Hajy Bekdaş Weli: Bekdaşiýa we beýleki tarykat silsilesi
Hajy Bekdaş Weli: Bekdaşiýa we beýleki tarykat silsilesi

Türkmen taryhçylaryna, edebiýatçylaryna amatly bolmagy üçin şu taýda bekdaşy tarykatyna eýeriji, emma başga atlar bilen agzalýanlar hakda-da aýtmak isleýäris. Bu maglumatlar türk alymy Abdylkadyr Sezginden alyndy.
1. Tahtaçy – türkmen tiresiniň biriniň ady hem-de bir hünäriň ady, şeýle hem esasan Bekdaşylyga eýerijilerdir.
2. Gyzylbaş– XVIII asyrda we soňra fanatik eýranly şaýylar üçin ulanylan sözdür, bekdaşy tarykatyna giren obaly diýen manysy hem meşhurdyr.
3. Çepni – oguzlara degişli bir topar türkmenleriň şiwe adydyr we bekdaşylyga eýerijilerdir.
4. Syraç – türkmenleriň bir şiwesi, olar bekdaşy tarykatyna ýürekden bagly we joşgunly ynsan¬lardyr.
5. Alewi – bu söz bütin yslam ülkelerinde ulanylýan bir sözdür. Ýöne her ülke muňa özüçe düşünýär. Anadolyda bekdaşy manysyndadyr.
Indi silsilelere geçeliň. Her bir tarykaty gurujy ýa-da onuň ady bilen gurlanlar özünden öňki halypalaryň haýsylaryna eýerýän bolsalar, şolaryň atlarynyň nobat bilen ýazylmagyna silsile diýilýär. Türkiýede iň meşhur, iň giň ýaýran mewlewiýa we bekdaşiýa tarykatlarydyr.
Mewlewiýa tarykatynyň silsilesi
Möwlana Jelaleddin Rumy
Burhaneddin Muhakkyk Termezi
Huseýin Bekri Balhy
Ahmet bin Ömür Haýrany
Ammary Ýaser
Muhammet Suhrawerdi
Omar Bekri el-Kady
Wasiýeddin el-Kady
Muhammet Bekri
Muhammet Dineweri
Mümşad Dineweri
Jüneýd Bagdady
Ymam Ali Ryza
Hezreti Aly
Muhammet pygamber
Bekdaşyýa tarykatynyň silsilesi
(Ebubekir goly)
Hajy BekdaşWeli
Lokman Horasany (Perende)
Ahmet Ýasawy bin Muhammet Hanefi
Ýusup Hemedany
Ebu Aly Farmidi
Ebul Hasan Harkani
Baýezidi Bistami
Jaferi Sadyk
Kasym bin Muhammet bin Ebubekir
Selmani Farisi
Ebubekiri Syddyk
Muhammet pygamber
Nagyşbendi tarykat silsilesi (Ebubekir goly)
Muhammet Bahaýeddin Nagyşbendi
Emir Külal
Muhammet Baba Semmasi
Ali Ramiti
Muhammet Çagnewi
Arif Riwegeri
Abdylhalyk Gijduwany
Ýusup Hemedany
Ebu Ali Farmidi
Ebul Hasan Harkany
Baýezidi Bestamy
Jaferi Sadyk
Kasym bin Muhammet bin Ebubekir
Selmani Farisi
Ebubekiri Syddyk
Muhammet pygamber
Umuman, silsile gan garyndaşlygy däl-de her bir beýik adamyň mugallymlaryny, ruhy halypalaryny öwrenmek üçin örän zerurdyr. Edebi makalalar