Nädip körsowatlaşdyk?
Nädip körsowatlaşdyk?

Ýekşenbe, 23.07.2023 ý.
Zugdidi şäheri-Gürjüstan.
Gruziýada ýaşaýan türkiýeli blogger Ugur Görgüli özüniñ «Soltan Myrat IV bilen Emir Kun masgaraçylygy» atly makalasynyñ türkmen okyjylaryna ýetirilendigi üçin aýratyn minnetdarlyk bildirip, şu ýazgysyny ugratdy. Men hem öz gezegimde ony terjime edip, kitapcy.ru saýtynyñ Nukdaýnazar sahypasynda Siziñ dykgatyñyza ýetirmegi makul bildim. Awtor aşakda okajak makalañyza geljek seslenmelere garaşýar. Şeýle-de islegler boýunça hem gysga makalalar taýýarlamaga höwesligini bilmegiñizi isleýär.
* * *
Millionlarça ýyl dowam eden ewolýusiýadan soñ ösüşini 50.000 ýyl öñ tamamlan adamzat beýin we añ taýdan genetiki özgerişine laýyk çalt uýgunlaşan bolsa, häzir galaktikalaryñ arasynda syýahat eder ýörerdik.
Gadymy Müsür imperiýasynyñ ikinji döwründe ýaşap geçen fizik we astronom Kamoso-Menes monumental mazarlaryñ we piramidalaryñ ölümden soñ şol ýerlere jaýlanan adamlaryñ birinem direltmejegini aýdandygy üçin öldürildi. Yzynda zürýat galmady.
Gadymy Müsüriñ ýene bir filosofy Amentebat «adamlary mumyýalanyñyz bilen o dünýä ugratdygyñyz bolmaýar» diýeni üçin maşgalasy bilen bile ýok edildi. Yzynda zürýat galmady.
Rimli matematik, astronom, filosof Flaw Lukresiý Klawdiý rim hudaýlarynyñ toslama ertekidigini aýdandygy üçin öldürildi. Yzynda zürýat galmady.
Gadymy gresiýalylar zamanasynyñ genial filosofy Sokraty 2500 ýyl öñ grek hudaýlaryna ynanmaýandygy üçin öldürdiler. Yzynda zürýat galmady.
Italýan filosofy Jordano Bruno hem ýapyk älem düşünjesine ilkinji bolup garşy çykanlaryñ biri. Ol Ýer togalagy Günüñ daşyndan aýlanýar diýendigi üçin buthana tarapyndan Rimde diriligine oda ýakyldy. Yzynda zürýat galmady.
Diñe ýewropa inkwizisiýa sudlarynda elli müñ intellektual, akyldar, filosof, döredijilik adamsy ýakyldy. Yzlarynda zürýat galmady.
Paleolitik eýýamdan bäri soñky kyrk müñ ýylda statistiki taýdan sany 143 million diýip hasaplanan ýokary añly-düşünjeli adam «dinlere, hudaýlara, dogmatlara, tabulara, ertekilere» ynanmandygy üçin öldürildi, olaryñ hiç biriniñ yzynda nesil-zürýat galmady.
Olaryñ nesli dowam eden bolsa, belkäm, häzir dünýa populýasiýasynyñ 5%-i däl-de, 35%-i ýokary añ-düşünjeli adamlar bolardy. Eger şeýle bolsa, onda Persepol, Andalus, Aleksandriýa, Bagdat, Merw kitaphanalary-da ýakylmazdy. Ylym-bilim, sungat, pelsepe döreden gymmatly adamlar bilen bile häzir fossiliýa ýangyjyny ýakmazdan has arassa dünýäde ýaşardyk. Biziñem añ-düşünjämiz häzirki akmak haly bilen deñeşdirip bolmajak derejede ýokarda bolardy.
Agşamara köçä gezim etmäge çykanyñyzda biri-biriñize syn ediñ we bir zady pikir ediñ: biziñ hemmämiz yzagalak, añ-düşünjesiz adamlaryñ nesilleridiris. Akylly-başly, ýokary añ-düşünjeli adamlar taryhyñ dürli döwürlerinde yñdarma fanatlar tarapyndan öldürilip gelindi. Akylly-başly, pähim-paýhasly adamlaryñ genleri bize gelip ýetmez ýaly edildi. Nukdaýnazar