Mürze ýigit
Mürze ýigit

(Andalypdan täsirlenme)
Sen meniñ kalbymyñ mürzesi,
Men señ üçin tapmaça
Özi hem kyn çözmesi.
Üzlem saplam duýgularyñ
Ýadadanda kalbym gyryp üzmesi,
Aýdaryn ahyry olar hakda-da.
Sen meniñ ilimiñ ozany,
Saña diýýärler şahyram,
Okamasam-da ýeke gazalyñ,
Adyñ aýdym ýaly ýüregmi ezýär,
Aýdyp ber yşgyñ tagbyryn,
Bilip bolmasa-da ezeli.
Gözlerimiñ ýitip barýan nury Sen,
Anrysyndan gözýetimiñ
Gol salgajak biri sen.
Çeken süýji ezýetimiñ,
Meniñ üçin iñ gymmatly zatdygyn
Bilmän geçer bu adamlañ birisem.
Kalbymyñ mürzesi, goly zer hatly,
Hatdady müñ kelam ýazan köñlümiñ.
Sensiz kalbym hiç gutulmaz jerhetdir,
Hem hümmetsiz ömri müñ
Tylla bilen baha kesen mizanym,
Eý mürze ýigit.
Leýla REJEPOWA. Goşgular