|

Men kompýuter bilen nardy oýnadym

Men kompýuter bilen nardy oýnadym MEN KOMPÝUTER BILEN NARDY OÝNADYM

Men kompýuter bilen nardy oýnadym

Men kompýuter bilen nardy oýnadym.
Dörtburç düwmeleri sülýän «syçanyň»
böwrüne dürtdüm.
Düwmeler digirdäp togalandylar.
Durdular. Olaryň ikisem 6.
Gaýta süldüm.
Bu gezekde düwmeler 6 & 4 boldy.
Kompýuter oýunçy ilki göçmek gezegini aldy.
Göçüberdik sülen düwmelermiziň
bize peşgeş berýän sanlarna görä.
Kompýuter örän çalt hemem bet göçýä,
menem göçüm edýän aňmagma görä.
Bu oýun jemlendi. Ýeňiji boldum.
Özüňiz bilýäňiz, ähli oýunçyň maksady şoldur.

Ýene-de oýnadym.
Ýaňy ýeňiji bolduň diýip göçüm nobatyny eçildi,
uly bolmasa-da boýun almaly,
bu artykmaçlyga kelle göçüldi.
Ýöne oýny başlap gülen bolsamam,
Düwmeleri özüm sülen bolsamam
yzly-yzyna dört gezek 6 goşa sülündi.
Meniň göçüm etmeli boljak öýjüklerim
kompýuter oýunçy tarapyndan aňsatjak petiklendi.
Gynandym, bagrym dilindi.
Emma welin kompýuter meniň elim bilen sülüp,
aldy gerek sanlaryny, ýakyp meniň janlarymy.

Oh-howw, ýöne utup dur-la,
şu kompýuter diýilýän-de «kelle» bar-la.
Özüne-hä gerek sanyn alýar,
maňa süldirse-de,
yzly-yzyna üç ýeňdi, hötjetligin bildirse-de,
oýnadym ýene bir gezek.

Göz-görtele tarapgöýlük edýänin aňdym.
Tutuldy.
Gaharym geldi. Bildi öýdýän,
kompýuter derrew utuldy.

Men bilmedim kompýuter düşündimi käbir zada,
ýöne men welin düşündim.
Çünki men kompýuter däl, adam.
Ol oýunda utulsa-da, hiç hili gaharlanmaýar.
Mydyrdamaýar ýa yzyndan işdäsiz naharlanmaýar.
Sülügi özüňe berýär,
sülseň-ä göçüp goýberýär.
Oýnasaň oýnaberýär ol,
gaharyň gelä-ge birden öçürseň,
öçüp goýberýär.

Bu oýun kän zat öwretdi.
Pikirlerimi jemletdi.
Öň ýanynda duýgularym, pikirlerim çalam-çaşdy.

Kompýuter diýilýäniň «oýny» pelek bilen çalymdaşdyr.
Onsoň onda utulsaňam, darykmakdan peýda ýokdur.
Giň bol, utsaň-utulsaňam,
çünki seniň beýniňe, diňe,
senden başga şeýda ýokdur.

Ynsanyň süňňünde syrly
bir gylyk bar – boýnamazlyk.
Men düşündim utmak üçin
birje ýol bar – oýnamazlyk.

Aşyrmät GARLY. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle