Mukam mülküniñ bagbany
Mukam mülküniñ bagbany
MUKAM MÜLKÜNIÑ BAGBANY
■ Akkordeonly aýdymçy
Ol hakynda, onuñ aýdym-sazlary hakynda 60-70-nji ýyllaryñ nesli has anyk aýdyp biler. Men onuñ özüni has ýakyndan tanaýanlygym, döredijiligine-de beletligim üçin turuwbaşdan bir zady nygtamakçy. Ol-da, ussat kompozitoryñ döreden-u-ýerine ýetiren aýdym-sazlarynyñ şol ýyllaryñ durmuşyna özboluşly bezeg berendigi belli. Onuñ aýdym-sazlaryna aýratynam ýaşlar aşykdy. Diýarymyzyñ çar künjünde onuñ mylaýym owazynh diñlemedik ýokdur.
Ol diýýänim "akkordeonly aýdymçy" diýen at bilen abraýy çar ýana ýaýran ussat kompozitor, Türkmenistanyñ Halk artisti Mämi Çaryýew.
■ Aýdym-saz türkmeniñ ganynda ýaşaýar
Türkmeniñ bihal zady ýok. Biz muña Garaşsyz il bolup, Bitarap ýurt bolup düşündik. Türkmeniñ medeniýetiniñ, taryhynyñ beýikligine akyl ýetirişimiz ýaly, saz mukamymyzyñ hem umman ýaly giñdigine, derýa kimin batlydygyna buýsanýarys.
Ilimiz şeýle aýdym-saz hazynasyny döredenleriñ hemişe sarpasyny belent tutup gelipdi.
Geçmişde-de halkymyzyñ öte mukamsöýer bolandygyny hatda özge ýurtlaram inkär edenok. Çünki, aýdym-saz türkmeniñ ganynda ýaşaýar. Türkmen ilinde bagşy bolup, saz ussady bolup ýaşamak ~ mertebe eýesi bolmagyñ hut özi. Bu bagtdan kompozitor Mämi Çaryýew hem ýetdik paýyny alan ussat.
■ Mämi Çaryýew kim?
…Halk içinde "akkordeonly aýdymçy" diýen at bilen tanalýan Mämi Çaryýew 1940-njy ýylyñ 12-nji ýanwarynda Baýramalynyñ Ýalkym obasynda dogulýar. Ol 1956-njy ýylda respublikan gözden geçirilişinde çykyş edip, A.Gulmämmedow, M.Kulyýewa, D.Öwezow, G.Japarow, A.Esadow ýaly ussatlaryñ uly bahasyna mynasyp bolýar. Şonda kompozitor Dañatar Öwezow ýaş aýdymça sazçylyk uçilişesine okuwa girmegi maslahat berýär. Mämi Çaryýew 1960-njy ýylda Aşgabatdaky sazçylyk uçilişesini tamamlap, Moskwadaky medeniýet institutynyñ hor dirižýorlaryny taýýarlaýan bölümine okuwa girýär. Okuwyny üstünlikli tamamlap, ol Türkmenistana dolanýar.
Mämi Çaryýew zähmet ýoluna Marydaky halk döredijiligi öýüniñ hor boýunça metodisti kärinden başlaýar. Onuñ döreden hor topary 1960-njy ýylda gözden geçirilişde öñ at bilen çykyş edip birinji orna mynasyp bolýar. Haçanda Marynyñ Kemine adyndaky drama teatrynda işläp ýörkä, ol "Murgap owazlary" atly estrada toparyny esaslandyrýar. Bu ansambl öz döwründe uly üstünlige eýe bolupdy. Onuñ repertuarynda türkmen, özbek; azerbaýjan, garagalpak aýdym-sazlary bardy. "Murgap owazlarynyñ" sesi okuwçylaryñ, işçileriñ, daýhanlaryñ, çopanlaryñ arasynda, garaz, ýurduñ çar künjeginde hezil edilip diñlenilýärdi. Ol durmuş toýlarynyñ hem bezegidi. Mämi soñ Mary welaýat filarmoniýasynyñ çeper ýolbaşçysy hem direktory, Türkmenistanyñ saz jemgyýetiniñ başlygynyñ orunbasary bolup işleýär. Ondan soñky on ýylyñ dowamynda bolsa, M.Täçmyradow adyndaky Türkmen döwlet filarmoniýasynyñ çeper ýolbaşçysy hem direktory bolup işledi.
■ Türkmen estradasynyñ aksakaly
Ellinji we altmyşynjy ýyllaryñ sepgidi türkmen aýdym-saz sungatynda estrada görnüşiniñ dörän döwrüdir. Bu görnüşiñ il içinde uly söýgä eýe bolmagynda ummasyz köp zähmet siñdirenleriñ hatarynda kompozitor Mämi Çaryýewe aýratyn orun degişli. Has dogrusy, ol ilkinji bolup akkordeon saz guralynda saz çalyp, aýdym aýdyp başlady. Belli kompozitor Çary Nurymow onuñ täze başlangyjyna syny oturyp, şeýle diýipdi: "Türkmen halk aýdym-sazlary bilen täze estrada sazlarynyñ arasyndaky köpri".
Türkmenistanyñ Halk artisti, aýdymçy Gülşirin Alyjanowanyñ ýerlikli belleýşi ýaly, ýaş aýdymçynyñ bu şowly başlangyjy türkmen aýdym-saz sungatynda estrada ýolunyñ gözbaşynda durýar. Şol ýyllar Annaberdi Atdanowyñ, Öwezgeldi Tekäýewiñ halk söýgüsini gazanan aýdymlary bilen birlikde, Mämi Çaryýewiñ hem "Toýuma gel, toýuma", "Pagta ýygýan maşynyma" ýaly aýdymlary tüýs ilhalar aýdymlara öwrülipdi. Üç ussadyñ aýdym-sazlaryna diñe bir ýurdumyzyñ we ozalky soýuzyñ çäklerinde däl, eýsem daşary ýurtlarda-da el çarpýardylar.
Mämi hem Ýer togalagynyñ 30 töweregi ýurdunda bolup, türkmeniñ aýdym-saz sungatynyñ şöhratyny arşa göterdi. Onuñ ýakymly sesini Bolgariýa, Daniýa, Liwiýa, Aziýa ýaly ýurtlarda, Arabystanda we Afrikada diñlediler. Şeýle hyzmatlary üçin oña "Türkmenistanyñ at gazanan medeniýet işgäri", "Türkmenistanyñ Halk artisti" diýen hormatly atlar dakyldy. Kompozitor 1996-njy ýylda "Watana bolan söýgüsi üçin" diýen medal bilen sylaglanyldy.
■ Kämillige uzalan ýollar
Kompozitor hem aýdymçy Mämi Çaryýew türkmen professional aýdym-saz äleminde iñ bir öndümli işlän we işleýän adam hökmünde tanalýar. Ol segsenden agdyk aýdym-sazyñ hem awtorydyr. Dürli temalardan döredilen hem bolsa, onuñ eserlerinde, esasan, Watana, ene topraga perzentlik söýgüsi, halal zähmetiñ waspy ýañlanýar. Kompozitoryñ bütin döredijiligi durmuşy, adamlary, tebigatyñ hem ýaşaýşyñ gözelligini wasp edýär. Mämi Çaryýewiñ saz äleminde şatlyk, bagtyýarlyk, geljege bimöçber ynam duýgulary gaýnap joşýar. Saz muşdaklarynyñ nämüçin düýnem, şu günem teşne bolýandygynyñ syry hem şundadyr. Çünki Mämi Çarynyñ çeşme kibi dury hem joşgunly aýdym-sazlary diñleýjini birjigem gussa batyrmaýar, tersine, onuñ göwnüni galkyndyryp, ruhuna ruh goşýar. Kompozitor gam-gussany ret edýär, "Seret, ýaşamak neneñsi uly bagt. Şeýle bagtyñ gadyryny bil" diýýär, adamlary ynsanperwerlige, bir-birege mähremlige, dünýädäki iñ gowy tutumlara çagyrýar.
Mäminiñ döredijiligi tema jähtden hem alanyñda, köpgyrañlydyr. Onuñ söýgi temasyndan döreden "Ýadyñda dälmi?", "Türkmen gözeli", "Näzlim", "Gözleriñ" diýen aýdymlary, dürli temalardan "Toýuma gel, toýuma", "Pagta ýygýan maşynyma", "Palaw hakynda aýdym", "Sapar çaýçy", "Gül çagajyk" ýaly onlarça aýdymlary diñleýjileriñ hemişelik hemrasy boldy. Häzirki güne çenli Mämi Çaryýewiñ aýdan aýdymlarynyñ 50-denem agdygynyñ ýazgysy radionyñ üsti bilen aýdym-saz muşdaklaryna eşitdirilýär. Telewideniýäniñ aýdym-saz hazynasynda-da bu ussadyñ aýdan aýdymlarynyñ üç sagatlyga gokaýlaýan wideoýazgylary saklanylýar we teletomaşaçylaryñ dykgatyna ýetirilip durulýar. Aýdýan aýdymlarynyñ gramplastinkalarynyñ, döreden aýdymlarynyñ özbaşdak ýygyndylarynyñ ençeme gezek çykarylandygy hem bularyñ üstesine.
■ Ylhamlara ganat bekleden Garaşsyzlyk
Garaşsyzlyk zamanasynyñ tenekar şemaly ussat aýdymçy kompozitoryñ hem döredijilik ylhamyma ganat bekledi. Ol mukaddes ýurt Garaşsyzlygyna, Saparmyrat Türkmenbaşa bolan buýsanjyny ajaýyp aýdym-sazlarynyñ üsti bilen halkymyza ýetirdi. Ol şahyrlarymyzyñ goşgularyna "Alkyş saña, Serdarym", "Galkyn, türkmenim", "Serdaryñ ýüregi", "Serdaryñ heýkeli", "Türkmenbaşynyñ binýady" ýaly onlarça aýdym-sazlary döretdi.
Biz bu ýazgylarymyzy uly sungat ussady, kiçi göwünli, mährem ynsan Mämi Çaryýewe bagyşlap ýazan goşgy setirlerimiz bilen jemlemekçi:
Mahmal labzyñ bilen başlanda nama,
Aşyk gözi magşuk halynda, Mämi.
Aýdymyñ gudratyn deñärsiñ nämä? —
Hemme maýyl sag-u-soluñda, Mämi.
Mydam özüñ tutup sadadan-sada,
Aýdym bilen ýetdiñ abraýa-ada,
Dagdan beýik hormat goýup ussada,
Eserdeñ ätleýäñ ýoluñda, Mämi.
Ýaz ýaly sen, degişmäñ bar, şortañ bar,
Ilde uly yzzatyñ bar, sarpañ bar,
Bu günüñden hasam belent ertäñ bar,
Erkana ýüz sungat salynda, Mämi!
Hemra HUDAÝGULYÝEW.
____________________________________________
Bellik: makala kem-käsleýin gysgaldylyp alyndy.
Aýdym-saz sungaty