|

Siziñki

Siziñki SIZIÑKI

Siziñki

Ýer-suwdan paý alan garyp ýoksullar,
Agdaryñ, dönderiñ, ýer-suw siziñki.
Ýap gazyp, pel çekip, düzediñ ýerler,
Garyp zähmetkeşler, ýer-suw siziñki.

Reforma bir ýaşyn doldurdy geçdi,
Sansyz zähmetkeşin gözlerin açdy,
Süýthoryñ dilegi tersine düşdi,
Ynkylap miwesi — ýer-suw siziñki.

Traktor şereketini birleşip açyñ,
Täze durmuş isläp, köneden geçiñ,
Kooperatiwe üýşüp, çastnydan gaçyñ,
Güýç birgerip işläñ, ýer-suw siziñki.

Koşçynyñ soýuzyn asla ýatyrmañ,
Ýer-suwlar gaýdar diýip, göwne getirmäñ,
Güzeran düzediñ, bikär oturmañ,
Süýthorlara garşy göreş siziñki.

Işçi-daýhan birleş hemme işlerde,
Söýenşen ýykylmaz, bolsa her ýerde,
Zalymlar duşmandyr bize her derde,
Partiýanyñ dogry ýoly siziñki.

Okadyñ ýaşlary, ogul-gyz diýmäñ,
Koşça ýerleşdiñ, zähmetkeş goýman,
Okuw okañ, könä edip puşeýman,
Nadanlygy taşlañ, döwran siziñki!

Oktýabr, 1926 ý.

Mollamurt. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle