|

Kiçijik garynja ulyja öwgi

Kiçijik garynja ulyja öwgi KIÇIJIK GARYNJA ULYJA ÖWÜT

Uzyn öň aýakda gaşanyşlaryn,
Gybyrdaşyp azyk daşaýyşlaryn,
Kän synladym garynjalaň hinlerin,
Olaň durmuşlaryn, ýaşaýyşlaryn.

Aladasy hemmesiniň gyşdyr, gaý,
Hemme bir dek eklenç üçin başagaý.
Duýulmaýar ýaltalyk ýa gedemlik,
Ähtimal, bir-birne mährem, hoşamaý.

Agzybirligiň-ä gory bularda,
Zähmetsöýerligňem bary bularda.
Megerem ýok bärde göwne degmeklik,
Käteler bolýan zat biz adamlarda.

Borç, wezipe barly her birlerinde,
Düzgün ýola goýlan çuň hinlerinde.
Bereket hem bolaýmalydyr hökman,
Köpüň bile halal işlän ýerinde.

…Mähir, duýgy küýsän gamly günlerim,
Höwes etdim garynjalaň hinlerin.

2018 ý.

***

Çet ýurtda okaýan ogul-gyzyna,
Synlap sowalga-harç geçiriş däbin,
Ogluna garanda köp puly gyza,
Ibermegniň soranmyşlar sebäbin.

Jogap beren şonda şol dana kişi:
“Zaýalap bilýändir ýigidi dokluk,
gyz-gelnem ýokluk”.

2022 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle