| | |

Dilimizi ýoýmañ!

Dilimizi ýoýmañ! Geldimyrat Seýidowyñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy

Dilimizi ýoýmañ!

Ýekşenbe, 27.08.2023 ý.

Biziň nämüçin Soýuz döwründen bäri dilimize girip, aňymyza ornaşan birgiden rus ýa-da başga halkyň sözleriniň ählisini-de oňarsak oňarmasak türkmençä geçirjek bolup alabaşagaý bolup, gaýtam bulaşdyryp ýörenligimize düşünip baramok. Meselem, žurnalisti – galamgäre, awtory – ýazara, bileti – petege, awtomaşyny – awtoulaga ş.m. öwrüp täzelänimiz bilen kän utuş gazanýarmykak?! Aslynda ap-arassa dil hiç bir milletde ýok, ähli dilde-de ondan-mundan alnan, garylyp giden sözler az däldigini aýdýarlar dälmi, näme?!
Bir edarada işleýän döwrüm, başlygyň kömekçisi bolup işleýän işgärimiz bir ýere ýazylan hatyň ahyrynda “Goşulyp iberilýän: 5 ýaprakdan ybarat” dyýip ýazypdyr. “Ýapragyň näme” diýenlerinde, ol “list” diýen rus sözüniň türkmençe terjimesiniň “ýaprak” bolýändygyny aýdýar. Gaýtardylar. Täzeden düzedip gelende “5 sahypadan ybarat” diýip ýazypdyr. Bir list kagyzda 2 sahypanyň-da bolup bilýändigini düşündirjek bolubam durmadyk. Sebäbi ol kömekçi işgärimiz eýtjek- beýtjek, “list” diýlen rus sözünden dynjak. Özüniň türkmen dilini oňat bilýändigini görkezjek. Ýogsa oňa şol “list” sözüni çalyş diýýänem ýokdy. Şol söz ýazylanda-da şo hat gitmeli ýerine gepsiz-gürrüňsiz gitjekdi.
Käbir aňymyza giren rus sözlerinden bahymrak dynjak bolmakdanmy ýa başga zatdanmy, bilmeýäris welin, sözleriň terjimesinde-de harsallyklar goýberilýär. Bular ýaly säwliker esasan hem öňki Soýuzyň dargan ilkinji ýyllarynda köp goýberildi. Şol wagtlar şeýle tabşyryklar bolýardy. Nädogry terjime edilýänleri-de bardy. Mysal üçin, “вертолёт” sözüni “dikuçar” diýip ulanýarys. Aslynda ol diňe dik uçýarmy, näme?! Вертеть – aýlanmak terjimesine däl-de, вертикаль – dik diýen terjimä salgylanyp ýalňyşaýdylarmyka?! Arada gazetleriň birinde biri “kursdaşym” sözüni özüçe “türkmenleşdirip” “ýyllykdaşym” diýip ýazypdyr. Bolýarmyka bi?! Biz-ä kän düşünibem baramzok, ümürde ýörän ýaly.
Ruçka, klas, kostýum, tarelka, kwartira, razýetka ýaly birtopar aňymyza giren sözleriň anyk türkmençe terjimesi-de ýok ahyr. Bu zatlaryň köpüsi türkmende öň bolmandyram. Muny boýun almagymyz gerek.
Şolar ýaly sözler ulanylyp ýörlende hem ýitirýän zadymyz ýok ýaly. Şolary ulanmaly däl, öz gepleşigimize goşmaly däl diýýänem-ä ýok bize, häzirki döwrümizde?!

• Awtor hakda

Geldimyrat Gurbanmyradowiç Seýidow 1952-nji ýylda Bäherden etrabynyň Garrynohur obasynda eneden bolup, şol obadaky orta mekdebi okap gutardy.
Goşun gullugyny tamamlap, ömrüniň 35 ýylyny Aşgabat şäher polisiýa Müdirliginde dürli wezipelerde işledi.
1989-njy ýylda Aşgabat şäherindäki Milisiýanyň ýörite orta mekdebini (häzirki Polisiýä akademiýasy) gaýybana okap gutardy.
2010-njy ýylda podpolkownik harby derejesi bilen, Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynyň weterany hökmünde hormatly dynç alşa çykdy.
Pensiýada dynç alyşda bolmak bilen bir wagtda, häzir ol hukukçy (ýurist) wezipesinde işleýär.
Nukdaýnazar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle