Göwnüme bolmasa…
Göwnüme bolmasa…
Göwnüme bolmasa, ownaýar bar zat:
Bigadyr ýanynda maýda abraý-at.
Çyn ýürekden çykan gülki ownaýar,
Agynyň ýanynda tilki oýnaýar.
Çynçy kim, ýalançy – tanar ýaly däl,
Gardaşyň gardaşa salan aly kän.
Diňe menmi bu ahwala ýan beren?
“Ýok!” – diýdi Pyragy, niçe han gören.
Eý, adam, bilesiň gelýärmi özüň,
Onda diňle beýik Pyragyň sözün.
Onuň aýdan zady sen hakda şu gün,
Sen şol adam, bilseň, etmegin göwün.
Gitdigiçe ownap gidip barýarsyň,
Kaýda sen, adam?
Haýda sen, adam
Golastynda şeýtanyň,
Maýda sen, adam.
25.02.2023. Goşgular