Günbatar bilen süsüşmegiñ almytyny Günorta Afrika sürgün edilip almak: Eýran şasy Ryza Pehlewi
Günbatar bilen süsüşmegiñ almytyny Günorta Afrika sürgün edilip almak: Eýran şasy Ryza Pehlewi

Eýranyñ ýatdan çykarylmaýan döwlet ýolbaşçysy Ryza şa Pehlewi 1925-nji ýyldan 1941-nji ýyla çenli Eýran döwletiniñ başynda oturyp, köne Eýrany ýigrimi ýylyñ dowamynda döwrebaplaşdyrypdy.
Hemmetaraplaýyn rewolýusioner adam bolan Ryza şa 2500 ýyllyk monarhiýany soñlandyryp, Eýrana respublika režimini getiripdi.
Türk ynkylabyndan täsirlenendigi we döwlet ýolbaşçysy hökmünde Atatürke çäksiz hormat goýýandygyny 1934-nji ýylda Türkiýä eden resmi saparynda oña azeri türkçesi bilen «Men leşkerim, sen serdarsyñ» sözleri bilen bildiripdi.[1]

Ryza şa Türkiýäniñ prezidenti Mustapa Kemal Atatürk bilen, 1934-nji ýyl
Ikinji jahan urşunda Germaniýa bilen ýakynlaşmagy Angliýanyñ we SSSR-iñ degnasyna degdi. 1941-nji ýylda Angliýanyñ Eýrany basyp almagy, Ryza şany Angliýanyñ koloniýasy Mawrikä sürgün etmegi, onuñ Günorta Afrikada 1944-nji ýylda aradan çykýança sürgünlikde ýaşamagy Eýranyñ ýakyn taryhynda bir perdäniñ ýapylmagyna sebäp bolupdy.[2]
• Ryza Pehlewi kim?
Ryza Pehlewi 1878-nji ýylda Mazendaran welaýatynda türk enesi bilen pars atasynyñ maşgalasynda dünýä indi. Ýañy sekiz aýlyk bäbejikkä kakasy aradan çykdy, şonuñ üçinem ejesi Tährana göçdi we daýysynyñ ýanynda ýetişdi.
16 ýaşynda eýran-kazak rotasyna goşuldy. 1903-nji ýylda Tähranda Gollandiýanyñ konsuly Frits Knobeliñ janpenasy boldy.
Birinji jahan urşunda Patyşa Russiýasy ýykylyp, bolşewikler häkimiýet başyna geldi.
Çanakkale bogazyndan geçip bilmedik iñlis goşuny ýaranlaryna Eýranyñ üstünden kömek ugradyp, bolşewiklere hüjüm etmek islänem bolsalar, olaryñ bu niýeti paşmady. Muña garamazdan iñlisler Eýranda bir harby baza gurmagy başardylar.[3]
1920-nji ýylda sebitde ýaşaýan kürtler, ermeniler, azerbaýjanlar sowet goşunyna goşulmaga mejbur edildiler. 1921-nji ýylyñ ýanwar aýynda Eýrandaky iñlis güýçleriniñ serkerdesi general Edmund Ironsi hem Ryza şany Töwrizdäki ýörite batalýonyñ serkerdeligine belledi.
1921-nji ýylda Seýit Zyýaeddin Tabataýy tarapyndan gurnalan öwrülişik netijesinde premýer-ministr bolan Ryza Pehlewi 1925-nji ýyla çenli hökümet gatlagynda-da, halk köpçüliginiñ arasynda-da meşhurlygyny artdyrdy. Birnäçe aý geçenden soñ iñlisleriñ goldawy bilen Tähranda eýran goşunynyñ başyna geçen Ryza şa eýran syýasy taryhynyñ esasy adamlarynyñ birine öwrüldi. General Ironsiniñ täsiri bilen 1932-nji ýylyñ 8-nji iýunynda döwletiñ merkezi güýjüni Ryza şaha tabşyran Angliýanyñ Uruş ministrligi Ryza şanyñ üsti bilen Eýrany gözegçiligine alypdy.
Bir ýandan iñlis hökümeti bilen gowy gatnaşyk saklap, bir ýandanam iñlisleriñ baş duşmany Mustapa Kemal Atatürke bolan hormatyny we haýranlygyny öz rewolýusiýalarynda amala aşyryp görkezmäge başlapdy.[4]
• Ryza şanyñ häkimiýeti
Iñlisleriñ Ryza şa Pehlewi bilen bolan gatnaşyklaryna has gowy düşünmek üçin Angliýanyñ Eýranyñ çäklerindäki pyrryldaklaryny we maksatnamalaryny öwrenmek gerek. Afrikanyñ habar beriş serişdeleriniñ aýtmagyna görä, Angliýa baryp-ha 1880-nji ýyllarda Eýrana missionerler ugradyp, maglumat barsyny toplapdy.[5]
1910-njy ýylyñ dekabr aýynda çykan bir habarda Eýranyñ Daşary işler ministriniñ işinden gidendigi, emma munuñ Angliýa bilen gatnaşyklara täsirini ýetirmejekdigi aýdylýardy.
Habardan esasy añlamaly yşarat Angliýanyñ halamaýan daşary işler ministriniñ wezipesinden gitmegi hamana Angliýanyñ has köp peýdasyna ýarajakdygynyñ buşlugy bardy.[6]
1915-nji ýylyñ noýabr aýynda Günorta Afrika metbugatynda çykan başga bir habarda Germaniýanyñ we Türkiýäniñ urşa garamazdan Eýranyñ territorial bitewiligine hormat goýmagynyñ gerekdigi nygtalýardy.
Elbetde, bärde Angliýanyñ Eýrandaky bähbitleri esasy gaýgy edilen meseledi.[7] 1920-nji ýylyñ maý aýynda Günorta Afrikada çykan bir habar bolşewik rewolýusiýasyna garamazdan Angliýanyñ Eýranyñ içerki işlerinde birinji derejeli söz eýesidigini görkezýärdi.[8]
Bütin bu habarlaryñ barsy Angliýanyñ Eýranyñ çäklerindäki nebit ýataklarynyñ gözegçiligi üçin öñden bäri ýurduñ içerki işlerini berk gysymyna dolap alandygyny görkezýärdi. Şeýle ýagdaýda we şertlerde Ryza şa Pehlewiniñ ähli päsgelçiliklere garamazdan üstünlikli ýagdaýda bibat ýurdy abat hala getirendigini aýdyp bolar.
Ryza şanyñ Eýrandaky häkimiýet karýerasyny iki perioda bölmek gerek. 1925-1933-nji we 1933-1941-nji ýyllary onuñ karýerasynda aýry-aýry etaplar hökmünde öwrenmeli.
1933-nji ýyla çenli Abdylhüseýin Timurtaş, Nusret el-Döwlet, Firuz, Ali Ekber Dawer dagy bilen bilelikde dolandyran häkimiýetini 1933-nji ýylda soñlandyryp, soñabaka ýeke özi ýurda höküm etmäge başlapdyr.
Uniwersitet gurup, demir ýol çekip, ýurduñ Harby-Deñiz güýçlerini döredip we ş.m. san-sajaksyz täzelikleri amala aşyryp, Eýrany öñe äkiden Ryza şa eden şular ýaly gowy işlerine garamazdan iñlis boýunturygyndan hiç sypyp bilmändi.
Eden şeýle gowy işleri bilen birlikde halkyñ söýgüsini gazanan Ryza şa hatda 1400 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Yspyhanda jöhitleriñ söýgüsini-de gazanypdy. Şa şol bir wagtyñ özünde aýal-gyzlaryñ bürenjeginiñ hem hökmany däldigi ýaly jemgyýetde oñyn tassyklamasyny tapan işleri geçiripdi.
1934-nji ýylda Türkiýä eden resmi saparynda zamanabap Türkiýäniñ düýbüni tutujy Mustapa Kemal paşa bilen duşuşygy Eýranda-da gyzgyn garşylandy. 1936-njy ýylda Adolf Gitleriñ oña «Şalar şasy Ryza Pehlewi» diýip ýüzlenýän resmi haty onuñ Günbatar dünýäsindäki abraýyny-da görkezýärdi.[9]

Bu fotosuratda «Onuñ alyhezretleri Ryza şa Pehlewi Eýran şahynşasyna iñ gowy arzuwlar bilen — Berlin, 12.03.1936 ý. — Adolf Gitler» diýlip ýazylan.
• Ryza şa Pehlewiniñ Günorta Afrikada soñlanan gussaly ömri
30-njy ýyllaryñ ahyryna çenli Eýranyñ iñ uly söwda partnýory Germaniýady. Adolf Gitler Ryza şa bilen pajarlap ösen Eýrany ýakyndan yzarlaýardy. Germaniýanyñ ynamly ýarana, Eýranyñ bolsa Germaniýanyñ senagatyna mätäçligi bardy.[10]
Gitleriñ pikiriçe söwda gatnaşyklary bilen birlikde Eýran gündogar blogynyñ gözegçiliginde wepaly we ynamly ýaran bolup bilerdi. Muña garamazdan Eýran Gitleriñ antisemitistik syýasatyny hiç wagtam goldamady. Hatda uruşda Eýranyñ Germaniýadaky konsullyklary gizlinlik bilen 1500-den gowrak jöhide eýran raýatlygyny berip, konslagerlere ýollanmazlygyny gazandy.[11]
Şol bir ýagdaýda Eýran sowet režiminiñ howpuna garşy hem Germaniýa bilen bile hereket edýärdi. Emma Ikinji jahan urşunda SSSR Angliýa bilen birlikde Germaniýa garşy urşup başladam welin, ýagdaý Eýranyñ garşysyna üýtgedi duruberdi.
1941-nji ýylda urşuñ şertlerinden ötri SSSR bilen Angliýa Eýran üçin iñ uly howpa öwrüldi. Şanyñ ýurduny ösdürme maksatmamasy onuñ iñ köp hormat goýýan we ýoldaşy hasaplaýan Mustapa Kemal Atatürküñ aradan çykmagy bilen ýarpy galypdy.
Şa Angliýanyñ Eýranyñ ýerlerini we tebigy baýlyklaryny Germaniýa garşy ulanmagyna razy bolmady. Bu bolsa şanyñ diñe tagtyndan jyda düşmegine däl, şol bir wagtyñ özünde SSSR tarapyndan ýurdunyñ bombalanmagyna sebäp boldy.
1941-nji ýylyñ 25-nji awgust bilen 15-nji sentýabr aralygynda Eýrana edilen hüjümlerden soñ şa ýurduna zyýan ýetirmejek bolup boýun egýändigini mälim etdi. Angliýanyñ Eýrandaky esasy derdi bolsa, elbetde, ykdysady bähbitlidi. Eýranyñ Abadan nebiti gaýtadan işleýän zawodynda her ýyl sekiz million tonna töweregi çykarylýan nebit üçin Angliýa islendik urşa girmäge taýyndy.
Aslyýetinde Ryza şa bilen Angliýanyñ arazyndaky birinji düşünişmezlik şanyñ nebit ýataklaryndan düşýän girdejiniñ bary-ýogy 10%-ni almagy hakdaky ylalaşygykdan çekilmegi bilen başlapdy.[12]
Uinston Çerçilliñ ýakyndan yzarlan wakalary 1940-njy ýylyñ ortalarynda reñkini belli etdi. Çerçilliñ buýrugy bilen wezipesinden çetleşdirilen Ryza şaha berlen görkezme onuñ ömrüniñ ykbal kesgitleýji pursatydy. Ryza Pehlewi 1941-nji ýylyñ 16-njy sentýabrynda ýerini ogly Muhammet şaha goýup, tagtyny terk edipdi.[13]
Ryza şa indi tagtdan agdarylan liderdi, ýöne täsirli tarapdarlarynyñ köpdügi üçin ony Eýrandan daşlaşdyrmak gerekdi. Ol soñky ýyllaryny Hindistanyñ Bombeý şäherinde ýaşamak isledi. Emma howpsuzlygy banana edilip, Hind okeanyndaky başga bir iñlis koloniýasy Mawrikiý adasyna getirildi.[14]
Mawrikide onuñ bilen geçirilen bir interwýuda şa «Bu ýerde bolmak meniñ üçin zyndanda oturmak bilen, ýaşap ýörkäm ölmek bilen deñ» diýipdir.[15]

Ryza şa Pehlewininiñ Ýohannesburga sürgün edilmegi, 1944-nji ýyl
Mawrikide maşgalasy bilen geçiren dokuz aýlyk sürgünden soñ Kanada ugradylmak makul bilindi, emma soñky minutda has ynamly ýer hasaplanan Günorta Afrika ugradyldy.
Ýohannesburgda özüne we maşgalasyna berlen jaýda ýaşady. Ol ýerde gam-gussadan we kynçylykdan gözi açylmady. Şa doglup-ösen Eýranyndan juda alyslarda, 1944-nji ýylyñ 26-njy iýulynda Ýohannesburgdaky öýünde aradan çykdy. Ryza Pehlewiniñ meýdi mumyýalanyp, ençeme ýyllap Müsüriñ «Ryfaýy» metjidinde saklandy.

Ýohannesburgda ömrüniñ soñky günlerini ýaşan Ryza şa Pehlewi ýüregagyrydan aradan çykdy. Onuñ jesedi mumyýalanyp, hormatyna gurnalan jynaza dabarasynyñ geçirilen ýeri Müsüre ugradyldy. Alty ýyldan soñ jesedi Eýrana getirildi we Reý şäheriniñ golaýyndaky kümmetde jaýlandy.
Jesedi ogly Muhammet şanyñ görkezmesi bilen 1950-njy ýylda Eýranyñ Reý şäherinde gurlan kümmetde jaýlandy.[16] Emma 1979-njy ýylyñ Eýran Rewolýusiýasyndan soñ Ryza şanyñ kümmeti Anatolia Homeýniniñ buýrugy bilen ýykyldy.
• Bellikler
[1] Majd, Mohammad Gholi. 2001. Great Britain & Reza Shah: the plunder of Iran, 1921-1941. Gainesville: Univ. Press of Florida.
[2] Hoveyda, F. (1980). The fall of the Shah. New York: Wyndham Books.
[3] Mackey, S. (1996). The Iranians: Persia, Islam, and the soul of a nation. New York: Dutton
[4] Abrahamian, E. (2008). A history of modern Iran. Cambridge, UK: Cambridge University Press.
[5] The Christian Express. 1 January 1880, The Evangelical Church of Persia, s.6
[6] The Rhodesia Herald. Salisbury, 30 December 1910, Britian and Persia, s. 20
[7] Buluwayo Chronicle. 6 November 1915 Turkey, German and Persia. s. 9
[8] The Rhodesia Herald. 21 May 1920, British in Persia. s.9
[9] Kapuściński, R. (2006). Shah of Shahs. London: Penguin.
[10] Ansari, A.M. (2003). Modern Iran since 1921: The Pahlavis and after. London: Pearson Education.
[11] Alam, A., & Alikhani, A. (2008). The Shah and I: The confidential diary of Iran’s Royal Court, 1969-77. London: I.B. Tauris.
[12] Keddie, N.R., Richard, Y., & Keddie, N.R. (2006). Modern Iran: Roots and results of revolution. New Haven [Conn.: Yale University Press.
[13] Bakhash, S. (March 03, 2016). Britain and the abdication of Reza Shah. Middle Eastern Studies, 52, 2, 318-334.
[14] Lumbard, J.E.B. (2004). Islam, fundamentalism, and the betrayal of tradition: Essays by Western Muslim scholars. Bloomington, Ind: World Wisdom.
[15] Bakhash, Shaul. 2019. «‘This is a Prison… A Death in Life’: Reza Shah’s troubled exile on the Island of Mauritius». Middle Eastern Studies. 55 (1): 127-140.
[16] Bakhash, S. (January 02, 2019). ‘This is a Prison… A Death in Life’: Reza Shah’s troubled exile on the Island of Mauritius. Middle Eastern Studies, 55, 1, 127-140.
Dr. Halim GENÇOGLY,
Keýptaun uniwersitetiniñ Afrika boýunça barlaglar bölüminiñ ylmy-barlagçysy.
Penşenbe, 23.12.2021 ý. Taryhy makalalar