|

500 ýyllap Käbäni goran aždarhanyñ rowaýaty

500 ýyllap Käbäni goran aždarhanyñ rowaýaty 500 ÝYLLAP KÄBÄNI GORAN AŽDARHANYÑ ROWAÝATY

500 ýyllap Käbäni goran aždarhanyñ rowaýaty

Kanuny Soltan Süleýmanyñ aždarha motiwli ýatagany

Döwlet dileseñ humaýdan iste,
Genji-kän isteseñ aždarhadan iste.
(Fizuly)

Fizulynyñ «Leýli-Mežnun» poemasynda geçýän bu setiri «Käbäni 500 ýyllap goran aždarha» rowaýatyna yşarat edýär.
Bu ýazgynyñ dowamynda okajak rowaýatyñyzyñ birinji bölegi hazyna goraýjy aždarha bilen baglanyşykly bolsa, ikinji bölegi guşuñ kureýşlilere nesibeleriniñ şowlandygyny görkezmegi bilen baglanyşykly.

• Aždarhalar

Aždarhalar dürli medeniýetlerde ganatly, ganatsyz, dört aýakly süýreniji, ýylan ýaly dürli formalarda şekillendirilen mifiki jandarlardyr.
Suwda, gury ýerde ýa-da howada ýaşap bilýän ažarhalar uly ýylanyñ, krokodiliñ, hažžygyñ ýa-da ýyrtyjy guşyñ sypatynda berlipdir.

500 ýyllap Käbäni goran aždarhanyñ rowaýaty

Firdöwsiniñ «Şanamasynda» Ispendiýar aždarhany öldürip durka

Ýakyn Gündogarda bolsa aždarha äpet ýylan görnüşinde şekillendirilýär. Arap sözlüklerinde-de aždarha şolar ýaly görnüşde gabat gelýär. Mysal üçin, Muhammet ibn Ebu Bekir er-Razi (aradan çykan wagty 1268-nji ýyldan soñ) aždarhany ýylanyñ äpet görnüşi hökmünde sypatlandyrýar.

• Hazyna goraýjylygy

Aždarhalaryñ tapawutlanýan taraplarynyñ birem hazyna goraýanlygydyr. Deñizlerde ýa-da gury ýerde hazynalaryñ goragçysy hasaplanýan aždarhalar hakda köp sanly hekaýatlar bar.
Şol hekaýatlaryñ birem Käbäniñ aşagynda saklanýandygy aýdylýan hazyna (خِزَانَةِ الْكَعْبَةِ) hakdadyr.
Guýa salnyp saklanýan hazyna dürli jowahyrlardan we gymmatbahaly daşlardan ybarat eken.
Aýtmaklaryna görä, yslamdan öñ birtopar adam şol hazynany ogurlamaga synanşypdyr.

500 ýyllap Käbäni goran aždarhanyñ rowaýaty

Jizräniñ Uly metjidinde aždarha motiwli gapynyñ tokmagy

• 500 ýyllap Käbäni goran aždarhanyñ rowaýaty

Ogurlyk synanşygy aždarha hekaýatynyñam başlangyjyny emele getiripdir.
Taryhçy Ezraki (aradan çykan wagtynyñ 864-nji ýyldygy çaklanýar) «Ahbâru Mekke» atly eserinde ogurlyga synanşyk hakda Allanyñ «arkasy gara, garny ak, owlak kelleli ýylany» ugradandygyny we onuñ 500 ýyllap Käbäni gorap saklandygyny aýdýar.
«Kim erbet niýet bilen ýanaşsa, heläk boldy. Käbede duran zady ogurlamaga hiç kimiñ bogny ysmady».
(«Ahbâru Mekke», 87)

Adamlar tarapyndan her gün esewan edilýän aždarha gündizlerine daşaryk çykyp, gijelerine hinine çekilýärdi.

500 ýyllap Käbäni goran aždarhanyñ rowaýaty

Hezreti Alyny aždarha bilen urşup durka şekillendirýän miniatýura

Ýüzlerçe ýyllaryñ dowamynda Käbäniñ hazynasyny gorap saklan aždarha şol sanda Käbä zyýan berilmeginiñem öñüni alýardy.
Hekaýatyñ soñky böleginde nesibäniñ nädip kureýşlileriñ haýryna çüwüşi gürrüñ berilýär.
Bir gün kureýş taýpasy Käbäni abatlajak bolanlarynda, goragçy aždarha binany ýykjak bolýandylar öýdüp olara ýol bermeýär. Şonuñ üçin kureýşliler Hudaýa Käbäni abatlamaga rugsat bermegi üçin doga edýärler.
Yzyndan «arkasy gara, garny ak, aýaklary altynsöw» bir guş gelip aždarhany alyp gidýär.

500 ýyllap Käbäni goran aždarhanyñ rowaýaty

• Aždarha simwol hökmünde

«The Dragon in Medieval East Christian and Islamic Art» atly kitabyñ awtory Sara Kuen aždarhanyñ özgerişi we geçiş döwürlerini simwolizirleýändigini nygtaýar.
Şuny esas edip alanymyzda, Mekgede kureýş döwrüniñ başlangyjy aždarha hekaýaty bilen simwolizirlenýär.
Hekaýatyñ ahyrynda kureýşiñ dogasy bilen bir guşuñ uçup gelip, aždarhany alyp gitmegi-de täze döwrüñ başlandygyny habar berýär.

500 ýyllap Käbäni goran aždarhanyñ rowaýaty

«Görogly» eposynyñ «Göroglynyñ öýlenişi» şahasynda Göroglynyñ Agaýunusy almaga gidende aždarha bilen tutluşygyny şekillendirýän surat / «Görogly», «Türkmenistan» neşirýaty, Aşgabat-1990 ý. Suratçy W.Kogdin
500 ýyllap Käbäni goran aždarhanyñ rowaýaty

Şeýdaýynyñ «Gül-Senuber» dessanynyñ sahaby / Senuber ýoluny kesen aždarha garşy söweşýär

• Çeşmeler:

— al-Rawi, Ahmed K.. «The Religious Connotation of the Islamic Dragon» Fabula, vol. 53, no. 1-2, 2012, 82-93.
— Muhammed b. Abdullah el-Ezrakī, Aḫbâru Mekke ve mâ câʾe fîhâ mine’l-âs̱âr (nşr. Rüşdî Sâlih Melhas), I-II, Beyrut 1399/1979.
— Kuehn, Sara (2011), «The Dragon in Medieval East Christian and Islamic Art», Brill.

Ömerjan KAÇAR / @beskuvalefendi

Ýekşenbe, 28.08.2022 ý. Mistika we fantastika

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle