|

Syrly ýagyş

Syrly ýagyş SYRLY ÝAGYŞ

Niçe mahal ýagyş ýagmak meýli bar,
Ýagyş damjalary gidýärler taýyp.
Bulutlar asmanda kä garalýarlar,
Käte hem asmandan bolýarlar gaýyp.

Käte hem harasat gopýar zeminde,
Şatyrdadyp döwýär baglaň şahasyn.
Öýleri, ýollary tozana garýar,
Dälirän şekilli ýyrtýar ýakasyn.

«Ind-ä ýagyş ýagsa» diýip oýlanýan,
Asla nem dammady daýhan çiline.
Tebigatyň bu bolşuna geň galyp,
Meňzetdim men muny dostlaň birine…

09.04.2014. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle