| | |

Dünýä edebiýatynyñ meşhur alty zenan ýazyjysy

Dünýä edebiýatynyñ meşhur alty zenan ýazyjysy

DÜNÝÄ EDEBIÝATYNYÑ MEŞHUR ALTY ZENAN ÝAZYJYSY

Çeper edebiýat diýlende, ilki bilen aklymyza erkek ýazyjylar gelýär. Ýöne her näme-de bolsa dünýä edebiýatynyñ altyn hazynasyna gymmatly eserler beren zenan ýazyjylaryñam barlygyny inkär edip bolmaz. Olaryñ käbiriniñ eserleri kinofilme öwrülip dünýäni gezýär, käbirinki bolsa ýokary okuw jaýlarynda ýörite öwrenilýär. Dünýä edebiýatyna ölmez-ýitmez eser beren zenan ýazyjylaryñ käbiri jemgyýetçilik problemalaryndan, käbiri öz içki ruhy dünýäsinden, käbiri bolsa syrly dünýälerden söhbet açýarlar.

Olaryñ suratlandyrýan dünýäleri ýa-ha kinofilm bolup göz öñümizde janlanýar, ýa-da okyjylar tarapyndan kitap sahypalarynyñ gatyndan yzygiderli okalýar. Ynha, dünýä edebiýatynyñ meşhurlyk gazanan käbir zenan şahyrlary we ýazyjylary:

▶ WIRJINIÝA WULF

Angliýada doglan Wirjiniýa Wulf ýazan romanlary bilen feminist akyma klassyky eserler berip, şol bir wagtyñ özünde maglumat alyp-beriş serişdesiniñ ýaýramagyna uly goşant goşupdyr. Ol ýazyjy kakasynyñ kitaphanasynda özüni kämilleşdirip, gazetde çap edilen gysga hekaýalary bilen döredijilik dünýäsine ymykly gadam basdy. 
Leonard Wulfa äre çykmagy Wirjiniýa Wulf üçin öwrülişik sepgidi bolupdyr. Sebäbi Leonard aýaly üçin ýörite çaphana gurýar we Wirjiniýanyñ kitaplary neşir edilip köpçülige ýetirilýär. Iñ soñky "Arakesme" («Между актами» / "Between the Acts") romanyny ýazyp ýörkä özüni we döredijilik ukybyny ýaramaz duýup başlaýar. Şeýle-de Ikinji jahan urşunyñ ýakynlaşyp gelýän galagoply wakalarynyñ berýän howsalasyna özüni aldyran Wirjiniýa Wulf 1941-nji ýylyñ 28-nji martynda eşiginiñ kiselerini daşdan dolduryp Uz derýasyna özüni oklap, janyna kast edipdir.
 
▶ AGATA KRISTI

Detektiw roman diýlende ilki bilen ýada düşjekleriñ biri-de Agata Kristidir. Döreden obrazlary we sýužetleri bilen diýseñ halanýan Kristiniñ kitaplary Angliýada Şekspirden we "Injilden" soñ iñ köp satylýan kitaplaryñ hataryna girmegi başardy. Meri Wesmakott edebi lakamy bilen söýgi temasyndaky romanlary ýazan Kristiniñ döreden Miss Marpl, Erkýul Puaro ýaly çeper gahrymanlary dünýä detektiw edebiýatynyñ taryhyna hemişelik girdi.
Hemişe diýen ýaly açmasy kyn syrly jenaýatlary gürrüñ berýän Kristiniñ hemmelere mälim bir aýratynlygy bar.
Ol 1926-njy ýylda birdenkä ýitirim bolýar we on bir gije-gündizläp hiç kim tapmaýar. Ony bir kölüñ kenarynda we eşikleri dagap ýatan ýagdaýda tapýarlar. Käbirleriniñ pikiriçe onuñ aklynda gidip-gelmeler bolupdyr, käbirleri bolsa adamsynyñ oýnaşyny öldürjek bolup ýitirim bolandygyny aýdýarlar.

▶ URSULA KRÝOBER LE GUIN

Üstümizdäki ýylyñ ýanwarynda segsen sekiz ýaşynda aradan çykan amerikan ýazyjysy Ursula Krýober Le Guin ylmy-fantastika we fentezi žanrynyñ iñ görnükli wekillerindendir. 1960-njy ýyllarda edebiýata gadam basdy. Eserlerinde taoizmiñ we grek mifologiýasynyñ täsirlerini açyk duýmak bolýar. "Tümlügiñ çep eli" atly kitaby arkaly Nebula we Gýugo adyndaky edebi baýraklara mynasyp bolan ýazyjynyñ okyjy gatlagy beýleki ýazyjylardan kän öñde barýar.

▶ ŽOAN K. ROULING

"Garri Potter" romanlar tapgyryny eşitmän, bilmän galan ýok bolsa gerek. Žantastika žanrynda özüni görkezmegi başaran Rouling bu kitabyñ kinofilmleşdirilmegi bilen-ä, hasam meşhurlygyna meşhurlyk goşdy. Adaty poezd ýolagçylygynda ýazylyp başlanan "Garri Potteriñ" şular ýaly meşhurlyk gazanjagyny, megerem, awtoryñ adyny "J.K." görnüşinde görkezen neşirýatyñ hojaýyny bilenem däl bolsa gerek. Çünki neşirýatyñ başlygynyñ pikirine görä, awtorynyñ zenan bolmagy kitabyñ şowsuz garşylanmagyna sebäp bolup bilerdi. Ýöne çak edilenden başgaça bolup çykdy. 
Ýazyjynyñ iñ soñky ýazan "Boş kürsi" romany hernäçe "Garri Potter" ýaly seslenme döretmese-de, Roulingiñ muşdaklary "Boş kürsini" satyş reýtinginde şowsuzlyga uçratmady.
 
▶ SILWIA PLAT

Silwiýa Plat ýokarky agzalanlar ýaly ýazyjy däl, ol — şahyr.
Konfessional şygyrlaryñ iñ gowy nusgalaryny beren Plat ilkinji goşgusyny sekiz ýaşynda ýazypdyr. Durmuşynyñ her öwresinde ýokary derejedäki ruhy näsazlyklary başdan geçiren Silwiýa Kembriž uniwerstitetinde-de işläpdir. Plat bu ýerde Ted Gýugs bilen tanyşýar we oña durmuşa çykyp, Bostona göçýär. "Syrça panus" onuñ başdan geçiren ruhy depressiýasy hakynda maglumat berýän eserleriñ biridir.

▶ STEFANI MAÝER
 
Ýazan kitaplarynyñ ählisi diýen ýaly kinofilmleşdirilýän zenan ýazyjylaryñ biri-de Stefani Maýerdir. "Alagarañkylyk" romanlar tapgyry bilen 2008-nji ýylda "Ýylyñ ýazyjysy" diýip yglan edildi. Şeýle-de bu görmegeý ýazyjynyñ "Göçegçi" atly ylmy-fantastiki romany-da bar.

Taýýarlan: Kitapçylar.

Edebiýat täzelikleri

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle