Kitap ýakmak
Kitap ýakmak

Gitler — Kitap ýakmak diýlende, meniñ ýadyma Gitleriñ masgaraçylykly kitap ýakma çäresi düşýär.
Çäresizlik — Kitap ýakmak kitabyñ güýjünden we täsirinden basylýan biçäreleriñ çäresizliginiñ görkezijisidir.
Ynjytmak — Millionlarça adamyñ durmuşynyñ şamçyragy bolup duran mukaddes kitaby ýakmak millionlarça adamy ynjytmaga erjeşmekden başga zat däl.
Prinsip — «Jöhit genosidi» barada bolar-bolmaz gürlemek näderejede söz azatlygy bolmaýan bolsa, mukaddes kitabyñ ýakylmagy-da söz azatlygy däl.
Manýak — Mukaddes kitaby ýakyp özüni görkezjek bolýan «adam» ýa manýakdyr ýa-da barypýatan bulagaý.
Rugsat — Dünýäniñ hemme ýerinde-de manýaklar, bulagaýlar, meçew berijiler bolar. Esasy zat bu däl. Esasy zat — muña «al, ýakyber» diýip rugsat beren hökümetdir.
Ahmet HAKAN.
«HÜRRIYET» gazeti, 22.01.2023 ý. Sözler