|

Söýgüsiz gyzyñ monology

Söýgüsiz gyzyñ monology SÖÝGÜSIZ GYZYŇ MONOLOGY

Söýgüsiz gyzyñ monology

“Gel” diýmedi
Söýlen gözel
Öz ugrunda sepil bolan aşyga.
ol bolsa gerdende göterip geldi,
ýalňyz yşgyn dag-düzlerden aşyra.

Yşk köşgüne girmek isledi aşyk,
Gaýzygan dertlerin başyndan kowup.
Yşgyň gapysyndan bilmedi aşyp,
Müňläp synaglary bilse-de sowup.

Söýlen gözel görmegini güjeňläp,
Yşk derdiniň tutaşmagna hem sebäp.
Köýdürdi arzuwyn aşyklaň müňläp,
Dünýä inen ter yşkyny seňseläp.

Keşbini görenleň ýat bolýar huşy,
Aýam ejab edip gizlenýär Gökde.
Ýöne şeýle görki beren durmuşy
Yşk nuruny eýlemändir ýürekde.

Ne aşyk derdine ejizläp bilýär,
Ne ony örtemän, ezizläp bilýär.

Bir bilýäni, joşan yşgyň deňzine
Aşygyny oklap bilýär.
Ýoklap bilýär
Goldan alyp küregin.
Hem ýüregin mynçgap bilýär,
Ýaryp kükregin.

Aşyk ýigit bolsa gözläp bu ýary
umyt etdi, hoş sözüni alarna.
Ýöne didesine teşna didary,
Yşgyň açylmadyk gapylaryna
Bakyp,
Bakyp,Bakyp doýmaly boldy.
Başyna täç etjek mahmal bägülin,
Şu gapyň öňünde goýmaly boldy.

Müňläp synaglary bilse-de sowup
Yşgyň gapysyndan bilmedi aşyp,
Gaýzygan dertlerin başyndan kowup,
Yşk köşgüne girmek isledi aşyk,
Söýlen gözel
“Gel” diýmedi.

Muhammet BEKGIÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle