|

Mazar oýlanmasy

Mazar oýlanmasy MAZAR OÝLANMASY

Şahyrlar Atamyrat Atabaýew bilen Nobatguly Rejebow gonamçylykda oglum Turan bilen ýanaşyk ýatyrlar

Bu hakda men oýlanmandym hiç haçan,
Şahyr dostlar bilen goňşy mazaryň.
Çagalygyň göz öňümde elmydam,
Üwrelipdiň gujagynda azaryň.

Barýan käte, başujuňda oturyp,
Okaýaryn okalmaly aýatyň.
Ýadymdan çykaryp bilemok soňam,
Demirden ýasalan ýaşyl haýatyň.

Men saňa akylsyz diýip biljek däl,
Azam däldi durmuş hakda sowadyň.
Nämüçindir göreşmeli wagtyňda,
Gitdigiçe bu durmuşdan sowadyň.

Şahyr bilen goňşy bolduň ýene-de,
Çekipdiň olaryň çeken derdini.
Başda Turan goýduk seniň adyňy,
Il sylasyn diýip merdiň merdini.

Bolmady, ir gitdiň, ir söndi alaw,
Az ömrüňde köp ýanany görensiň.
“Gerdişi keç gahba pelek elinden…”
Ýalan dünýäň ýalanyndan irensiň.

Barýan käte, başujuňda oturyp,
Okaýaryn okalmaly aýatyň.
Ýadymdan çykaryp bilemok soňam,
Demirden ýasalan ýaşyl haýatyň…

16.12.2022. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle