Deñiz oýlanmasy
Deñiz oýlanmasy
Suwuň aşagynda ýatyr niçeme,
Niçeme, niçeme adam jesedi.
Ýok sany-sajagy gark bolanlaryň,
Gadym döwrüň pilmahmydy, esedi…
Kim bilipdir gark bolanyň sanyny,
Deňiz tolkunlary gözýaşdyr meger.
Niçe heňňam ötüripsiň başyňdan,
Deňiz saňa ömür başym egerem.
Deňiz düýbi gonamçylyk durşuna,
Suw perisi aglaýandyr muň üçin.
Kelleçanagyndan suw içen balyk,
Akula, kit bolup deňizi guçýar.
Serkerdeler, gullar, baýlar… barysy,
Merd-u – namart ýatyr deňiz astynda.
Jan beren bar dänesine merjeniň,
Gezeni kän bir-biregiň kastynda.
Kenarda ýalaňaç ýatanlarmyzyň
Serinde däl gark bolanyň ünjüsi.
Gark bolanlar bilen ýatyr deňizde
Dür dänesi, merjen, göwher hünjüsi.
17.10.2020. Goşgular