Şygyrýet we şahyr
Şygyrýet we şahyr

Söz ussady, şahyr Oguljemal Çaryýewa bagyşlanýar
Barýansyň dykgatly düşüp yzyna,
Kökene baglanan setir-sözleriň.
Manynyň içinden many saýgaryp,
Pikir çeşmesine dikýäň gözleriň.
Esas edip ynsanýetiň ruhun,
Birikdirýär şahyr zemin-asmany.
Ýaşyl reňk bilen siňňin bezeýär
Kalbyňda saralan bagy-bossany.
Nurana säheriň çygly howasy
Setirleriň arasyna ýaýrandyr.
Bentlere daýanyp,ünse söýenip
Okaýan mahalyň akyl haýrandyr.
Her şygryň,setiriň many-maýasy
Tebigi görnüşde siňýär kalbyňa.
Mazmundan daşgary ähli zatlaryň
Sudury görüner meňzäp salgyma.
Durmuş hakykaty ylahylykdan
Çeşme alyp,setir saýyn boý alýar.
Şygyrlaň bezegi, gözzellik täji
Nazaryňda reňk açyp,goýalýar.
Pikirler ulgamy şygryň içinden
Ötlem-ötlem geçip,aňda ýerleşýär.
Tolgundyryp seni, heýjana salyp,
Ruhyňa ruh bolup birleşýär.
Şeýdip,alyp gidýär çuňluga sary,
Şygyrýetiň jümmüşine,örküne.
Şahyr çeper sözüň gudraty bilen
Kement zyňýar ygtyýaru-erkiňe.
Siňip onsaň poeziýaň süňňüne,
Bendilikde galýaň haýran içinde.
Garyp göwnüň duşýar ruhy baýlyga,
Şygyrýet mülküne seýran içinde.
Ynsan duýgysyna, islegne görä,
Talantyna bagş eýleýip kemaly,
Mukaddes şygyrýet-ene poeziýa
Döredendir, belki, Oguljemaly.
Salam bilen Şyhymyrat ABDYLLAÝEW. Goşgular