| |

Esasy zat ýa-da gara gapy / satiriki hekaýa

Esasy zat ýa-da gara gapy / satiriki hekaýa ESASY ZAT ÝA-DA GARA GAPY

Esasy zat ýa-da gara gapy / satiriki hekaýa

Mebel, her dürli öý goşlary satylýan magazine bardym. Onuň direktory tanşymdy.
― Maňa bir düşek gerekdi ― diýip, tanşyma ýüzlendim. Ol:
― Beýleden, howly tarapdan gel ― diýip çalaja pyşyrdady. Men, diýlişi ýaly, «gara gapydan» geldim. Direktor bilen küde-küde halylaryň üstünde oturyp, şeýle äheňde gürrüň etdik:
― Ýeri, han ogul, men saňa birje haly berdimem-dä diýeli, onsoň näme?
― Onsoň men ony düýrlärin-de…
― Bar, düýrlediňem diýeli, yzyny aýt, yzyny…
― Yzyny aýtsam, haltamajyk salaryn…
― Ýeri, haltaňa saldyňam-da, soňunyň juk-juky näme?
― Soňunyň juk-juky, elimi kisäme sokaryn-da…
― Ýeri, ýeri, aýdyber, çekinmedejik aýdyber, onsoň?
― Onsoň, halynyň döwlet bahasyny kassa tölärin.
― Hawa, özüň-ä esasy zada golaýlaşýaň, onsoň näme?
― Onsoň içi halyly haltany arkama hop edip alaryn-da…
― Be, nähili, neneňsi bolaýdaý, ýeri onsoň?..
― Onsoň, «Sakawyň soňuna seret» diýipdirler.
― Haý, molodes, onsoň näme?
― Onsoňam bir etsem-petsemim bardyr.
― Berekella, berekella, ine müşteri diýibem saňa aýdaýsaň. Soňunyň «hežoldysyny» aýt-da gutaraý.
― Aýtsam, haltamy arkama hopba edip, işige tarap…
― Dur, dur, şu ýerde esasy zat ýatdan çykdy.
― Be, men nämäni ýatdan çykardymkam?!
― Oňatja pikir et, esasy zat ýatdan çykdy.
― Ýok, haltam bilen halymy-ha aldym. Indi näme? Ýatdan çykan zat ýok.
― Iki egniň üstündäki şlýapa geýmek üçinmi ýa?.. ― diýip, direktor meniň kelläme pitikledi-de, esasy zat ýatdan çykdy, esasy zat ― diýip, gaharyndan ýaňa titir-titir edip, çilimini otlady. Menem kellämi tutan bolup:
― Puluny kassa töledim, çekini satyja berdim ahyry ― diýdim.
― Ýak, walla, her hili berebekgeý, iki aýakly mahluk şindem baraý. Ýeri, şular ýaly düşünjesiz adamlar bilen nädip eşretli güne ýetjek diýsene ― diýip, direktor gyzyl dişlerini syrtartdy. Soňra ol:
― Han ogul, esasy zat hakydaňa gelýänçä git-de, gezmeläp geliber ― diýip, «gara gapa» tarap elini uzatdy.
Men bagda, gülleriň arasynda birsalym arassa howadan dem alyp gezdim. Ine, birdenem esasy zar güpbe ýadyma düşäýdi. Aldyrany bar ýaly bolup, ýene-de «gara gapydan» girdim.
― Hojaýyn, hojaýyn, indi maňa halynyň gowusyny berip bilersiň, men esasy zady bildim ― diýip, demim-demime ýetmän aýtdym.
― Halal saňa, berekella, geregiň haly bolsun, arka ýüzüne geçeni gerekmi, burnuň gany ýaly gyzyly gerekmi, ýüzüňi ýetirin ― diýip, direktor meni oňat garşy aldy. Ahyrky bir otagyna eltip, şokolad bilen konýak hödür etdi. Demimi mazaly dürsämsoň, ol maňa:
― Dostum, esasy zadyň nämedigini bilen bolsaň bize-de aýt-da ― diýip, mylaýymlyk bilen ýüzlendi.
― Ýoldaş direktor, esasy zad-a sag bolsun ekeni. Şony unudaýypdyryn, bagyşlaň ― diýdim.
― Ol-a şeýle weli, ýöne esasy zat, meniň pikirimçe… aý, iň gowusy, sen indiki bazar güni jygyldyga baraýsana. Şol ýerde «sag bolsuna» gowy halylar berilýämiş ― diýdi-de, direktor maňa «gara gapyny» görkezdi.

Gurbangylyç HYDYROW. Satiriki hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle