|

«Kim aýdypdyr: — Öldi- diýip- Ependi…»

"Kim aýdypdyr: — Öldi- diýip- Ependi…" “KIM AÝDYPDYR: — ÖLDI- DIÝIP- EPENDI…”

"Kim aýdypdyr: - Öldi- diýip- Ependi..."

Kim aýdypdyr: — Öldi- diýip- Ependi,
Ýok, ölenok,
Dünýä indi,
Ýaňadan!
Anha, barýar ak eşekli Ependi,
Depeden-depä,
Obadan-oba.
Ýatmaz ýerde her şadyýan gep indi.
Duzlap ýör ol syrnyhy,
Gözläp ýör ol myrryhy.
Dilde “bismilla” diýse-de,
Unudyp ýör Allany,
Iki sözüň birinde,
Adamlary aldany.
Alasamsyk mollany,
Ak mata bilen orap,
Orta çykan kelläni.
Baran ýeri ala-ýaz,
Baran ýeri şagalaň.
Gelse gelsin gahary,
Öýde ýatan gagalyň,
Ile gülki şagalyň.
Kim aýdypdyr “Öldi” diýip Ependä,
Ýok, ol diri, aýlanyp ýör eşekli.
Başynda çüri telpek,
Aýagynda-da çepek,
Bili guşakly.
“Hih” diýip, bir dürtende,
Durmaz obaň çetinde.
Sagynda Aldarköse, Kemine hem çepinde.
Gün-güzeran, gam-gussa,
Ýada düşmeýär indi.
Adamlar garaşyp ýör,
— Geler– diýip, Ependi.
Maşalla, Ependi, maşalla,
Kakmaz haram heşelle!

15.03.2023.

Ilýustrasiýa: Mahmud Eşonkulowyñ «Hoja Nasreddin» karikaturasy. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle