Ejem jaň edýär…

Ejem jaň edýär...

Ejem jaň edýär…

EJEM JAÑ EDÝÄR

Mendenem bir şahyr bormy
Şu wagt goşgy nämä gerek.
Gurbannazar Ezizow

Ejem jaň edýär, alamok,
Nämemişim — işlimişim.
Ylham gelenmiş birdenkä
Goşgy ýazýarmyşym çişip.

Nämemiş edil şu mahal
Ýazmaga sebäp barmyşyn.
Zol-zol ýagyp duranokmyş
Daşary galyň garmyşyn.

Döretmesem bolanokmyş,
Joşupmyşym misli derýa.
Ölüp barýarmyşym hakyt
Urjakmyşym özüm her ýan.

«Soň özüm aýlaryn» diýýän,
Diýýän: «Şonda sözläp şirin
Ýazyp bolamsoň goşgyny,
Uzyn-uzyn gürleşerin.

Gaýta ony begendirin
Belki derdine em bolar.
Täze goşgymyň ilkinji
Diňleýjisi ejem bolar».

Ýöne men pikir edemok
Çaga deý päk zenan hakda.
Telefonyň aňyrsynda
Garaşýan mähriban hakda.

Sähel zada gaýga batýan
Altmyş bäşden geçen hakda.
Aladaçyl, ynjyk pahyr
Uzakdaky ejem hakda.

Ol bolsa pikir edýändir
«Gören däldir» — diýip — «jaňym».
«Bu gün iş güni däl onuň,
Aýyrýandyr öýüň çaňyn».

Belki ol aýtmak isländir
Şu gün örän möhüm bir zat.
Näme göwni bar diýsene
Sähel zada bolýar ol şat.

Belki, gary synlaýarka
Täsin hala düşendir ol.
Gyşda doglanym üçinem
Men ýadyna düşendirin.

Göresi gelendir görgüliň
Ýolugandyr şeýle derde.
Belki aýlandyr, sesimi
Eşidesi gelendir-de.

Soň özüme sowal berýän
«Aldanyp oýnuna gyşyň
Ejeň sesine çalşar ýaly
Ol nähili goşgumyşyn?!

Bir goşgy däl, kataba-da
Çalyşmaly däl halyňa.
Çalşyp bilýäň tebigatyň
Her ýyl ýagjak ak garyna.

Ýogsa sen ataň öýüňden
Şondan başga kim jaň etse.
Jaňy alýarkaň diýýärsiň:
«Eýgilik bolsun-da hernä».

Adamsyndan ynjamadyk
Hudaýyň saýlap-seçeni.
Garaşdyrça, gynandyrça,
Sen kim, beýderçe ejeňi?».

Ýok, meniň hakym ýok muňa
Iş etjek däl şondan daşgyn.
Goý, ýazylman geçsin yzy
Tamamlanman geçsin goşgym.

Besdir, ýetik çagasyrap
Owal gidenim kejine.
Ýürekden ötünç sorajak
Jaň etjek häzir ejeme.

 

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle