|

Almaz Ýazberdiýew aradan çykdy…

Almaz Ýazberdiýew aradan çykdy…

Almaz Ýazberdiýew  aradan çykdy...

• Şu gün — 6-njy awgustda görnükli alym, bibliograf, taryh ylymlarynyñ doktory, professor Almaz Ýazberdiýew aradan çykdy. Merhuma iman baýlygyny dileýäris.

◇ Alym hakynda

Almaz Berdiýewiç Ýazberdiýew 1939-njy ýylyñ 8-nji ýanwarynda Daşoguzyñ Akdepe etrabynyñ Keýikoý obasynda doguldy.
1947-1953-nji ýyllarda obasyndaky ýediýyllyk mekdebi, 1953-1956-njy ýyllarda Akdepe etrabynyñ özündäki orta mekdebi okap gutardy.
1956-njy ýylda Aşgabada geldi we Aşgabadyň 4-nji gurluşyk montaž edarasynda agaç ussasy bolup ​ işledi.
1957-nji ýylda Aşgabadyñ Medeni añ-bilim tehnikumyna girdi we ony 1959-njy ýylda okap gutardy.
Ol tehnikumda kitaphanaçylyk işine degişli derslerden işine ussat mugallymlar E.Z.Nowruzowadan, E.Orakowdan, O.D.Döwletowadan, H.Hasanowdan saýlap alan hünäri boýunça ilkinji tälimlerini aldy. Soň ol mugallymy Döwletowanyň ýardam bermegi bilen Moskwanyň döwlet medeniýet institutyna okuwa girdi. Ol institutda okan döwründe eýýäm işjanlylygy, adamkärçiligi bilen gowy tarapdan özüni tanatdy we düýpli bilim aldy. Onuň talyp döwründe döredijilige bolan höwesi ýüze çykyp başlady. Institutda professor L.A.Lewiniň ýolbaşçylyk edýän «Bibliografiýa» dersi boýunça ylmy gurnagyna gatnaşyp, onda «RSFSR-iň welaýat kitaphanalarynda hödürleýji bibliografiýa işi» atly temadan eden şowly doklady üçin 1962-nji ýylyň tomsunda Sankt-Peterburg şäherine 20 günlük ýeňillikli şertlerde syýahat etmäge mümkinçilik aldy. Instituty tamamlandan soňra Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi ony ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasyna işe ýollady. Şol döwürden bäri onuň durmuşy, döredijiligi esasan kitaphana bilen aýrylmaz baglanyşykly boldy.
1960-njy ýylda Moskwanyñ Döwlet medeniýet institutyna (MDMI) okuwa girip, 1964-nji ýylda instituty tamamlady.
Ýokary okuwy tamamlan ýyly Türkmenistan SSR-niñ Merkezi Kitaphanasynda işläp başlady. Kitaphanada dürli wezipelerde işlän (1963-nji ýyldan baş bibliograf, 1965-nji ýyldan​ — ylmy bibliografiýa bölüminiň müdiri, 1967-nji ýyldan — direktoryň ylmy işler boýunça​ orunbasary) Almaz Ýazberdiýew 1973-nji ýylda kitaphananyñ direktory wezipesine bellendi.
1958-nji ýylda Merkezi Kitaphanada uly ýangyn hadysasy bolup geçende, hemme kataloglary we kartotekalary täzeden dikeltmekde uly işleri bitirdi.
1968-nji ýylda MDMI-na aspirantura girdi we ony 1971-nji ýylda okap gutardy.

Almaz Ýazberdiýew  aradan çykdy...

Suratda: Almaz Ýazberdiýew, Aba işan, Subhan Salarinia (çepden). Taryhda şu gün
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle