|

Bagt hakynda erteki

Bagt hakynda erteki BAGT HAKYNDA ERTEKI

Bagt hakynda erteki

Arzuwyňa sary – bagtyňa sary,
gidersiň okgunly, Jeýhun mysaly.
Aýagasta düşer gaýgy-ünjüleň,
aladalaň bary,
gussalaň bary.

Sen gidip barýansyň
misli dag sili.
Gadamyň batlydyr, öňedir ümzük.
Kesewili keserendir öňüňde
BAHYL diýlen,
ile tanymal kümsük.

Onuň iň ullakan beýik maksady:
Arzuwna ýetdigi – bilse agsadyp.

Bahyl – bagt bagyna hiç bir dahylsyz
Garawuldyr.
Bagt ýetdirmez bahylsyz.

…ýelmär ol injigňe
bar güýji bile,
görmedik bolarsyň,
görmän geçersiň.

Bagta duşsaň – unudarsyň ynjy:ňy,
Ýosam näme, bagt ýetdirmez zepersiz.

Jadyly ertekiň perisi kimin,
Bagt garaşyp ýatandyr öz mülkünde.
Maýyl zatlaň jemlenendir ol periň,
Garamyk gözünde,
Aý alkymynda.

Garaşyp ýatandyr özüne deňiç
Geçilmeli ýoluň kynlygna bakman
Gözi ýoluňdadyr,
seniň iru-giç
Olary ýeňjegňi bilýän deý hökman.
Hawa, sen ýeňensiň,
Giňändir dünýäň.
Oturansyň bagta batyrnyp bilmän.

Gözi – uçgun.
Leb – bal.
Alkymy gardyr.
Emma, ýeňmek –
«Özüňi ýigrendirmek» diýmekdir.
Seniň ýeňşiň ýokmadyklar –
Seni ýigrenenler tapdy:r.

Bagt seniňki,
ýöne saklamagyň hem
ýetmekden agyrrak bardyr şatyry.
GÖRIP diýlen – oňa keseden aşyk
garyndaşy bardyr «Garabatyryň».

Guratdyr enjamy onuň,
Kümsügüň
ýaragyndan üýtgeşikdir ýagragy.
Bilýändir söweşiň sansyz tilsimin.
polatdan sopbaşly,
elinde galkan,
beýleki elinde ýalaw deý gylyç.

Hüjüm eder,
öwrüm eder,
gaçar ol.
Äsgermeseň ýa-da ahmal pursadyň
Ejiz tarapyňa tapar açar ol,
Döwzenzelä dönüp,
seniň bagtyňy
alyp gaçar ol.

Şonuň üçin, seni aňtar ýörer ol,
Sen haçan, nirede, nämede asgyn?!
Sen bagtlymyň – bardyr seniň duşmanyň,
Bagta ýetmek agyr, saklamak has kyn.

Aşyrmat GARLY. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle