Hormatly Prezidentimiziñ ýaşlara sargytlary
Hormatly Prezidentimiziñ ýaşlara sargytlary
HORMATLY PREZIDENTIMIZIÑ ÝAŞLARA SARGYTLARY
■ Watan her bir ynsan üçin ýokary gymmatlykdyr.
■ Ylym-bilim biziñ ähli ösüşlerimiziñ binýady bolup durýar.
■ Gujur-gaýratyny we ukyp-başarnygyny döredijilige bagyş etjek ýaşlarymyz ylmy açyşlaryny Berkarar döwletimiziñ dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny, at-abraýyny mundan beýläk-de beýgeltmäge, mähriban halkymyzyñ bagtyýar geljegini üpjün etmäge gönükdirmelidirler.
■ Kalbynda berkarar döwletimize buýsanç duýgulary joş urýan bagtyýar ýaşlarymyzyñ Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanynyzyñ beýik geljegi üçin gujur-gaýratyny, ukyp-başarnygyny gaýgyrman, ak ýürekden, arassa we halal zähmet çekjekdigine berk ynanýaryn!
■ Bedew bady bilen öñe barýan halkymyzyñ agzybirliginiñ, buýsanjynyñ, ruhy joşgunynyñ, döredijilik ylhamynyñ esasy gözbaşy milli mirasymyzdyr.
■ Türkmen zenanlarynyñ çeper elleri, uz barmaklarynyñ gudraty bilen döredilen halylarymyz halkymyzyñ dünýäde ykrar edilen ajaýyp sungatydyr.
■ Biziñ döwlet syýasatymyz beýik maksada ~ Türkmenistany syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösen döwletleriñ hataryna goşmaga, halkymyzyñ ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga, döwletimiziñ we jemgyýetimiziñ demokratik esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
■ Biziñ ýaşlarymyz giñ añ-düşünjesi, ylym-bilimi, eziz Diýarymyza we mähriban halkymyza egsilmez söýgüsi hem-de buýsanjy bilen ata Watanymyzyñ at-abraýyny, mertebesini we şan-şöhratyny has-da beýgeltmelidir!
■ Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyñ beýik geljeginiñ, halkymyzyñ we adamzadyñ bagtyýarlygynyñ, dünýäde parahatçylygyñ hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmek uly mertebedir.
■ Biziñ ýokary depginler bilen ösýän Garaşsyz döwletimiziñ iñ gymmatly hazynasy adamdyr.
■ Ýokary hilli bilim almak, hünär öwrenmek, jemgyýetiñ durmuşyna işjeñ gatnaşmaga taýýar bolmak her bir adam üçin uly bagtdyr.
■ Ylym adamyñ dünýägaraýşyny we durmuşyny özgerdýän, oña täsir edýän hakyky baýlykdyr.
■ Biziñ watançy, zähmetsöýer, maksada okgunly, ýokary ahlakly we bagtyýar nesillerimiz okuwda, döredijilikli zähmetde öz ähli gujur-gaýratyny we başarnygyny, ukyp-zehinini berkarar Watanymyzyñ gülläp ösmegine bagyş etmelidir.
■ Gadymy döwürlerden bäri biziñ halkymyz beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge örän möhüm ähmiýet beripdir.
■ Ynsanperwerlik, agzybirlik, haýyr-sahawatlylyk, akýüreklilik, lebzihallalyk, zähmetsöýerlik, ulyny sylamak, ruhy we ahlak taýdan arassalyk, baý milli medeniýete eýe bolmak biziñ halkymyzyñ asyrlaryñ dowamynda kemala gelen durmuş kadalarydyr.
■ Adamyñ sarpasy we mertebesi onuñ çekýän zähmetine görä kesgitlenýär.
■ Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir adam bütin ömrüniñ dowamynda yhlas bilen yzygiderli zähmet çekmelidir.
■ Dogruçyl, akgöwünli, hoşniýetli, zähmetsöýer we watançy bolmak, goý, biziñ ýaşlarymyzyñ baş ýörelgesine öwrülsin!
■ Berkarar Watanymyzyñ ýaş raýatlarynyñ öz mukaddes borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirmegi üçin sagdyn durmuş kadalaryna eýerjekdiklerine, ylymly-bilimli adamlar bolyp ýetişjekdiklerine, eziz Diýarymyzyñ gülläp ösmeginiñ hatyrasyna gujur-gaýratyny aýaman, yhlas bilen zähmet çekjekdiklerine men berk ynanýaryn!
■ Ýurdumyzyñ yzygiderli ösmeginiñ esasy şerti agzybirlik hem-de asudalykdyr.
■ Bilim almak we döredijilikli zähmet çekmek, eziz Watanymyzyñ gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak, abadan we bagtyýar durmuşyñ hatyrasyna barha kämilleşmek, başarnykly we tutanýerli bolmak ýaşlaryñ öñünde duran esasy wezipelerdir!
■ Ynsan üçin Watandan beýik mukaddeslik, Watandan beýik gymmatlyk ýokdur!
■ Goý, biziñ watançy nesillerimiz agzybirligiñ, bitewiligiñ we pähim-parasadyñ esaslaryny düzýän ajaýyp maşgala däplerini we milli kadalary yzygiderli dowam etsinler! Beýik geljegimiz bolan ýaşlarymyz milli mirasymyza sarpa goýsunlar, taryhy, medeni-ruhy baýlyklarymyzy gorap saklasynlar, dünýä ýaýsynlar!
■ Eziz Watana söýgi, mertlik we edermenlik biziñ halkymyzyñ müñýyllyklardan gaýdýan parasatly wesýetleriniñ gözbaşydyr. Watany söýmegiñ we goramagyñ hatyrasyna gahrymançylygyñ müdimilik nusgalaryny döreden merdana ata-babalarymyzyñ häzirki nesilleri berkarar döwletimiziñ öñündäki öz mukaddes borjuny abraý bilen berjaú etmelidir!
■ Halkymyzyñ bitewi milli-medeni gymmatlyklaryny gorap saklamak, öwrenmek, ösdürmek, dünýä türkmenleri bilen ylym, bilim we medeni ugurlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de ýygjamlaşdyrmak biziñ hoşniýetli syýasatymyzda ileri tutulýan ugurlaryñ biridir.
#nesil_2016
Sözler