|

Gel, baryny başlaly biz başyndan

Gel, baryny başlaly biz başyndan GEL, BARYNY BAŞLALY BIZ BAŞYNDAN

Gel, baryny başlaly biz başyndan,
Öýke-kine düýne siňsin ebedi.
Ykbal bagtyn gysganybam durmaýa,
Bozulmasa ýaşamagyň edebi.

Kim günälidigniň parhy ýok indi,
Göwünler döwlensoň tutmasa ýama.
Bilýäňmi, bagtymda adyň göründi,
Palçy daýza bakanynda aýama.

Diýipsiň hatyňda: “Bozmak aňsatdyr,
Gel, ikimiz täze haýat guraly.
Durmuş bir-de bahar, bir-de aňzakdyr,
Biz mydama sözümizde duraly.

Diýýärler: “Söýginiň kadasy şeýle,
Uruş-dawa kän ilipdir bellige.
Ýok, göwne degmeklik kada bolmasyn,
Öýkeleşmek öwrülmesin endige.

Uzak menzillere ýoldaş bolmaga,
Sarsmasyn kalpdaky ynamyň saly.
Umyt, ynam ganat berse kalplara,
Şonda söýgi bagtly eder ynsany.

Annabeg AÝMAKOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle