|

«Iñ gowy günlerim şeýle gün bolar…»

"Iñ gowy günlerim şeýle gün bolar…" «IÑ GOWY GÜNLERIM ŞEÝLE GÜN BOLAR…»

"Iñ gowy günlerim şeýle gün bolar..."

Iň gowy günlerim şeýle gün bolar —
Ýetimiň başyny sypalan günüm,
Sogabym agralyp, günämi ýuwar,
Öňküsine görä uzalar ömrüm.

Iň bagtly günlerim şeýle gün bolar —
Söýgimi saýalap maşgala gursam,
Ýüregimde gelnim, kalbymda dinim,
Gujagymda bolsa çagalam bolsa.

Iň buýsançly günüm şeýle gün bolar —
Ýyllar bir-birine seplenip geçse,
Dünýäde ýetmedik arzuwlaryma
Uly ynam bilen çagalam ýetse.

Iň sowuk günlerim şeýle gün bolar —
Terk etse dünýäni enem hem atam…
Meň ahymdan mümkin dowzah hem sowar,
Şeýle gün dogmasyn, bolmasyn, Allam!

Iň dowamly günüm şeýle gün bolar —
Bir gün ajal gelse, Gün ýaly batsam,
Razy bolup ykbalymdan, ömrümden,
Şu toprakda süýnüp, arkaýyn ýatsam. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle