Garabasma
Garabasma

(Agyr düýş)
Daşymda adam köp.
Ýöne hiç kim ýok.
Gözlem görenok.
Gulagym eşdýär,
Her hili sözler.
Men gygyrýaryn.
Hiç kim eşdenok.
Gussaly gözler,
Hem salyk ýüzler.
Ýüregim duýýar.
Olar ezizlem.
Neçün aglaýar,
Jigilem , gyzlam?.
Hiç düşünemok.
Men barmy ýa ýok?
Ýada düýşmika?…
Jogap ýok muňa ,
Hemme dymýalar.
Garylýan guma,
Meni gömýäler…
Düýş bolsada oýanmaýyn.
Bu ümsümlik erbedem däl.
Tirsegime daýanmaýyn,
Soňky durmuş gurbatym däl.
Azat NURGELDIÝEW. Goşgular