Ýyldyzlaryñ aýdymy
Ýyldyzlaryñ aýdymy
ÝYLDYZLARYŇ AÝDYMY
Gujaklanda ähli ýeri ümsümlik
Diňledim men garaňkyda asmany.
Ýyldyzlaram aýdym aýdýarmyş weli,
Eşitmedim sesin, agtaryp many.
…Ýyldyzlaň aýdymyn diňleýän asman
Onuň päklik nury bilen geýinýär.
Ýyldyzlaň aýdymy gijeki ýagşyň
Damjalary bolup zemine inýär.
Taňryň gökde guran beýik tagtyndan
Ene ýeriň aýasyna gelende
Müňläp ýagýan şol damjalar ses edip
Aýdym bolup galýar eken belende.
▶ ÝATLAMA
Heý,ýatdan çykarmy, şo-ol
Seni ilki gören günüm.
Kalbymyň päk gapysyny,
Saňa giňden geren günüm.
Heý, ýatdan çykarmy, hemmä
yşgymyz bolanda mälim,
Aýagyňa başym goýup
Seni Hudaýdan dilänim.
Heý, ýadymdan çykarmy, aýt!
Ýüregimiň berip törün
Bilýän, eýýäm ýyllarboýy
Ýalňyz seni söýüp ýörün.
Emma ýadyma düşenok,
Bilemok men haçanlygyn,
Ýadymda däl seniň maňa
Ýüregiňi açanlygyň!
Hariwanşraý BAÇÇAN.
Terjime eden: Muhammet BEKGIÝEW.
Goşgular