Köçe kyssasy
Köçe kyssasy
ýa-da sübsegär gyzlara
Süpürýän dek haly, palas, keçäni,
Gije-gündiz süpürýäňiz köçäni.
Al asmanda bolsa gara bulutlar,
Guýup dur ýagşy.
Kelesaň biriniň maşyny gelip,
Kakmasa ýagşy…
Ýaşyrýan dek köçedäki kesbiňiz,
Ýaglyk bilen çolapsyňyz keşbiňiz.
Tüp yssyda,
Şatylama aýazda,
Esgeriň serhedi goraýşy ýaly,
Eliňizde sübse,
Gije-gündiz süpürýäňiz köçäni.
Süpürýän dek keçäni.
Tomusyň tüp yssysy,
Hem maşynlaň tüssesi.
Köýen arzuwlaryň ýürek gussasy,
Ýetde-gütdelik azary,
Bularyň bary,
Köçe kyssasy.
Gyzlar, mährem gyzlar, gül meňiz gyzlar,
Size elmydama başym egerem.
Ýüzüňize çolanyňyz ak ýaglyk,
Gözýaşyňyz gizleýändir megerem…
13-29.11.2013. Goşgular