|

Üçünji jahan urşy / hekaýa

Üçünji jahan urşy / hekaýa

ÜÇÜNJI JAHAN URŞY

Döwlet edarasynda döredijilik işgärlerine serenjam berýän bölümiň müdiri Meredowyň telefony agyr-agyr jyňňyrdady. Öz   ýolbaşçysynyň tabşyran möhüm ýumşuna  berlip, ýapyrylyp, dünýäni undup, nämedir bir zatlary ýazyşdyryp oturan Meredow  işini  goýdy-da, telefona seretdi. Ol ilki trubkany galdyrmajagam bir boldy, emma, ýene  ynsaby goýmady-da, başyny bir silkip, trubkany göterdi-de, gulagyna tutdy.
— Alo, diňleýän! — diýdi.
Trubkada haşyldy eşidildi .Yz ýany bilenem:
— Ar-raz-tur-dy!
Meredow bu sesiň äheňinden jaň edýän adamy tanady. Onuň ýüzi az-kem çytyldy. Ol trubkany göterenine puşman etdi. Sebäbi, onuň çaky boýunça, bu adam gürrüňini wagty bilen gutarmaly däldi. Telefon edýän öz adyny yglan etdi. — Allaş Berdi jaň edýär. Tanadyňmy?
— Tanadym, agam, näme habar? Men häzir gaty işli.
— Kimdigimi bildiň dälmi?
— Ol gepini uzaldyp başady. Işiň arkaýynmy? Gep-gürrüň ýokmy!..
— Sag bol, işläp ýörüs. — Meredow başdan sowma jogap berdi. — Men azajyk  gyssanýan, Allaş aga, ýanymda adamlar bar.
— Onda bolýar. — diýdi-de, ol esasy meselä  geçdi.
— Araz-dur-dy, sen menem bir kabul et. — Meredow gözlerini  ýazyp oturan işinden aýryp bilmän, başyny ýaýkady. 
— Hawa, näme mesele?
Allaş Berdiýew trubka howsalaly hyşlady. 
— Ony diňe seniň özüňe aýtmaly. Ýaşuly barada! — Ol ýaşuly diýende döwletiň baştutanyny göz öňünde tutýardy. — Soň giç boljak, gaty giç boljak.
Meredow has çynlakaý görnüşe girdi-de, "Näme mesele bolup bilerkän?" diýip, Allaş Berdiýewe elýeterli  bolup biläýjek, ýaşuly barada onuň aňaýjak habarlarynyň gerimlerini ölçerişdirdi. Emma bu ýerde bolup  biläýjek gyssagly, howsalaly alamatlaryny aňyp bilmedi. Onsaoňam, ýaşulynyň öz  gaty berk howpsuzlyk gullugy bar ahyry. Şonuň üçin, ol kesgitli jogap bertdi.
— Bu gün-ä bolmaz.
— Ertir sagat on nähili bolar? — diýip, Allaş Berdiýewiň özi ýol açdy.
Meredow başyny atdy.
— Ertir sagat onda geläýiň.
Ol ertesi Allaş Berdiýewi diýen wagty  kabul etdi.
— Diňlenýän apparat-ha ýokdur.
— Arkaýyn otur-da, arkaýyn gürläber!.
Ýaşuly çepiksije ellerini stoluň üstünde edeplije goýdy. Kellesindäki mata papagyny  welin  çykarmady.
Meredow ony  az-kem gyssady.
— On birde ýygnagymyz bar.
Berdiýew oýkanjyrady.
— Men, Oraz-dur-dy, gaty möhüm  mesele bilen gelendirin. Özem üç meseledir. Şu günüň özünde ýaşula ýetirilmeli meseledir.
— Bolar, hany ilki bir meseleleri diňläli.
Ol Allaş Berdiýewi gowy tanaýardy. Bu adam  ýurdyň belli ýazyjylarynyň biridi. Onuň üç-dört kitaby çap edilip, okyjylara ýetirilipdi. Şonuň üçin, ol wagtynda biri bir at, baýrak alan bolsa, olardan kem galmadyklaryň biridi. Şeýle-de bolsa, beýleki ýazyjy-şahyrlaryň  at-baýrak alaryny gabanyp, il içinde gep-gürrüň ýaýradyp ýörenligi bilen  ýakasyny ýagşy tanadypdy. Ol häzirem il-gün bähbitli mesele bilen gelen bolmaly däldi. Ol şeýdip, ili ýamanlamakdan, bularyň aşagynda öz gizlinje maksadyny aýan etmegi özüne pişe edinipdi. Ony bu gün kabul etmese, ertir, ýa-da birigün ol özündenem uluraklaryň ýanyna barmagy başarýan adamdy. Onuň üçin ili bizar etdirmän, bärräkde ony kabul edip, diňläniň gowydy. Hiç bolmanda, onuň goýýan meselesiniň nämedigini hem bilip boljakdy. Eger, soň biri şunuň ýaly ýazyjy şeýle mesele goýdy diýenlerinde, "Habarym bar" diýip boljakdy.
Berdiýew papagyny çykardy-da, ony stoluň üstünde goýdy. Soň, iki  eli bilen ýarysyny gür gaşlary tutup duran eliň aýtymy ýaljak ýüzüni,   goşa ýumruk ýaljak kellesine endigan  ören çap-çal saçyny sypalady.
— Birinji mesele şeýle!—Ol töweregine göz aýlady-da, Meredowa garady. Hiç hili bellik edeňok welin, ses ýazýan apparatyň bar bolara çemeli, ýoldaş Meredoff. Zyýany ýok.
Ol täzeden gepe başlady.
— Siziň iň uly ýaşulyňyz soňky wagtlarda kän syrkawlaýar. Men onuň derdiniň dermanyny bilýän. Ol meni gyssagly kabul etsin. Men oňa şol dermany düýbi-teýkary bilen gowy düşündirip aýtjak. Özem, diňe özüne.
— "Munyň-a… saňa jaý gerek, sen ondan jaý dilejek bolýansyň" – diýip, Meredow oýlandy.
 Soňra Meredow ýaşulynyň gür gara gaşlarynyň astynda çör ýaljak bolup ligirdäp duran gözlerine garady-da göwünsiz ýylgyrdy.
— Men ýalan sözlämok — Berdiýew kijijik ýumrugyna düwlüp duran barmaklarynyň birini açdy-da, kükregine dürtdi. — Men bar-a, öň ýylda iki sapar keselhana girerdim. Gan başyşym iki ýüzdenem geçer giderdi. Emma, indi gan basyşym ýaş çaganyňky ýaly. Ýürek agyry diýen zady bilemýok. Öň gelnejeň ýanyna iki sapar barardym. Indi  gije-de-gündiz. — Ol ýylgyrdy. — Aýalym indi maňa ynanmazçylyk edýär. – Sen — diýýär,öň birki sanysy bilen gezýän bolmaly.Emma  indi gezeňýok.Sebäbi edil ýaş ýigidiň bolşy ýaly, meni gije-gündiz heläk edýärsiň — diýýär. Hakykat. Men indi şol meselede ýaş oglan ýaly. Eger şol emi  ýaşulyňa aýdaýsam, olam  ýaş oglan ýaly bolar. Soň bize "sag bolsun" aýdar.
Meredow bu ýaşulynyň bu gün gürrüňini gutarmajagyny aňyp, ony gysgaltdyrmak isledi-de, sagadyna seredip, ýylgyrdy.
— Ana, ana, özüňem düşündiň gerek, men saňa-da aýdaryn, ýöne ilki bir ýaşula aýdaýyn.
 — Allaş Berdiýewiç, häzir ýygnagymyz bar.Men şoňa gysanýan. Ikinji meseläň näme, hany, şonam aýt. Bolmasa ertir şu wagtlar geliň. Meniň wagtym ýok.
Ýaşuly aýgytly görnüşe girdi.
— Ar-razdur-dy, men saňa bir zady gaty bertk aýdaýyn. Şuny hiç wagt ýadyňdan çykarma. Eýýup Taganow gaty erbet adam. Onuň häzirki edýän işleri bilen, nädip, türmede oturmaýşyna geň galýaryn.
— Kim?Kim?
— Eýýup Taganow.
— Kim ol?
— Ol meniň duldegşir  goňşym. Bar-a, çagalar ýazyjysy.
— Anderson baýragynam aldymy!
— Hawa! Ýok, ol baýrak däl-de,  Hormat hat-laý, beýderek zat!
Meredow ýylgyrdy.
— Goňşy seniňki. Bu ýerde meniň näme dahylym bar.
Allaş Berdiýew başyny ýaýkady.
— Sen  gaty ýalňyşýaň, ýoldaş Meredow! Hut maňa, saňa, ýaşula dahylly bolany üçin men bu gürrüňi edýän.
— Be!..
— Diňle — diýip, Allaş berdiýew ileri bakan omzady. – Eýýup Taganow meniň obadaşym. Ol häzir ýetmiş bäş ýaşynda. Emma Beýik Watançylyk urşuna gitmejek bolup,  weýennilere para-peşgeş berip, ýaşyny on ýaş kiçeltdirdi.
— Hawa!.
— Ol jaýam ýedi çagam bar diýip, agalarynyň çagalaryny öz adyna ýazdyryp aldy. Onuň özüniň üç çagasy bar.
— Hawa!
— Ol ony-muny görüp, meniň bellän ýerimi özüne mellek edip aldy. Oňa iki mellek degişli däl. Bu bir. Ikinjiden, ol öýünde on ýedi towuk, üç horaz, on jüýje  saklaýar.
Onuň öýi meniň günbatar ýüzümde, dul-degşir. Indi seret, haçan günbatardan şemal ösende, inuň towuklarynyň hapa ysy biziň içerä dolýar. Soňam, haçan günbatardan  ýel öwsende, olar bilgeşleýin, çigit ýagyny ýakýarlar. Bu yslardan aýalymyň çakyzasynyň tutýandygyny olar gaty gowy bilýärler. Sebäbi  Eýýup Taganowa şol gerek. Ol towuk ýumurtgasyna ýa-da towuk etine zar adam däl. Oňa meniň aýalymyň çakyzasynyň tutup, onuň agyr keselläni gerek. Ol  şonuň üçinem towuk saklaýar. Onsoň, men "towuklaryny aýyrsyn, çigit ýagyny ýakmasynlar" diýip, onuň dosty, içeri işler ministri Ýunusberdi Aýydowy töwellaçy iberdim. Seret, Ýunusberdi Aýydow respublikada belli adam —  ministr. Üç ordeni bar, At gazanan. Ýigrimi ýyllap howpsyzlyk guramasynda işlän. Emma Eýýup Taganow töwellany almady. Gaýta, şondan soň, ol ys has ajady, has ýygjamlady. Edil bir zäheriň bar-da, indi meniňem janyma howp salyp başlady. Ine, Eýýup Taganow durmuşda şunuň ýaly adam.
Meredow sagadyna  garady-da, başyny närazylyk bilen ýaýkady.
— Bu ýerde meniň näme dahylym bar?
— Ýok, diňle. Onuň päli ýaman. Ol  eýdip-beýdip, ýaşulynyň… — diýdi-de barmagy bilen jaýyň törüni  görkezdi. — Ýerine geçmek isleýär. Sebäbi, ýaşulymyzyň halamaýan adamlaryny men şonuň öýünde görýän. Olar ýöne ýere baranoklar onuňka.
— Baranda näme!
— Ah, sen  bileňok-da, Araz-dur-dy! Olar gije-gündiz diýmän dil düwüşýärler. Şol gelýänleri razy etmek üçin, her gije agyr meýlisler gurýar. Geçen hepde, olar iki sapar çişlik bişirdiler. Ysy geldi durdy. Ony aýalym aýtdy. Şol çişlik ýöne ýere bişýän däldir.
— Üçünji meseläň näme?
— Üçünji mesele! — Allaş Berdiýew birsalym kürtdürip durdy. Soň gür gaşlaryny çytyp, howsalaly gürläp başlady. — Men saňa hakykaty aýdaýyn. Üçünji jahan urşy turjak bolup dur. Özünem, ol urşuň tutaşmagyna Türkmenistan sebäpkär bolar!.. Onda-da, Eýýup Taganow sebäpkär bolar.
Meredow "Bu adamyň gara çynymyka, ýa-da meni oýnajak bolýarmyka?" — diýip, geň galyp ýylgyrdy. Soňra gyzygyp:
—O  nähili? — diýip,  soranynam duýmady.
Allaş Berdiýew indi adatyna görä, alňasamn“howlukman düşündirmek gerek“ diýen manyda gürläp balady.
— Eýýup Taganowyň dünýäniň ýüzünde dostlary kän. Özlerem, ýalaň ýewreýler. Onuň bu ýerdäki dostlarynyň Moskwada dostlary bar, moskwalylaryň köpüsiniň Amerkada, Ysraýylda dostlary bar. Eger Eýýup ýaşulynyň ýerine geçip bilmese, Amerikadaky, Ysraýyldaky dostlatyna aýdyp,  üçünji jahan urşuny turuzjak bolýar. Ol ahyr soňunda   şeýdip, dünýäni gana boýap, ýaşulynyň ýerine geçip,  külli türkmene başlyk boljak bolýar. Men şony açyk bildim.
Meredow heziller edip güldi. Sagat eýýäm birden işleýärdi. Basym arakesmedi.
Allaş Berdiýw bolsa öz howsalasyndan açylyp bilenokdy. Meredow ony köşeşdirdi.
— Sen o zatlaryň aladasyny etme, Allaş  Berdiýewiç. Gaty giň bol. Üçünji jahan urşuny  turzar ýaly, Eýýup Taganow kim eken.
Allaş Berdiýew gussaly gözlerine ýaş aýlap,  gara köýük bolup, titir-titir edýän dodagyny dişledi. Soň zygyrdap duran barmagyny galdyrdy.
— Wah, Araz-dur-dy! Sen ýaş bolýaň, sen ony tanaňok. Eýýup Taganowyň ýanynda üçünji jahan urşy dagy nämejik. Ony, ine, basym bilersiňiz. "Wah, Allaş Berdiýewiä-ä aýtdy-la welin.." diýip, dyzyňyza urarsyňyz, soň giç bolar, gaty giç!.. — Ol birden janlandy. — Men ýakynda oglumy öýerdim. "Sona“ restoranynda. Sagat ýedi boldy. Adamlar  üýşdi. Emma bagşy-sazandalar… — Ol golundaky sagadyna seretdi — Eddi-il otuz iki minut gijä galyp geldiler. Şony kim edendir öýdýäň. Meniň toýumy bozmak üçin ony edýän Eýýup Taganow. Ine, şol adam şeýle. Şony şeýdip bilýän adamyň ýanynda  üçünji jahan urşy dagy nämejik. — Ol ýene başyny ýaýkady.—Soň puşman etmäň, meniňki aýtmak…
Ol ýerinden turdy-da, hoşlaşmanam çykyp gitdi. Onuň bolup barşy, içini döküp, derdini ýeňledene däl-de, dünýäniň agyr garamatyny  egninde göterip barýana meňzeýärdi.

22-nji iýun 1998 ý.

Hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle