| |

Selaheddiniñ Kuddus ýörişini gijikdiren bir topbak haçparaz däl-de, olaryñ ýerli ýaranlarydy

Selaheddiniñ Kuddus ýörişini gijikdiren bir topbak haçparaz däl-de, olaryñ ýerli ýaranlarydy SELAHEDDINIÑ KUDDUS ÝÖRIŞINI GIJIKDIREN BIR TOPBAK HAÇPARAZ DÄL-DE, OLARYÑ ÝERLI ÝARANLARYDY

Selaheddiniñ Kuddus ýörişini gijikdiren bir topbak haçparaz däl-de, olaryñ ýerli ýaranlarydy

Ol Ierusalimdäki haçparazlaryñ mertebesine mynasyp söweşme hukugyny berdi.
Selaheddin Eýýubynyñ Ierusalime girişi

Ierusalim goragyna ýolbaşçylyk edýän Balian Ibelin ilçilere habar ýollap, Selaheddin bilen hut özüniñ görüşmek isleýändigini mälim etdi.
Balian şondan owal Hyttyn söweşinde Selaheddiniñ eline ýesir düşjek bolanda, gaçmaga rugsat edilenleriñ biridi.
Balian şondan soñ Ierusalimi ýaragsyz zyýarat etmek üçin Selaheddin Eýýubydan rugsat sorapdy, Selaheddin diñe bir gün galyp, Ierisalimden çykmak şerti bilen onuñ haýyşyny kanagatlandyrdy.
Balian Ierusalime gelende, şäheriñ ähli begzadalarynyñ Hyttynda Selaheddin tarapyndan ýa öldürilendigini, ýa ýesir alynandygyny gördi.
Şäher halky Baliandan şäherde galyp, goragy boýnuna almagy isledi, emma Balian pereñlileriñ arasynda sözüne bütewi begzadalaryñ biridi we ol Selaheddin Eýýuba şäherde galmajakdygyna söz beripdi.
Balian şäherden çykmanka ýagdaýy Selaheddun Eýýubynyñ dykgatyna ýetirip, özüne garşy söweşmegi we ähdini bozmagy üçin rugsat sorapdyr.
Selaheddin hemişeki edişi ýaly ähli serkerdelerini gazap atyna atlandyrjak karara geldi. Ol Baliana iberen jogabynda duşmanlarynyñam mertebesi bilen söweşmäge hakynyñ bardygyny aýdyp, Baliany beren sözünden azat edipdir.
Indi Balian Selaheddin bilen Ierusalimiñ gala diwarlarynyñ öñünde görüşmek isleýärdi.
Serkerdeleriñ nägileliklerine garamazdan Selaheddin Balianyñ görüşme teklibini kabul etdi. Uruşyñ görnetin üstünligi yslam serkerdesiniñ peýdasynady we ol islese uruşy uly gandöküşlik bilenem soñlap bilýärdi.

Selaheddiniñ Kuddus ýörişini gijikdiren bir topbak haçparaz däl-de, olaryñ ýerli ýaranlarydy

Serkerdeleri Selaheddiniñ bu bolşuna düşünmeýärdiler we duşmanlaryny ýüreklendirjekdigi üçin garşy çykýardylar.
Hatda käbir serkerdeler Selaheddini gereginden artyk ýukaýüreklilikde we pereñlileriñ janyny halas etmek üçin ýörişi gijikdirmekde aýyplamaga başlapdyr.
Balian Selaheddiniñ garşysyna geçende, onuñ gürlän ýangynly sözüni Ibn Esir şeýle beýan edýär:
«Balian ýönekeý halkyñ bagyşlanjakdygyna söz berdirmek üçin dik gaýyşýar, emma Selaheddin hiç zada söz bermeýär. Ýüregini ýumşatjak bolýar, barybir peýda etmeýär. Mundan soñ soltan oña şu sözler bilen ýüzlenýär:
— Eý soltan, bu şäherde anyk sanyny diñe Allanyñ bilýän san-sajaksyz adamy ýaşaýar.
Hemmesi-de garpyşygy dowam etdiresi gelip duranok, çünki başga birnäçe şäherde edişiñ ýaly janlarynyñ bagyşlanjagyny umyt edýärler, sebäp olaryñ ýaşasy gelýär we ölümi ýigrenýärler. Ýöne eger ölümiñ gutulgysyzdygyny görsek, Alla bilýändir welin, çagalarymyzy we aýallarymyzy öz elimiz bilen öldüreris, eýelik edýän bar zadymyzy ýakarys, size olja bolar ýaly ýeke dinar, ýeke dirhem, gul-gyrnak edere ýeke erkek, ýeke aýal goýmarys.
Soñ Mukaddes gaýany, «el-Aksa» metjidini, başga-da birnäçe ýeri haraplarys, elimiDe saklaýan bäş müñ musulman ýesiri öldüreris, soñam münülýän atlarymyzy we ählu haýwanlarymyzy ýok ederis. Ahyrsoñunda daşary çykarys we siziñ bilen aldym-berdimli söweşe gireris. Içimizden birimizem sizden birnäçesini öldürmän öler öýtmäñ!»

Aslynda Balianyñ haýbatlarynyñ hiç bir jähtden agramy ýokdy, Selaheddin ýöriş bireýýäm soñlandyrjak güýje eýedi, emma ol şäherde gan dökülmegini islänokdy.
Selaheddin Balianyñ mukaddes ýerlere zeper ýetirmek haýbatyny öz serkerdelerini razy etmek üçin ulandy ww pereñlileriñ şäherden ujypsyzja töleg töläp çykmagyna rugsat berdi.
Döwlet gaznasyny ýuwdup alan bu ýörişde Selaheddiniñ gelen netijesiine serkerdeler nägilelik bildirenem bolsa, Selaheddin Eýýuny altyn-kümüş bilenem, ýesir ele salmak bilenem gyzyklanmaýardy.
1187-nji ýylyñ 2-nji oktýabrynda yslam goşuny şähere girende, ýekeje adamyñam bitiniñ burny ganamandy.
El-Yspyhany Selaheddiniñ özüni alyp barşyny şeýle suratlandyrypdyr:
«Soltana şeýle diýdim:
— Bu patriarh azyndan iki ýüz müñ dinara barabar baýlygy äkidip barýar. Olaryñ öz zatlaryny äkitmegine rugsat berdik, emma buthanalaryñ we manastyrlaryñ hazynalaryny däl. Muña ýol bermesek gowy bolardy.
Emma Selaheddin şeýle jogap berdi:
— Gol çeken şertnamalarymyza gyşarnyksyz eýermeli bolarys, şeýtsek, hiç kimse ynam bildirenleri şertnamanyñ düzgünlerini bozmakda aýyplap bilmez. Gaýtam munuñ tersine, hristianlar hemme ýerde biziñ gowulyklarymyzy gürrüñ bererler».

Selaheddin Eýýubyny ýeke gyzyklandyrýan zat — haýal etmän musulmanlary «el-Aksa» metjidinde jemläp, ýeñiş namazyny okamakdy.
Şam kazysy Muhiddin Ibn el-Zekiniñ egni gara donly ymam bolup münbere çykan wagty, Selaheddin Eýýuby ömrüni bagyş eden arzuwyna ýetipdi.
Selaheddiniñ Kuddus ýörişinde iñ uly päsgelçilik bäş-üç sanu haçparaz däldi, yslam dünýäsiniñ pytraññy ýagdaýy we duşman bilen dil düwüşmekden utanmaýan emirlerdi.
Selaheddiniñ Kuddus ýörişini gijikdiren bir topbak haçparaz däl-de, olaryñ ýerli ýaranlarydy

• Selaheddin baýdagy agasyndan alýar

Bütin ömrüni Müsüriñ eýelenmegine bagyşlan kürt serkerdesi Şirkuh bu arzuwyna ýetenden soñ kän wagt geçmänkä aradan çykypdyr.
Garşydaşlar Şirkuhyñ inisi Selaheddin Ýusuby gowşak serkerde hasaplap, wezirlik wezipesine oturdypdyrlar.
Olaryñ eden bu işi Müsürde täze hökümdaryñ orta çykmagyna sebäp boldy. Selaheddin entek ýaşlygy we düýpli döwlet tejribesi bolmandygy sebäpli hemişe äsgerilmän gelindi.
Haçparazlar ýaş ýigidi añsat iýip boljak lukma, fatimiler añsat aldap boljak dikme, Zeññiniñ emirleri nesibesi çüwen samsyk hasaplaýardy.
Muña garamazdan, Selaheddindäki jöwheri birinji añşyranlaryñ başynda Nureddin Zeññi bardy. Entek Şirkuh aýatda dirikä öz-özüñi heläklemekden başga zada ýaramajak Üçünji Müsür ýörişine Ýusuby ýollamak islemändi we Şirkuhdan inisini öz ýanynda galdyrmagyny towakga edipdi.

Selaheddiniñ Kuddus ýörişini gijikdiren bir topbak haçparaz däl-de, olaryñ ýerli ýaranlarydy

Şirkuh bu teklibi kabul eden bolsa, gürrüñsiz, Selaheddin iñ gowy emir bolmalydy, emma Kuddus Alyjenabyndan binesip galmaly bolýardy.
Selaheddin Eýýuby wezir bolandan soñ haçparazlar Wizantiýa bilen bileleşip, 1169-njy ýylda Selaheddine gury ýerden we deñizden hüjüm etdi. Nureddin Zeññiniñ goldawy bilen bu hüjümler yza serpikdirildi.
1170-nji ýylda hiç kimiñ garaşmaýan pursatynda Selaheddin Ierusalimiñ alkymyndaky Gazzä ýyldyrym çaltlygynda operasiýa geçirdi.
Ýaş Selaheddiniñ Gazäni elinde saklamaga mümkinçiligi ýokdy, emma ol bu operasiýa bilen pereñlilere abaý-syýasat edipdi, Selaheddin Şirkuhyñ inisidi we olam azyndan agasy ýaly howpludy.
Selaheddiniñ Kuddus ýörişini gijikdiren bir topbak haçparaz däl-de, olaryñ ýerli ýaranlarydy

Selaheddin Eýýuby

Wagtyñ geçmegi bilen Selaheddin öñ gabat gelmedik nätanyş duşmanyna sataşmaly boldy. Bu duşman goşunlary jeñ meýdanyna çykmanka ýok edýärdi we nijeme gahryman serkerdäniñ kellesini göwresinden togarlap zyñýardy.
Selaheddinin bu uly we täze duşmanyna pitne diýilýärdi. Hawa, bu ganym duşman onuñ jany-teni bilen bagly hökümdary Zeññi bilenem arasyna tow düşüripdi. Hatda Nureddin Zeññiniñ Ýusubyñ üstüne taýýarlanan uly ýörişiniñ arasyna ajal girmedik bolsa, Kuddusyñ Alyjenaby Selaheddiniñ ölüminiñ yslamyñ ýene bir şanly serkerdesi Nureddin Zeññiniñ elinden boljagyna şek-şübhe ýokdy.
1174-nji ýylyñ 15-nji maýynda Zeññiniñ aradan çykmagy bilen Selaheddin has erkin we batyr hereket edip başlapdyr.

Selaheddiniñ Kuddus ýörişini gijikdiren bir topbak haçparaz däl-de, olaryñ ýerli ýaranlarydy

• Pitneçiler haçparazlar we haş-haşyýunlar bilen ýakyn gatnaşykda

Zeññiniñ ölüminden soñ Sisiliýanyñ, Wizantiýanyñ, Ierusalim korollygynyñ bolan bileleşigi Selaheddini taryh arenasyndan syryp-süpürip aýyrmak üçin herekete geçipdir.
Zeññi aradan çykansoñ, Selaheddin Demirgazykdaky soýuzdaşlaryndanam mahrum boldy, çünki Zeññiniñ emirleri 36 ýaly kürt serkerdesiniñ başlaryna bela bolmagyny islänokdylar. Şonuñ üçinem olar pereñlileriñ Selaheddini ýok etmegine makul göz bilen garapdyrlar.

Selaheddiniñ Kuddus ýörişini gijikdiren bir topbak haçparaz däl-de, olaryñ ýerli ýaranlarydy

Haçparaz bileleşiginiñ garaşmadyk üýtgeşmesi bolsa Anadolyda bolup geçdi. Gylyçarslan II-niñ Mirýakefelon diýlen ýerde wizantiýa goşunyny paýhynlamagy Selaheddiniñ özüni dürsemegine mümkinçilik beripdir.
Selaheddin, Isgenderiýede (Aleksandriýada) sisilýalylardan we ierusalimlilerden düzülen goşuny garşy alypdyr. Yzyny Ibn Esir şeýle gürrüñ berýär:
«Haçparazlar münmek üçin söweş gämilerini kenara ýakynlaşdyrdylar. Bir topary münüp halas boldy, bir topary-da gark bolup öldi. Käbir musulmanlar deñize böküp, pereñ gämilerini deşdi we bu gämiler suwa batdy.
Üç ýüz pereñli urşujy depäniñ başyna sygyndy. Musulmanlar ir säher bilen bulara garşy söweşe girdi. Garpyşyk guşluga çenli dowam etdi. Isgenderiýe halky olary derbi-dagyn etdi. Kimsi öldürildi, kimsi ýesir düşdi».
Selaheddiniñ Kuddus ýörişini gijikdiren bir topbak haçparaz däl-de, olaryñ ýerli ýaranlarydy

Soñra Selaheddin agasy Şirkuhyñ ulanan söweşjeñ tilsimleri bilen haçparazlaryñ üstüne ýyldyrym hereketlerini geçirip, ilki Hamada, soñ Aýn el-Jarrda uly ýeñiş gazanypdyr.
Bu ýeñişlerden haçparazlardan has beter merhum Zeññiniñ emirleri biynjalyk bolupdyr.
Selaheddin sebitiñ täze Nureddin Zeññisi bolupdy. Halal we arassa ýaşaýşy, jomartlygy, adalatlylygy bilen Selaheddin Eýýuby diñe musulmanlaryñ däl, eýsem pereñlileriñem dilinden düşmändir.
Mundan bimaza bolan emirler Selaheddini gümlema ibermek üçin ilki haş-haşyýunlar, yzyndanam haçparazlar bilen dil düwüşýärler.
Haş-haşynlar tarapyndan Selaheddiniñ janyna üç gezek kast etmäge synanyşylýar, hernä eşiginiñ aşagyndan geýen polat sowudy ony ölümden gorapdyr.
Emirleriñ bu bigaýratlyklary Selaheddini haýalladypdyr we ünsüni Kuddusa gönükdirmegine päsgel beripdir. Şonuñ üçinem aýgytly karara gelen Selaheddin mundan beýläk özüni zeññileriñ häkimi däl-de, özbaşdak soltan yglan edipdir.
Ol şundan soñ Müsürden Şama çenli aralykda zeññileriñ hasabyna gulluk etmekçi däldigini, bu ýerleriñ hojaýynynyñ hut özüdigini mälim edipdir.
Bu kesgitli karardan soñ Zeññiniñ emirleri ýekän-ýekänden gelip, Selaheddine baglylyklaryny bildiripdir. Bütin bu bolup geçen zatlardan soñam Zeññiniñ maşgala agzalaryna el degirtmändir we olaryñ ýerlerine gylyçly girmändir.
Selaheddiniñ Kuddus ýörişini gijikdiren bir topbak haçparaz däl-de, olaryñ ýerli ýaranlarydy

Hyttyn söweşi

• Kuddusa açylan gapy Hyttyn ýeñişi

Selaheddin emirleri gysymyna gysandan soñam Ierusalime göni hüjüme geçmäge gyssanmandyr, emma Renaud de Çatillon atly gözüne gan bürän wagşy baron Ierusalimiñ täze koroly Gi de Luzinýana aýdanyny etdirip, gorkunç pygylyñ kül-külüne düşüpdir.
Renaud de Çatillon musulmanlaryñ mukaddes şäheri Mekgäni talamak we ýumurmak üçin herekete geçipdir.
Çatillonyñ Mekgä ýollan goşun bölümleri şähere golaý bir ýerde ýok edilenem bolsa, zyýarata gelýän hajylary getirýän kerwenler hut Çatillon tarapyndan talanypdur we musulmanlar ýesir alynypdyr.
Muña garamazdan korol Renaud de Çatillony jezalandyrmakdan we ýesirleri Selaheddine gaýdyp bermekden ýüz öwrüp, uruşmagy makul bilipdir.
Selaheddin serkerdelerine Renaud de Çatillony hut öz eli bilen öldürjegine ant içipdir we goşunyna ýörişe taýýarlanmagy buýrupdyr.
Serkerdeleri Ierusalime göni hüjüm etmegi islese-de, Selaheddin meýdan söweşi bolmazdan şäheri gabamagyñ ýerliksiz boljagyny bilipdir.

Selaheddiniñ Kuddus ýörişini gijikdiren bir topbak haçparaz däl-de, olaryñ ýerli ýaranlarydy

Korol Gi de Luzinýan

Täze korol Gi de Luzinýan gahar-gazap bilen çölde Selaheddiniñ garşysyna çykmak üçin gala diwarlarynyñ añyrsyndan çykanyny eşiden badyna Kuddusyñ Alyjenaby Selaheddin söweşiñ entek başlamanka gutarandygyny añypdy.
Ähli suwly guýular musulmanlaryñ elindedi. Üstesine haçparazlaryñ arasynda agzybirlik bolmandyr. Bienäçe pereñli serkerde Gi de Luzinýanyñ gelen netijesiniñ soñunyñ ölüm bilen gutarjagyny pikir edýärdi.
Şeýle-de, Selaheddiniñ goşuny Hyttyn meýdan sõweşinde Ierusalim korollygyny doly diýen ýaly ýok edipdi. Korol Luzinýan, Renaud de Çatillon dagt ýesir edilip, Selaheddiniñ çadyryna getirilipdir.

Selaheddiniñ Kuddus ýörişini gijikdiren bir topbak haçparaz däl-de, olaryñ ýerli ýaranlarydy

El-Yspyhany duşuşygy şeýle beýan edipdir:
«Selaheddin koroly ýanyna geçip oturmagy mürähet edýär. Renaud de Çatillonam içerik girende, ony patyşanyñ ýanyna geçirýär we eden etmişlerini ýatladýar:
— Näçe gezek äht edip ähdiñi bozduñ, näçe gezek ylalaşyga gol çekip, öz gol çeken ylalaşygyña uýmadyñ.
Renaud de Çatillon terjimeçisiniñ üsti bilen şeýle jogap beripdir:
— Ähli korollar hemişe şeýdip geldi. Men olardan beterini etmedim.
Luzinýan şol wagt suwsuzlykdan ýaña reññi saralypdy, göýä serhoş yaly kellesini egýärdi we ýaramaýandygyny belli edýärdi.
Selaheddin korola rahatlandyryjy sözleri aýdýar we buzly suw getirdip, oña hödür edýär. Korol suw içenden soñ galanyny Renaud de Çatillona berýär, olam öz gezeginde suwsuzlygyny gandyrýar.
Muny synlap duran soltan Guýa «Oña suw bermezden öñ menden rugsat almadyñ. Şonuñ üçin menem ony bagyşlamaga mejbur däl» diýipdir.»

Selaheddin gylyjyny gynyndan çykarypdyr we gözi ganly ganhor Renaud de Çatillonyñ boýnunyñ çykan ýerinden gylyjyny bir salyp, kellesini kesipdir. Şeýdip, ol serkerdelerine beren sözünde-de tapylypdyr. Renaud de Çatillonyñ elinden ölen ýüzlerçe bigünä adamyñ yzyndan onuñ özü-de hut Selaheddin tarapyndan jany jähenneme ýollanypdyr.

Mehmed MAZLUM ÇELIK.

@MMazlumcel
celikmehmedmazlum@gmail.com

Duşenbe, 17.05.2021 ý. Taryhy makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle