|

Taryh kitaplaryny gaýtadan ýazmaly bolar-2: Belli bolmadyk taryhy ösüşleriñ yzlary ýüze çykaryldy

Taryh kitaplaryny gaýtadan ýazmaly bolar-2: Belli bolmadyk taryhy ösüşleriñ yzlary ýüze çykaryldy

TARYH KITAPLARYNY GAÝTADAN ÝAZMALY BOLAR…

▶ Belli bolmadyk taryhy ösüşleriñ yzlary ýüze çykaryldy.

Russiýaly we amerikaly gazuw-agtaryş işlerini geçirijiler 4.000 ýyl gowrak wagt mundan ozal Merkezi Aziýanyñ gülläp ösen gadymy siwilizasiýasyny tapandyklaryny aýdýarlar. Ýöne ol taryhyñ belli bir döwründe pese gaçypdyr. Häzirki Türkmenistanda ýüze çykan şu günki güne çenli belli bolmadyk siwilizasiýanyñ gazananlary baradaky subutnamalar ozalky SSSR-iñ gazuw-agtaryş işlerini geçirenleriñ ygtyýaryna düşüpdi.
"Sowuk uruş" döwri tamamlanandan soñ amerikan alymlary rus alymlaryna goşuldy.  Adaty işleriñ geçirilýän mahalynda barlagçylar ýüzi solan ýazgyny ýüze çykardylar. Munuñ özi hem belli bolmadyk gadymy jemgyýetiñ özüniñ ýazuwynyñ bolandygyny ýa-da biziñ eýýamymyzdan ozalky 2300-nji ýylda şunuñ ýaly ýazuwy döretmäge synanyşyk edilendigini çak etmäge mümkinçilik berýär.
Bu adamlaryñ nähili garaýşynyñ bardygy, olaryñ öz-özlerini nähili atlandyrandygy barada häzire çenli hiç zat belli däl. Ýöne alymlar gadymy siwilizasiýanyñ wekilleri obalary döredipdirler, çig kerpiçden ýaşaýyş jaýlaryny gurupdyrlar diýip anykladylar.
Olar oba hojalygy bilen meşgullanypdyr diýip çaklamaga esas bar, olaryñ küýzegärlik bilen hem meşgullanandygy anyklandy. Olar bürünçden ýarag ýasapdyrlar hem-de altyndan we beýleki daşlardan şaý-sepler ýasapdyrlar.
Gazuw-agtaryş işleriniñ netijeleri hem-de gazuw-agtaryş işlerini alyp barýanlara mälim bolan maglumatlar entek doly däl. Ýöne alymlar taryhçylaryñ gadymy dünýäniñ taryhy baradaky okuw kitaplaryny gaýtadan ýazmaly bolsalar gerek diýip hasap edýärler.

# rambler_media

"RAMBLER" MEDIA habarlar agentliginiñ internet saýtyndaky materialdan
"Türkmendöwlethabarlary" gullugunyñ taýýarlan maglumaty.

Taryhy makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle