|

Jan dilberim, bagyşlawer!

Jan dilberim, bagyşlawer! JAN DILBERIM, BAGYŞLAWER!

Golaýlaşýan, gorka-gorka,
Jan dilberim, bagyşlawer!
Aşyk öten, arka-arka,
Jan dilberim, bagyşlawer!

Ýakym-gözde, gül-çemende,
Çäç-harmanda, hörp bar heňde,
Aşyklar şeýle jemende,
Jan dilberim, bagyşlawer!
Gör, nijeler saýlap-seçen,
Nijeleri ýaýnap geçen,
Nijeleri ýanyp-öçen,
Jan dilberim, bagyşlawer!

Aşyklaryň ýol-ýodasy,
Aýşy-eşretdir kadasy,
Diýme: «Bu nämäň modasy?»,
Jan dilberim, bagyşlawer!

Öter menden, senden öter,
Ýetmän ötseň, şoldur beter,
Ýörelmese, ot-çöp biter,
Jan dilberim, bagyşlawer!

Şu dünýädir bize pany,
Sürmän öten köp, sapany,
Kimdir söýmez hoş şypany,
Jan dilberim, bagyşlawer!

Ynam ýokdur ertämize,
Haýal-ýagaly sür tize,
Aýbym aýryp, ber tämize,
Jan dilberim, bagyşlawer!

Besdir, ugruňda köýmäýin,
Ýüzüň-gözüňden ogşaýyn,
Diýr Illi, söýip ýaşaýyn,
Jan dilberim, bagyşlawer! Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle