|

Ýarym çyn, ýarym degişme

Ýarym çyn, ýarym degişme ÝARYM ÇYN, ÝARYM DEGIŞME

Öten günler – geçmişiň.
Dolsa-da ýüz, ýetmişiň
Ýatdan çykmaz etmişiň,
Muňa perman hakdandyr.

Bollum çyn söz aşygy,
Bolmadym mes aşygy.
Kalba guýdum goşugy,
Hakdandyr ýa halkdandyr.

Ölenim, ýitenim bar,
Ýaňy dil bitenim bar.
Gülüni çitenim bar,
Niýetlerim päkdendir.

Ne işleri gaýyrdyň,
Köpmi şama-şaýyrdyň?!
– Harpykdan çäç aýyrdym,
Diýmen – Ömrüm pakdandyr.

Ömrüm geçip baradyr,
Diýmen: – Bagtym garadyr.
Ýöne ýürek ýaradyr,
Diýmen: – Gülle, okdandyr.

Gögermese ekeniň,
Nä haýry der dökeniň.
Boý alypdyr ekenim,
Reňňi mydam gökdendir.

Çyn gözläp, çete düşdüň,
Ýollarda kime duşduň?!
Guş bolup göge uçduň,
Bahyl bagy çökderdir.

Hüňkar seni har etdi,
Saýramaga zar etdi.
Giň dünýäni dar etdi,
Işi onuň ýekdendir.

Diýmedim: «Ýalan ýeňer»,
Dünýäni gülen ýeňer.
On bolsa pälwan eger,
Birisi oň akgaňdyr…

08.04-20.04.2014. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle