Garaş maňa
Garaş maňa

Aglama, ýüregiň küýsese meni,
«Ol dolanmaz» diýip batmagyn gama!
Meniň üçin ayap her bir demiňi,
Ýoluma göz dikip, garaşgyn maňa!
Durmuş ýodalarnyň daralan çagy,
Men hakda yaman söz aýtsalar saňa.
Özgäni diňlemän söyüşiň ýaly,
Özgäni diňlemän garaşgyn maňa!
Goý, aýlar aýlansyn ýa ýyllar geçsin,
Sagatlar tiz geçip, garylsyn çaňa.
Ýürekden gözlerňe geçirip keşbim,
Garaşgyn!
Garaşgyn!
Garaşgyn maňa!
A bir gün ýanyňda saklansa demim…
Ýöne… bu saklanyş çekse uzaga.
Dolanyp gelmeklik meniň endigim,
Mümkin, dolanaryn, garaşgyn maňa! Goşgular