|

Prezidentleriñ gärdekleri

Prezidentleriñ gärdekleri PREZIDENTLERIÑ GÄRDEKLERI

Prezidentleriñ gärdekleri

Ençeme ýyl bäri habar merkezlerini dolandyryp geldim. Ýepbekleýän ugurlarymyñ başyny «terjime žurnalistikasy» çekýär.
Global mediýanyñ sözde «habar» diýip sokuşdyrýanlary (özem köplenç psihologik uruşyñ önümleri) hiç bir editorial süzgüçden geçirilmän biziñ mediýamyz tarapyndan ulanylýar.
Meselem:
Dünýä mediýasynyñ geçen hepdedäki beren habarlarynyñ esasy temasy Donald Trampyñ alan jezasy boldy. Habarlaryñ köpüsiniñ sözbaşysy «Amerikan taryhynda jenaýat eden ilkinji prezident» diýip ýazyldy!
Prezidentleriñ gärdekleri

Amerikan prezidentleriniñ haýsy biriniñ geçmişi arassa?
Mysal üçin, özüne bäsdeş Demokratlar partiýasyny gizlinlik bilen diñleme hadysasy («Uotergeýt» dawasy) boýunça açylan derñew işini ýatdan çykardykmy? ABŞ-nyñ Ýokary Sudunyñ biragyzdan beren sesi Prezident Niksonyñ oppozision partiýa garşy oýun oýnandygyny we derñew işini bulaşdyrmak üçin federal ygtyýarlylary ulanandygyny ýüze çykardy.
Yzyndan sud Niksony dürli jenaýatlary etmekde aýyplap, wezipeden boşatmak hakdaky talapnamany oñlady we kararyny Wekiller mejlisine hödürledi. Başyna geljeklerini bilen Nikson şobada öz islegi bilen işinden gitdi. Eger gitmedik bolsa, Wekiller mejlisi ony garalap wezipeden boşadaýmalydy.
Şeýdip, Nikson häzire çenli eýeleýän wezipesinden öz islegi bilen giden ýeke-täk amerikan prezidenti bolup galdy.
Prezidentleriñ gärdekleri

* * *

Gaty yza-da gitjek däl…
Latyn Amerikasyndan Aziýa çenli aralykda amerikan prezidentleriniñ gönüden-göni buýrugy bilen amala aşyrylan onlarça gandöküşlikleri agzajagam däl. Meselem, ýüz müñlerçe adam pidasynyñ bolup geçen Yrakdyr Owganystany bikanun bombaladan, basyp alan Prezident Jorj Buşyñ hiç hili günäsi ýokdur öýdýärsiñizmi?
Bu prezidentler amerikan taryhynda hiç hili kanuny çäklendirmede durmady. Gaýtam, şeýle wagşyýanalygy Buş «Hudaýyñ emri bilen edýändigini» aýtmadymy?
Diñe adam öldürip oñdularmy?
“Teddi” ady bilen tanalan Teodor Ruzwelt sekiz ýyllap ABŞ-nyñ prezidenti boldy. Onuñ «uly taýak» ady berilen diýdimzor daşarky syýasatyny agzajagam däl.
1909-njy ýyl. «Beýik ahlakçy» ady bilen tanalan kowboý Ruzwelt Keniýa, Kongo, Sudan ýaly ýurtlara gezelenje gitdi. Ak kerkburun, pil, suw aýgyry ýaly haýwanlaryñ jemi 11 müñ 397-siniñ ganyna galdy…
Teddi Afrikadan gaýdanda Norwegiýa degip geçdi, nämüçindir öýdýärsiñiz: adyna berlen Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyñ puluny almak üçin!..

Prezidentleriñ gärdekleri

* * *

Donald Trump öñki pornoaktrisa Stormi Danielse özara ylalaşyk baglaşandygy üçin pul tölemekde aýyplandy. Ýeke «hapa» Tramp-da, şeýlemi?
Trampyñ şahsy durmuşy şobada her gün mediýada peçan edilenok. Prezidentleriñ şahsy durmuşyna ser salalyñmy?
Žurnalist Don Fulsom «Niksonyñ iñ garañky syrlary» kitabynda «Niksonyñ syrtpyruşdygy (gomoseksualistidigi) we aýalyny yzygiderli urup-ýenjip gelendigi» ýaly nämeleri ýazdy…
90-njy ýyllarda Demokrat partiýadan prezident Bill Klinton hadysasynda ýene bir gezek gördük. Klinton Ak Tamda stažirowka geçen Monika Lewinskaýa bilen bolan ýakyn gatnaşygy hakda uly emine ýalan sözläp, adalaty bukmakda aýyplanyp jogapkärçilige çekildi. Wekiller mejlisi Klintony wezipeden boşatmak hakdaky maddany tassyklady. Senat ara girip, meseläniñ üstüni ýapdy.
Şuny-da goşaýyn, resepsiýa işgäri Paula Jons Klintonyñ Arkanzas ştatynyñ gubernatory bolan döwründe — 1991-nji ýylyñ maý aýynda otelleriñ birinde özüni zorlandygyny öñe sürüp, onuñ garşysyna derñew işini açdyrdy. Klinton Paula Jonsa jerime tölemäge mejbur boldy. Nämeler bolmady, nämeler…
Janyna kast edilmedik bolsa Prezident Jon Kennedi-de aktrisa Merilin Monro sebäpli jogapkärçilige çekilmelidi…

Prezidentleriñ gärdekleri

Trampyñ şahsy durmuşyny eleme-deşik eden mediýa «akyly gelip-gitme» sähne Ronald Reýganyñ Ak Tamda ýarym-ýalañaç aýlanyp ýörenligini-hä agzamanyny kem görenok. Ýa-da Ronald Kessleriñ ýazan «Prezidentleriñ gizlin gulluklary» kitabynda Kennedi, L.Jonson, J.Karter we başgalar hakda beren iññän gymmatly maglumatlary global mediýada kän agzalyp barlanok. Diýmek, ýeke etmişli Tramp-da, şeýlemi? Bular diñe meniñ bilýänlerim.
A bilmeýänlerim näme?

Soner ÝALÇYN.

«SÖZCÜ» gazeti, 01.09.2023 ý. Publisistika

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle