ol iliň ak sakgal magraç gartlary, sylagly-hormatly ýigitleri garşy çykyp, göterip alyp köp söýdüler. Şonda Bagtymguly owal dünýä inip, doýup-dolup geçen, dört müň dört ýüz ýaşan Lukman hekimiň bedew atly han sypatly Rüstem Pälwan, üç ýüz on üç mürseli bilen hak Resuly goýmadyk pany dünýä sizi-de, bizi-de alar diýip bir gazal aýdar:
Dört müň dört ýüz ýaşan Lukman hekimiň
Teni gara guma batdy, ýaranlar
Bedew atly han sypatly Rüstemiň
Ajal ýakasyndan tutdy, ýaranlar

Ýusup dogrusynda Ýakup ýanynda
Synasy bagrynda derdi janynda
Gadryn bilmedikler boldy ýanynda
Ýusuby gul diýip satdy ýaranlar

Äleme höküm etdi Isgender Soltan
Ajal tasbyryna tapmady derman
Tagtyn ýel göteren hökmi Süleýman
Galmady dünýäden ötdi ýaranlar

Üç ýüz on üç mürsel galmady biri
Hany Hasasy Süleýmanyň weziri
Hany hak resul hem hakyň Şiri
Gara ýer enesi ýutdy, ýaranlar.

Bagtymguly aýdar gapyl oturmaň
Gara janyň gaýgy bilen ötürmäň
Ýalançyny hasrat bilen ötürmäň
Bir pasyl döwrandyr ötdi, ýaranlar.
diýip, muny aýdan soň, magraç garrylary sylagly ýigitleri hoş görüp, Bagtymgulyny göterip alyp, köp söýüp, dünýä zinetimiz il ýaraşygymyz, hoş sapa geldiňiz diýip, şady-horram boldular.
Ol zamanda Bagtymguly dünýewi mynasyp sözleri terk edip, baky döwletden söz açyp, aksakal magraç gartlaryň göwnüni awlap, ýaşlaryna tertip öwüt berip bolanyndan soň, size toba tapylmaz, gapyňyz açyk dur ekeni, toba gaýdyňyz diýip bir gazal aýdar:
Gapyňyz açykdyr, işik ýapylmaz
Eý janlarym, estahpara gaýdyňyz
Ölenden soň size toba tapylmaz
Eý janlarym, estahfara gaýdyňyz

Elip bilmedigiň işi harapdyr
Bi sena dilinde haýyrly kebapdyr
Jum jomart, ha, hemze dilde gaýratdyr
Eý janlarym, estahfara gaýdyňyz

Bir elip ýigitlik, garry dal budur
Gözüň derýa, kirpikleriň sal budur
Ajal gany, kerwensaraý ýel budur
Eý janlarym, estahfara gaýdyňyz

Estahfar diýeniň elipdir başy
Rişwet iýeniň haramdyr aşy
Gözüne görünmez kowmy gardaşy
Eý janlarym, estahfara gaýdyňyz

Estahfar diýeniň alty harply
Ezraýyl haýbatly geler zarply
Gylyçdan ötgürdir syraty howply
Eý janlarym, estahfara gaýdyňyz

Ol zamanda seniň synagyň geçer
Magryfet eýlese dürlerin saçar
Söýgüli guluna gapysyn açar
Eý janlarym, estahfara gaýdyňyz

Bagtymguly özi bersin döwleti
Ybrahym Halylyň boluň milleti
Ýatlaňyz taňryny, Resul ymmaty
Toba tagsyr, estahfara gaýdyňyz,
diýip, muny aýdan soň magryfet garrylary, sylagly ýigitleri munuň aýdan sözüne kanagatlanyp, güler ýüzli, şirin sözli, zinnetli-muhabbetli sözüne aşyk bolup, saddyk ustadyňa diýende, Bagtymguly bir gazal aýtdy:
Munda tagat eýlemeseň
Onda rahat hergiz olmaz
Ýaradanyň hak bilmeseň
Eden tobaň kabul bolmaz.

Ýaradanyň ýada alyp
„Men garyp guluň“ diýip
Toba tagsyr alla diýip
Ölseň imanyň aýrylmaz.

Bir garybyň sözi ýörmez
Gülüşerler, orun bermez
Diňleseler gulak salmaz
Deňlikde kemal tapylmaz.

Men diýip sen söýleseň
Men diýip sen oýlasaň
Bäş wagtyň terk eýleseň
Kalbyňda iman tapylmaz

Akyl hem bir syrdaşdyr
Amanat janyň ýoldaşdyr.
Haýa, iman bir gardaşdyr
Nurly çyragy aýrylmaz.

Bir haka ýalbar, şükür kyl,
Ömrüň öturme, tagat kyl
Baky döwletiň özüň kyl
Bir dileksiz kemal galmaz

Bagtymguly dogry ýörseň
Söýükli ummady bolsaň
Dogry geçip, dogry ölseň
Diliňden iman aýrylmaz
diýip, muny aýdyp zowky-sapada boldular hem-de Azady şäheriniň agalary, Janbek hanyň sylagly, hormatly türkmen il-dilberleri: Arçybeg, Gurtbeg, Nurybeg, Esenbeg, Äralybeg, Merdogly Meýdan-il dilberleri jem bolup, bu iki ýigide şatlyk toý tomaşa edip, bu iki ýigidi gutladylar. Bökeler göreşdirip, bedewler çapyşdyryp, zinnetli toý etdiler. Şonda Bagtymguly baky döwletiň atynyň tarypyny size beýan gylaýyn,-diýip bir gazal aýtdy:
Byrak atyň tarypyny söýläýin
Adamzada meňzär ýüzi Byragyň
Möminler, pyragyň waspyn söýläýin
Arap dilde sözlär dili Byragyň

Alma röwşen berer ýüzüniň agy,
Dodakdan syçrar nurly çyragy
Ýaşyl züberjetdir iki gulagy
Daň ýyldyza meňzär gözi Byragyň

Ýyldyrym dek geçer tuýak kakyşy
Sygyr sypatlydyr göwde bitişi
Zikri Ahmetdir ýüreginiň aşy
Ýörende al öwser ýeli Byragyň

Rahmet nuryndan doludyr içi
Gyzyl ýakutdandyr maňlaýnyň saçy
Eşekden uludyr gatyrdan kiçi
Al öwser ýörende nury Byragyň

Hak rahman rahym emr eýledi
Hakyň emrinden Jebraýyl indi
Gözünden ýaş döküp byrag ýyglady
Muhammet dilinde zikri Byragyň

Bagtymguly aýdar alhamdililla
Döwlet bakysyny özüň ber alla
Minen ony Ahmet ibni Abdylla
Dilinde Zikri Ahmet Byragyň
diýip muny aýdan soň, Ahmet üçin Byrag atyň ot iýmän, suw içmän, muňly-zarly duranyny hak subhana we tebarek kamil gudraty bilen bilip, Jebraýyly emr gyldy: „Byragy ýyglatma, söýgülisine goş hem-de maňa gelsin, bizi görsün, kamyl gudraty bilen arşyma seýil eýlesin hem görsün bizi, diýip söýükli guluna emr boldy. Bagtymguly bihruf we labyz sözleriň manysyny size beýan gylsyn, diýip saz bilen bir gazal aýtdy:
Jennetde bar gulum, bizlerden bir emr,
Bir mursah täç al bir külle kemer
Hem dahy lal bir pyras ötüp mugtabir
Byragyň ýygladygy Ahmet üçindir.

Kyrk müň Byrag atlar jennetde heman
Içinde bir Byrag muňly zar güman
Hak Muhammet Ahmet üçin arzyman
Byragyň ýygladygy Ahmet üçindir.

Içinde bir Byrag hem ýyglar gaty
Muňly-zary köýdir, ýokdur takady
Iýmez-içmez, bolmaz heýç-de rahaty
Meniň muňly-zarym Ahmet üçindir.

Aldy Jebraýyl Byragy ol zaman
Täji nab Ahmede ýetişdi heman
Arşyma seýl eýle ýa Fahry jahan
Dünýäniň düzülşi seniň üçindir.

Söýükli guluna döwletin berdi
Ýedi gat asmany seýran eýledi
Asmanda melekler ybadat gyldy
Dilinde zikri nury Byragyň

Ol Habybyma aýt minsin hem ony
Arşyma seýil eýlesin hem görsün meni
Söýdügim gelsin gutlaryn hem ony
Dünýäni düzdügim onuň üçindir

Diýdigim Mahbubym, Matlubym meniň
Söýdüň jan ile mahmudyň , seniň
Bihuruf lafz gyl dilegiň seniň
Dünýäni düzdügim seniň üçindir.

Ýa ylahym Hezretimden hajatym
Neçik haly geçer garyp ymmatym
Ymmat üçin köpdür meniň fyrkatym
Meniň ýygladygym ymmat üçindir.

Gel Habybym saňa aşyk bolmyşam
Jümle halky saňa bende gylmyşam
Herne myradyňy kabul gylmyşam
Dünýäni düzdügim seniň üçindir.

Bagtymguly bendesine özi ýar
Günähim ýalkasyn hak özi Jepbar
Siz hakyň habyby Ahmedi Muhtar
Ahyret sapasy seniň üçindir.
diýip, muny aýdan soň, il-agalary, il begleri jem bolup, bulary gutlap, toý-tomaşa edip, bu iki ýigidi ýüze çykaryp, Allaýary ýurda halypa kazy etdiler. Bagtymguly il diwanasy, ile muhabbetli bolup, göwün-göwünden suw içip, gaýgylar serinden geçip, döwletli gul myradyna ýetip galdy.
Biz-de ahyrky ýaryşda myradymyza ýeteris diýip, doly il-halkyň içinde öz göwnüni özi keri urup, baky döwletini oýlap, bir gazal aýdar:
Göwün ne iş bitirdiň, gezdiň jahan içinde
Doýmaz gözüň dünýäge, ýüregiň gam içinde
Abat diýip, gol uzadyp, düýbi weýran içinde
Ten toprakdyr aňlamaz,jöwheri jan içinde
Düşdüm topraga ýarap, galdy ýegsan içinde.

Dünýä üçin ýuwarsaň, tä içinde adam bardyr
Doýmaz gözüň dünýäge, menje-menje gum bardyr.
Bu zamanda adamzat, senden gapyl kim bardyr
Soragy hak, sowaly çoh iki melek hem bardyr
Ölenden soň toba ýokdur, galdyň arman içinde

Ýa ylahym sen saklagyl, bu gorkunçly ýollardan
Sagy-soly çöl ýerden, suw akmagan ýerlerden
Göwün dünýä yşgyndan, haram sözlär dillerden
Men bir ajyz bende men, Kemine men gullardan
Ejalatda goýmagyl, ýagşy-ýaman içinde

Bu dünýäden ol dünýä baran barda gelen ýok,
Diri, öli halyndan, habar-hatyr alan ýok.
Ýalançynyň penasy ýok, diýsem ýalan ýok
Akyl ediň, gardaşlar, könelerden galan ýok
Dünýäge bil baglaýan, galdy arman içinde.

Bagtymguly aldaýur gahwa pelek bezenip
Göwnüňe maýyl bolma, oňa garşy gezenip
Nä parahat ýatyrsyň, el-aýagyň uzadyp
Ajal ýörer yzyňdan, okyn-ýaýyn gezenip
Gury gelip, boş gitmegil ahyrzaman içinde.
diýip, muny aýdansoň, ol agalary, söýükli ýigitleri, akylsyzlary akyl alyp, söze pähim etdiler, hem-de il-halkyň içinde pendi-nesihat, öwüt berip, bir gazal aýdar:
Hezzet hormat sen etmegil
Görüm görülmegen ýerde
Akylly bolsaň, söz açmagyl
Nowbat berilmegen ýerde

Hormat gyl, ýagşy unutmaz
Gury agaja ýaprak bitmez
Akylly är kine tutmaz
Hulky söýülmegen ýerde

Harç eýleseň hara döner
Gül açylsa zara döner
Hyzmat etmek hara döner
Gadryň bilinmegen ýerde

Bir ýagşynyň dady galar
Ilde ýagşy ady galar
Ýaman özün bela salar
Akyly çekmegen ýerde

Baky döwletiňi ýatla
Goç ýigidiň sözün hakla
Bagtymguly diliň sakla
Habar soralmagan ýerde,
diýip, muny aýdan soň, il agasy, don ýakasy, gahryman il gadryn bilen, sözüni ornunda sözläp, atadan, babadan beglik etmedik kişi Soltan bolup, il gadryn bilermi? Ol kanagatly türkmen ýigitlerine garap, haryýet düzülmiş dünýäge aldanmaň diýip bir gazal aýdar:
Däli göwnüm ýalançyga aldanmaň
Jan diýmeklik bilen jenan bolarmy
Sözi öz ornunda sözläp bilmedik
Adam diýen beýle ynsan bolarmy.

Bir eşiden sözün tamam tutmaýan
Göwher alyp bazarynça satmaýan
Atadan-babadan beglik etmeýen
Soltan bolup, il gadryn bilermi

O nädir ki ýigit göwnün bozduran
Şeýtan bolup, dogry ýoldan azdyran
Hatyn sözün öý arada gezdiren
Onuň ýüreginde iman bolarmy.

Asyl sowgat alan ata-eneden
Haýa bilen durar, çykar ornundan
Ulusyna hormat gylar pyglyndan
Mundaý gözel-arwat ilde bolarmy.

Ergenekden gaýyr-gaýyr, ýüzün örtmez
Ulusyn sylamaz, dilini tartmaz
Bihaýa, biedep, myrada ýetmez
Ol gözelde asyl hormat bolarmy.

Bagtymguly aýdar bu sözüm hakdyr
Kitap gören kişi manydan dokdur
Taňla, mizan çeker, bu dem hem ýokdur
Lap eýlän ýigitler puşman bolarmy.
diýip, muny aýdan soň, Bagtymguly bir tarapdan türki, parsy eserinde, edebiýatynda bolan bolsa, ikinji tarapdan türkmen edebiýaty uly öwüs bolup, halk arasynda, söz ýaryşyna alyp bardy. Söz ýaryşynda täze muhabbetli gözelleri-de ýigit zergesine goşup. „Yspyhanda gurlan ýaýy gözel sen“ diýip bir gazal aýtdy:
Gök hanjary gökden ýere inende
Güne garşy dogan aýym gözel sen
Gunça gülleriňden posa alanda
Yspyhanda gurlan ýaýy gözel sen

Saçbagyň ujunyň simdir işmesi,
Ýollaryň daglydyr, gyndyr aşmasy
Agzyň aby-haýat, zem-zem çeşmesi
Aýnalbaky suwnuň laýy gözel sen.

Gyzyl diýsem gyzyl, al diýsem-al sen
Hindistanda şeker Bulgarda bal sen
Lamelip çekilmiş bir serwi dal sen
Ýusup Züleýhanyň taýy gözel sen.

Her kim güýçli bolsa oňa pir diýrler
Dertli guluň dermanyny bir diýrler
Gawunyň ýagşysyn şagala iýdirler
Bagtly bendäniň taýy gözel sen

Owazyň çynma-çyn daglar aşmasy
Seni görenleriň akly çaşasy
Hindistanyň reňgi gyzyl, çüýşesi
Şasenem sypatly mahy gözel sen.

Bagtymguly hakdan syryň gizleme
Il içinde bir-de ýalan sözleme
Ozalda, ahyrda ikam gözleme
Bagtly bendäniň taýy gözel sen.
diýip, muny aýdan soň, il agalary, sahawatly baýlary,sylagly ýigitleri türkmen milletiniň mysalynda güman bir söz bardyr, tylla şekerden datly näme bardyr diýdiler. Onda Bagtymguly aýtdy: Gelen myhman bilen sözleşip, gülşüp oturan jan bardyr diýdi, ýene-de uly öwüs garrylary sorady:
¬ Balam, bir ýagşydan ýaman bolarmy, ýamandan ýagşy dörärmi?
Onda Bagtymguly aýtdy:
¬ Bir ýagşydan ýaman boldy (çykdy) diýse ynanmaňyz. Bir gün eder atlygyn. Bir ýamandan ýagşy boldy diýse ynanmaňyz. Bir gün eder itligin.
Soň Bagtymguly ata-ogul, töreçi, köldöleňe synçy, biasyl, bigaýrat ýigidiň bahasyny ýüze çykaryp, bir gazal aýtdy:
Eý agalar, bir bigaýrat ýigide
Müň ýaman söz aýtsaň janyna degmez
Bikär şyh alan beýhuda zalyma
Perizadyň gylan näzine deňmez.

Jellat geldi jan almaga dalaşyp
Syýa zülpi dal gerdene dolaşyp
Juwan bardyr atlaz geýse ýaraşyp
Juwan bardyr geýen donuna degmez
Ogul bardyr gaýypdan hasyl inderen
Ogul bardyr ata göwnün dyndyran
Ogul bardyr duşman boýun syndyran
Ogul bardyr gyrnak gyzyna degmez

Bedew münüp keşt eder men jahany
Altyndan myhy kümüşden naly
Bedew bardyr müň tümene bahaly
Bedew bardyr ýapan juluňa degmez

Bagtymguly aýdar bu sözüm sözdür
Bilmedik nadana gury owazdyr
Adam bardyr müň tümen iýdirseň azdyr
Adam bardyr iýen nanyna degmez
diýip, muny aýdan soň, baýlary sahawatly, garrylary muhabbetli, ýigitleri haýaly-zinetli, garyba myhabbetli bolup ýaşap geldiler. Bagtymguly: arap atly goç ýigidiň goly ýokly bolmasyn, ýokly bolsa, dogan-gardaş ýat bolar diýip, bir gazal aýdar:
Goç ýigidiň goly ýokly bolmasyn
Ýokly bolsa dogan-gardaş ýat bolar
Gaçar agaň-iniň bilmez gadyryň
Ony gören duşmanlaryň şat bolar.

Sabyr eýle, sabyrly gul şat bolar
Ýaman ogul atasyndan ýat bolar
Gybatçynyň gazanany at bolar
Nadanlaryň ýürekleri mat bolar

Kişiden dilegim hiç möýmüň bitmez
Bir dost öýüne barsaň, merhemet etmez
Märekede aýdan sözüň tutulmaz
Diňlemezler, gury sözüň mat bolar

Garyp aýak ýalaň, kendir guşakdyr
Märekede barsaň ornuň aşakdyr
Garyp at münüp ýörse eşekdir
Döwletliler eşek münse at bolar.

Bagtymguly, şükür eýle hudaýa
Ölüm barabardyr şaha gedaýa
Aklyň bolsa, sabyr eýle belaýa
Sabyrly, gul bara-bara şat bolar.
diýip muny sabyrly guly myradyna ýetirip, uly öwüs pirinden rugsat alyp, ýüze çykan meýdanda doly boljagyn, bigaýrat ýigidiň iş bitirmejegini ýüze çykaryp, hünärsiziň öz aýbyn ýapmajagyn ýüze çykaryp, mysal getirip, Bagtymguly bir gazal aýdar:
Goç ýigidiň ady çykmaz
Döwletli, şaýy bolmasa
Bigaýratly iş bitirmez
Ýemigi doly bolmasa.

Görüm-görelde almasa
Hünäri şaýy bolmasa
Dal gylyç, bedew münmese
Akyla gelmez, däli bolar

Bolmasa onuň zurýady
Ölende tutulmaz ady
Synasynyň ýanmaz ady
Ylahym özi bermese.

Algyr guşlar awa çykmaz
Hünärsiz öz aýbyn ýapmaz
Märekede orun tapmaz
Başda akyly bolmasa

Gonmak täze ýurda ýagşy
Haly düşek törde ýagşy
Ol ýigitler görde ýagşy
Başynda gowga bolmasa.

Bagtymguly bolsa başly
Hiç gaýtmaz ötgür gylyçly
Dözenler duşmany güýçli
Dosty wepaly bolmasa.
diýip muny aýdan soň, ýaman bilen ýagşynyň arasyndaky aýyrmany ýüze çykaryp, ýamanyň goluna ýetse, algyr baz saklap bilmez, onuň gadryny nä bilsin diýip, Bagtymguly bir gazal aýdar:
Bir ýaman adama ýetse algyrbaz
Saklap bilmez onuň gadryn nä bilsin
Bir çopan eline düşse almaz daş
Çakmak daşdyr diýer, gadryn nä bilsin

Baýlara ýaraşar haýry-sahawat
Ýoksula laýyk sabry-kanagat
Eşek münen ogla ýetse bir bedew
Sürer-çapar, onuň gadryn nä bilsin.
Kamil bolmaz ol şerbetden içmeýen
Aňlap bilmez manysyny saçmaýan
Mejnun bolmaz iş başyna düşmeýen
Perizat Leýliniň gadryn nä bilsin

Dynçlygyň gadryn bilmez armaýan
Beglik diýip bolmaz berim bermeýen
Çölde açlyk muşakgatyn görmeýen
Öýde aşyň, nanyň gadryn nä bilsin.

Adam diýen bir ykrarda durmasa
Ýazyň gadryn bilmez sowuk görmese
Ördek, sona, gazlar çöli görmese
Serçemenli gülüň gadryn nä bilsin

Bagtymguly aýdar hem hemdeme
Geliň şükür edeli dostlar bu deme
Sözlände söz gadryn bilmez adama
Müň mana söz aýtsaň, gadryn nä bilsin,
diýip, muny aýdan soň, Bagtymguly sözüň aýtsaň biljege aýt, bilmeze aýtsaň lezzeti ýok, ýaman bile ýagşy ýörse, ol ýagşynyň hormaty ýok, diýip ýene bir gazal aýdar:
Ýagşy bile bolsaň goňşy
Işiň zowky-sapa bolar
Ýigitlikde kylsaň toba
Köp derdiňe doga bolar

Ýaman goňşy çapar gaýta
Ýykylsaň-da deper gaýta
Senden aýyp tapar gaýta
Başyna bir bela bolar.

Men gözel diýip söýüne
Rehim etmez dogan-dogana
Kellesi meňzär sogana
Her ne bela şondan geler

Zamana ýakyn gelende
Parhy bolmaz ýalan çynda
Hak kanagatyn alanda
Biasyl binowa bolar.

Bagtymguly söz dilinde
Namysyn bermez elinden
Höwes etmäň gyz-gelinden
Ýyl-ýyldan bihaýa bolar
diýip, muny aýdan soň, Bagtymguly dok bile ajy ýakalaşdyryp, janymyzyň alan panysyň, diýip, bir gazal aýdar:
Dok dalaşar ýüpek mahmal geýmäge
Geldim, gözel zatdyr dony bolmasa
Aç dalaşar gury nany iýmäge
Müşgildir öýünde uny bolmasa

Hasyl umydy bar ekin ekene
Bu işler mälimdir mähnet çekene
Ýalaň aýak basmaz, dözmez tikene
Neýlesin geýere göni bolmasa.

Ýigitlik gyzyl gül, yşarat eýlär
Başyna ýa geler, ýa gelmez oýlar
Dişine nan tapmasa, çäresiz neýlär
Müşgildir suprada nany bolmasa

Akylsyzlar iş ahyrna garamaz
Gury agaçdan asla miwe döremez
Agyr mejlislerde çopan ýaramaz
Neýlesin oturmaga orny bolmasa.

Bagtymguly söýmez jydaly jeňe
Ahyret azm etdi köp dosy deňe
Bir edip ýigidiň dal boldy sünge
Müşgildir teniňde janyň bolmasa
Soň hormatly aksakal magraç garrylar bu sözleri eşidip, uly pikirde, oýda boldular. Bagtymguly: zaman gelip geçjekdir: gözleri otly, ýürekleri dertli bihaýa ynsan, ölüsine hormatsyz, ýaşlary kanagatsyz, ýürekleri muhabbetsiz, oturyş-turuşlary özlerine dogry, dünýä howara, ahyret parhyn bilmez, halal-haramy aýyrmaz, diýip, bir gazal aýdar:
Ha ýaranlar şol zamanda
Gözde gubar dert köpeler
Bolmaz ynsap ýüreginde
Adam iýen mert köpeler

Ýat etmeýen ahyredi
Dadarlar haram lezzeti
Dünýä üçin anty-şerti
Parhyn bilmez mert köpeler

Akylly bolsaň söz pähm et
Ýyl-ýyldan köpeldi mähnet
Bir-birine edip töhmet
Nägöýä şerbent köpeler

Jahyllygyň güni azdy
Birsin görüp biri azdy
Hak işini nähak düzdi
Işi bimaza, söz köpeler.

Bagtymguly bakyň ýola
Gulak goýuň arzy hala
Iller meňzäp goýun-mala
Ony iýjek gurt köpeler
diýip muny aýdan soň, aksakal magraç garrylary toba-tagsyr, diýip, zinetli ýaşlary tomaşa-taňa bakyp, haýran bolup, geljek işlerine akyl eýesi bolan ýigitler güman bolup, onda pikirde boldular. Ol-da bir dünýäniň dar zamany ahyret alamatlary göze görünjekdir. Günbatardan gün dogup, toba gapysy ýapyljakdyr, dünýä haryýet gelen bir ýaşawdyr, diýip ahyredin ýatlap bir gazal aýdar:
Bir gün ol günbatardan belli meşhur gün dogar
Ýüzi mahytaban dek bilekleri gandyrar
Bilmez adam başyna çoh muşakgat iş geler
Şol muşakgat belalary öz içinden hem dörär
Agzyn açyp aždarha dek belalary köp durar

Her kim öz kysmatyn görer, onda hallar başga bolar
Dünýä üçin mal ýygynlar, kim gazanar, kim iýer
Barysy hem senden galar, barçasyny alla biler
Iýmit iýen ýigitlerne renji mahnet köp bolar
Aždarha dek zährin saçan ýigitleri köp bolar.

Ýaradanyň permany, janynyň köpdür armany
Görüň Hüseýin Mürzäni, dünýäniň bir zamany
Hak ýazar arzany, ýada almaz subhany
Şeýtan bolar ynsany, bolmaz onuň zamany
Ýere urup lerzany Esrapyldan üýn dörar

Haýwan ynsan sanynda,ajal bardyr ýanynda
Dünýä ahyry bolan soň, bar ynsany alansoň
Teçjal dünýä inensoň, sazy söhbet guransoň
Özün halk bilensoň, dünýä erkin galansoň
Dönüp käbä baransoň, arwah bilen jyn dörär.

Gelen sen dünýä haryýet, ol zaman bolmaz hormat
Herne çekersen ezýet, Bagtymguly eý heýhat
Ruzy magşar kyýamat eýa kazy elhajat
Barça işler kyn dörär
diýip, Bagtymguly muny aýdan soň il hoja, garry gartlary, herki bir gelen gününe şükür edip, dolup-doýup geçen il-agalary şat şadymanlyk bilen myratlaryna ýetip galdy.
____________________________
Öwüs-dürli öwüsgin atýan.
Alfutüf-örän
Sohta-sopy
Afat-örän
Zahyr-gowy
Zekiý-ýiti zehinli
Talfynyp-dalmynyp
Essine düşmedi-ýadyna düşmedi.
Magtaw öwgi
Gartlary-garrylary
Muhtaç-mätäç
Asta-akryn-ýuwaş ýuwaşdan
Zinetli-owadan
Supra-saçak
Derim-çuň
Ussat ili-bu Selimhoja ussadynyň ilidir ýurdudyr.
Sagynmak-göresi gelmek
Hudaýar-Magtymgulynyň özi bolsa gerek
Uzatmak-ugratmak
Ýowuk-golaý, ýakyn.
Hargyşmak-duşmak
Gart-garry
Haryýet-wagtlaýynça
Ýyrak-daş, alys
Uw dadyr-awy ýaly bolar
Görüw-görmek
Ganda-nirede
Ýaňgak-hoz
Saddyk ustadyňa-
Magtaw-öwgi
Keri-yza, gaýra
Muhtabir-ygtybarly
Haýat-durmuş,ýaşaýyş
Zynat-bezeg
Gurmak-ýaşamak (doglan çaga barada)
Ana-ene
Essine almak-ýadyna düşürmek
Dalmak-ýadamak
Magryfet-bilimli ylymly
Bökeler-pälwanlar
Züberjet-gymmat baha daş
Tuýak-toýnak
Magmud-Muhammet
Lafz-söz
Fyrkat-gaýgy gam
Keri-yza
Menje-penje
Ejalat-rugsat
Algyrbaz-algyr guş
Binowa-garyp
Nägöýä şerbent-aýdylmaýan erbetlik.

Çapa taýýarlanlar: Sapar KÜRENOW, Şabanaly JUMAÝEW, Döwletmyrat ÝAZGULYÝEW. Halk döredijiligi we rowaýatlar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle