|

Perişan kalbyñ umydy

Perişan kalbyñ umydy PERIŞAN KALBYÑ UMYDY

Perişan kalbyñ umydy

Menden näme telbe ýasap bilerkän,
Üýşen pikirmi?
Ýüregim buz boldy, puç boldy dünýä,
Paýhasym kermi?

Ýüregim meñzeýär gatan topraga,
Galmady arzuw.
Ol toprak ýene-de gök öwsüp biler
Akyp gelse suw.

Görkeziñ janlanan juwan ýüregi —
Söýjek adamy.
Kim ýasarka menden ýene-de telbe
Aýdyñ adyny.

Ýüregim meñzeýär gyşda tokaýa
Buz ýaly içi.
Umytsyzlyk dünýäsiniñ üstünden
Ötüp meñ üçin.

Öz hyjuwy, näzi bilen kalbymy
Ýylatjak barmy?
Şatlygy-gaýgyny deñ paýlaşmaga
Ýarym taýýarmy?

Ýary gijäñ gujagyndan ýene-de
Çykarmy aýdym?
Ýene bahar bizi gujaklarmykan?
Adamlar aýdyn?

Säherleri humar bolup söýgüden
Garşylarynmy?
Eredermi günüñ nury tokaýyñ
Sowuk garyny?

Nirede üzüldi, ýene döwüldi
Durmuş sapagy?
Gyş-bahar nirede, dostum nirede?
Nirede ýagy?

Nirede gaýratym — tutulan guş dek
Galdy çolaşyp?
Kim meniñ ömrümi biderek etdi,
Zäherin goşup.

Asmany terk eden nurana aýyñ
Barmy ýatagy?
Nirede üzüldi, ýene döwüldi,
Durmuş sapagy?

Agyr ukusynda ýatyr Watanym,
Ýatyr oýanman.
Ýorgan ýaly bolup üstüni örtýär
Garañky duman.

Agaç şahalary yranmaýarlar,
Ýok saýrak guşlar.
Güller ýok, güneş ýok,
Ýok ýazlar, gyşlar.

Belli bir ugursyz derýa meñzeýär
Halkyñ durmuşy.
Hüýt gara dumana mäkäm büreldi,
Watanyñ başy.

Jadylanan gözler görenok hiç zat,
Görenok ýoly.
Aýagymyz agyr uky zerarly
Zynjyrly ýaly.

Hemme ýer dym-dyrslyk göýä gelen dek
Müñkür hem Nekir.
Jennetiñ acary nirdekän diýip,
Edýärin pikir.

Jadylanan gözler görenok hiç zat,
Görenok ýoly.
Jady oýun etsin, gülsün ses edip,
Çagalar ýaly.

Goý, jadynyñ sesi oýatsyn bizi,
Oýatsyn basym.
Dünýä agyr ukusynyñ goýnunda
Uzak ýatmasyn.

Bu aýylganç duman dargasyn gitsin
Gün şöhle saçsyn.
Uka çümen dünýä mährem ýylgyryp,
Gözüni açsyn.

Öz-özünden peýda bolup bir gudrat
Ýylgyrdar bizi.
Tapar ol aýlanyp köçeme-köçe
Öýlerimizi.

Baharda gök öwser tokaý, ýapraklar…
Bolmaz gümany.
Garañkyñ kastyna dörän ol gudrat
Kowar dumany.

Rabindranat TAGOR.

Terjime eden Kaýum TAÑRYGULYÝEW.

Surat: Salwador Dali Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle